Esasy materiala geçiň

Perişdeler kim?

Perişdeler kim?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 «Perişdeler» diýlende, adamlardan has güýçli we ukyply şahsyýetler döz öňünde tutulýar (2 Petrus 2:11). Olar gökde ýa-da biziň planetamyzyň daşynda ruhy sferada ýaşaýarlar (1 Patyşalar 8:27; Ýahýa 6:38). Olara ruhy şahsyýetler hem diýilýär (1 Patyşalar 22:21; Zebur 18:10).

Perişdeler nädip peýda boldy?

 Hudaý perişdeleri Isa pygamber arkaly ýaratdy. Ýazgylarda oňa: «Ähli ýaradylan zatlaryň ilkinjisi» diýilýär. Hudaýyň ähli zatlary we şol sanda perişdeleri Isa arkaly ýaradandygy barada Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ähli zatlar, ýagny gökde ýa ýerde bolsun, görünýän we görünmeýän zatlar... ol (Isa) arkaly ýaradyldy» (Koloslylar 1:13—17). Perişdeler durmuş gurmaýarlar we çaga dogurmaýarlar (Markus 12:25). Hudaýyň ogullary diýip atlandyrylýan perişdeleriň her biri aýratynlykda ýaradylan (Eýýup 1:6).

 Perişdeler ýer şary döredilmezinden has öň ýaradyldy. Hudaý ýer ýüzüni ýaradanda, perişdeler «begenjinden gygyryşdylar» (Eýýup 38:4—7).

Perişdeleriň sany näçe?

 Mukaddes Kitapda olaryň anyk sany aýdylmaýar. Ýöne olaryň juda köpdügini bilse bolýar. Meselem, Ýahýa resul görnüşde millionlarça perişdeleri görýär (Ylham 5:11).

Perişdeleriň ady barmy?

 Hawa. Mukaddes Kitapda iki perişdäniň ady agzalýar: Mikaýyl we Jebraýyl (Danyýar 12:1; Luka 1:26) a. Beýleki perişdeleriň hem atlary bar, emma olar öz adyny aýan etmediler (1 Musa 32:29; Serdarlar 13:17, 18).

 Her perişdäniň özüne mahsus häsiýeti bar. Olar bir-biri bilen gatnaşyk saklaýarlar (1 Korinfliler 13:1). Şeýle-de olaryň pikirlenmek we Hudaýy şöhratlandyrmak ukyby bar (Luka 2:13, 14). Mundan başga-da ýagşy bilen ýamany özleri çözüp biler ýaly, olarda erkinlik bar. Muny Hudaýa garşy pitne turzan Şeýtan Iblisiň tarapyna geçen perişdeleriň mysalyndan hem görse bolýar (Matta 25:41; 2 Petrus 2:4).

Perişdeleriň arasynda wezipe tapawudy barmy?

 Hawa. Güýji we ygtyýary bolan baş perişde Mikaýyl iň uly perişde hasaplanýar (Ýahuda 9; Ylham 12:7). Ýehowanyň tagtynyň golaýynda durýan «seraflar» ýokary wezipäni eýeleýärler (Işaýa 6:2, 6). Perişdeleriň başga bir görnüşi bolan «keruplar» hem ýokary wezipäni eýeleýärler we aýratyn borçlary ýerine ýetirýärler. Meselem, Adam ata bilen How ene Jennetden kowlanda, Erem bagyny goramak üçin keruplar bellenipdi (1 Musa 3:23, 24).

Perişdeler adamlara kömek edýärmi?

 Hawa. Hudaý şu günler adamlara kömek etmek üçin wepaly perişdelerini ulanýar.

Her birimizi aýratynlykda goraýan perişde barmy?

 Perişdeler Hudaýyň gullukçylarynyň ruhy abadançylygy hakda alada etseler-de, bu Hudaýyň bizi goramak üçin her birimize aýratynlykda bir perişde belländigini aňlatmaýar b (Matta 18:10). Perişdeler Hudaýyň gullukçylaryny her bir kynçylykdan ýa-da synagdan goramaýar. Mukaddes Kitapda synaglarda çydap biler ýaly, Hudaýyň köplenç bize akyldarlyk we güýç berýändigi hem-de «çykalga açýandygy» aýdylýar (1 Korinfliler 10:12, 13; Ýakup 1:2—5).

Perişdeler baradaky nädogry düşünjeler

 Nädogry düşünje: Perişdeleriň hemmesi gowy.

 Delil: Mukaddes Kitapda «zalym ruhlaryň» we «günä eden perişdeleriň» hem bardygy aýdylýar (Efesliler 6:12; 2 Petrus 2:4). Hudaýa garşy pitne turzan Şeýtanyň tarapyna geçen zalym perişdelere «jynlar» diýilýär.

 Nädogry düşünje: Perişdeler hiç haçan ölmeýär.

 Delil: Zalym perişdeler we şol sanda Şeýtan Iblis ýok ediler (Ýahuda 6).

 Nädogry düşünje: Adamlar ölenden soň, perişdä öwrülýärler.

 Delil: Perişdeler ölümden direlen adamlar däl-de, Hudaýyň ýaradan ruhy şahsyýetleri (Koloslylar 1:16). Gökde ýaşamak üçin direlen adamlar Hudaýdan ölmezligi sowgat alýarlar (1 Korinfliler 15:53, 54). Olar perişdelerden hem has ýokary derejä eýe bolarlar (1 Korinfliler 6:3).

 Nädogry düşünje: Perişdeler adamlara gulluk edýärler.

 Delil: Perişdeler biziň däl-de, Hudaýyň tabşyryklaryna boýun bolýarlar (Zebur 103:20, 21). Hatda Isa hem kömek gerek bolanda, perişdelere däl-de, Hudaýa ýüz tutmalydygyny bilýärdi (Matta 26:53).

 Nädogry düşünje: Biz perişdelerden kömek sorap, doga edip bilýäris.

 Delil: Doga Hudaýa edýän seždämiziň bir bölegi hasaplanýar. Şol sebäpli biz diňe Ýehowa Hudaýa doga etmeli (Ylham 19:10). Ýöne muny Isanyň ady bilen etmeli (Ýahýa 14:6).

a Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde Işaýa 14:12-de «Lusifer» diýen at ulanylýar. Käbirleriniň aýtmagyna görä, bu soňra Şeýtan Iblis bolan perişdäniň ady bolmaly. Emma Ýewreý ýazgylarynyň asyl nusgasynda bu aýatda «parlak ýyldyz» diýen at ulanylýar. Aýadyň kontekstinden görnüşi ýaly, bu at Şeýtana däl-de, tekepbirligi zerarly Hudaýyň peselden Wawilon imperiýasyna degişli (Işaýa 14:4, 13—20). «Parlak ýyldyz» diýen jümle boýun egdirilen Wawilon imperiýasyny kemsitmek üçin ulanylýar.

b Käbir adamlar Petrus resulyň türmeden boşadylyşy baradaky wakany okap, ony goraýan perişdesi bolandyr öýdýärler (Resullar 12:6—16). Ýöne şägirtler «(Petrusyň) perişdesi» diýenlerinde, onuň özi däl-de, hoş habary wagyz edýän perişdesi diýip, nädogry pikir edipdiler.