Isa pygamberiň daş keşbi nähilidi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Isa pygamberiň daş keşbiniň nähili bolandygyny hiç kim anyk bilmeýär. Sebäbi Mukaddes Kitapda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Isa pygamberiň daş keşbine gaty bir üns bermek gerek däl diýse bolar. Ýöne Ýazgylardaky käbir maglumatlar nähili bolandygyny bilmäge kömek edýär.
Ýüz keşbi: Isa pygamberiň ejesi ýehudydy. Şol sebäpli ol ejesine meňzeş bolandyr (Ýewreýler 7:14). Onuň ýüz keşbi hem kän bir özüne çekiji bolan däldir. Bir gezek Isa gizlinlikde Jelileden Iýerusalima gelýär. Şonda ony hiç kim tanamaýar (Ýahýa 7:10, 11). Hatda onuň daş keşbi iň ýakyn şägirtleriniňkiden hem tapawutlanmaýardy. Ýadymyzda bolsa, Iuda Iskariot hem ýaragly Isany tutmaga gelen uly märekä ony görkezipdi (Matta 26:47—49).
Saçynyň uzynlygy. Isanyň saçy uzyn bolan däldir. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Erkek adamyň saçynyň uzyn bolmagy onuň üçin utançdyr» diýilýär (1 Korinfliler 11:14).
Sakgaly. Isanyň sakgaly bolan bolmaly. Ol ýehudylaryň «sakgalyňyzy timarlamaň» diýen kanunyna eýerýärdi (3 Musa 19:27; Galatýalylar 4:4). Şeýle-de Isanyň çekjek görgüler baradaky pygamberlikde onuň sakgaly hakda-da bellenilipdi (Işaýa 50:6).
Bedeni. Isa barada aýdylýan zatlaryň ählisi onuň güýçli we sagdyn bolandygyny görkezýär. Ol gulluk eden döwründe ýüzlerçe kilometr ýol geçýärdi (Matta 9:35). Isa ýehudylaryň ybadathanasynda iki gezek pul çalyşýanlaryň stollaryny agdarýar. Hatda ol ikinji gezek ýüpden gamçy ýasap, mal-garalary ybadathanadan kowup çykarýar (Luka 19:45, 46; Ýahýa 2:14, 15). Makklintogyň we Strongyň ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «Hoş habarlaryň ählisini okanyňda, (Isanyň) sagdyn hem güýçli adam bolandygyny görse bolýar» (IV tom, sahypa 884).
Häsiýeti. Isa mähirli we duýgudaşdy. Onuň bu häsiýetleri ýüz keşbinden hem görünýärdi (Matta 11:28, 29). Isanyň ýanyna teselli tapmak üçin dürli milletli adamlar gelýärdi (Luka 5:12, 13; 7:37, 38). Hatda onuň ýanynda çagalaram özüni arkaýyn duýýardy (Matta 19:13—15; Markus 9:35—37).
Isanyň daş keşbi babatda nädogry düşünjeler
Ýalan düşünje: Käbir adamlar Isa afrikaly bolupdyr diýip pikir edýärler. Sebäbi Ylham kitabynda onuň saçy ak ýüň, aýaklary bolsa «otly peçden çykan arassa mis» bilen deňeşdirilýär (Ylham 1:14, 15).
Delil: Ylham kitaby «göçme manydaky» görnüşlerden ybarat (Ylham 1:1). Onda Isanyň saçy we aýaklary barada aýdylýan zatlar göçme manyda ýazylan. Olar Isanyň ýer ýüzünde ýaşan wagtyndaky daş keşbini däl-de, direlenden soňky häsiýetlerini suratlandyrýar. Ylham 1:14-de Isanyň «kellesindäki saçlary ak ýüň we gar ýaly ap-akdy» diýilýär. Bu ýerde onuň saçynyň hiline däl-de, reňkine üns berilýär. Ak saç onuň ýaşyna görä akyldardygyny görkezýär (Ylham 3:14). Bu aýatda Isanyň saçynyň hili barada gürrüň edilmeýär. Sebäbi onuň saçy diňe bir «ýüň» bilen däl, eýsem, «gar» bilen hem deňeşdirilýär.
Isanyň aýaklary «otly peçden çykan arassa mis kimindi» (Ylham 1:15). Onuň ýüzi bolsa «güýçli nur saçýan Gün kimindi» (Ylham 1:16). Görnüşde Isanyň suratlandyrylyşy hiç bir milletiň daş keşbine gabat gelmeýändigi üçin, munuň göçme manysy bar. Bu direlen Isanyň «hiç kimiň görmedik... ýagtylygynda ýaşaýandygyny» görkezýär (1 Timoteos 6:16).
Ýalan düşünje: Isa pygamber ejiz adam bolupdyr.
Delil: Isa pygamber batyr adamdy. Meselem, elleri ýaragly birtopar esgerler ony tutmaga gelende, Isa batyrgaýlyk bilen öňe çykdy (Ýahýa 18:4—8). Şeýle-de ol agaç ussasydy. Şol sebäpli oňa zähmet gurallaryny ulanmak üçin güýç gerekdi (Markus 6:3).
Onda näme üçin Isa jebir pürsüni göterip bilmedi? Şeýle-de ol özi bilen bile jezalandyrylan adamlardan näme üçin öň öldi? (Luka 23:26; Ýahýa 19:31—33). Jezalandyrylmazyndan öň, Isa bütin gije güýçli alada edipdi we beden taýdan ejir çekipdi (Luka 22:42—44). Şol gije ýehudylar onuň üstünden güldüler. Ertesi irden bolsa, rim esgerleri ony gamçyladylar, şarpyk çaldylar (Matta 26:67, 68; Ýahýa 19:1—3). Bu zatlar onuň ölümini çaltlandyran bolmaly.
Ýalan düşünje. Isa hemişe tukat we gamgyn adamdy.
Delil: Mukaddes Kitapda Ýehowa «bagtly Hudaý» hökmünde suratlandyrylýar. Isa gökdäki Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezýärdi (1 Timoteos 1:11; Ýahýa 14:9). Şeýle-de ol adamlara nädip bagtly bolmalydygyny öwretdi (Matta 5:3—9; Luka 11:28). Bu zatlar näme üçin Isanyň köplenç şadyýan bolandygynyň sebäbini düşündirýär.