Hudaýy gören barmy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hiç bir adam Hudaýy görmedi (2 Musa 33:20; Ýahýa 1:18; 1 Ýahýa 4:12). Mukaddes Kitapda «Hudaýyň ruhy Şahsyýetdigi», ýagny ynsan gözüne görünmeýändigi aýdylýar (Ýahýa 4:24; 1 Timoteos 1:17).
Hudaýy perişdeler görüp bilýär, sebäbi olaram ruhy şahsyýet (Matta 18:10). Käbir adamlaram ölensoň, gökde ruhy şahsyýet hökmünde direlip, Hudaýy görüp bilerler (Filipililer 3:20, 21; 1 Ýahýa 3:2).
Şu günler Hudaýy nädip «görüp» bolýar?
Mukaddes Kitapda «görmek» diýen söz köplenç göçme manyda ulanylyp, bir zada akyl ýetirmegi, düşünmegi aňladýar (Işaýa 6:10; Ýermeýa 5:21; Ýahýa 9:39—41). Hawa, şu günlerem adamlar Hudaýy «ýürekleriniň gözleri» bilen görüp bilýärler, ýagny olar Hudaý barada bilim alyp, onuň häsiýetlerini gymmat saýyp, iman edýärler (Efesliler 1:18). Mukaddes Kitapda Hudaýa bolan imanymyzy berkitmek üçin nämeleri etmelidigimiz aýdylýar.
Hudaýyň ýaradan zatlary arkaly onuň söýgi, jomartlyk, akyldarlyk we güýç ýaly häsiýetleri barada öwreniň (Rimliler 1:20). Hudaýyň wepaly guly Eýýup pygamber onuň ýaradan zatlaryna syn edende, Hudaýy «öz gözleri bilen gören» ýaly boldy (Eýýup 42:5).
Mukaddes Kitaby öwrenip, Hudaý barada bilim alyň. Mukaddes Kitapda: «Ony (Hudaýy) agtarsaň taparsyň» diýilýär (1 Taryh 28:9; Zebur 119:2; Ýahýa 17:3).
Isanyň durmuşyndan Hudaý barada köpräk biljek boluň. Isa Atasy Ýehowa Hudaýyň häsiýetlerini kämil derejede görkezipdi. Şol sebäpli ol: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýahýa 14:9).
Hudaýa ýaramly ýaşap, onuň size kömek edişini görüň. Isa: «Ýüregi päk adamlar bagtlydyr, sebäbi olar Hudaýy görerler» diýdi. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Hudaýa ýaramly ýaşaýan adamlaryň käbiri gökde ýaşamak üçin direlip, «Hudaýy görerler» (Matta 5:8; Zebur 11:7).
Musa, Ybraýym ýaly pygamberler Hudaýy görmedimi?
Mukaddes Kitapda beýan edilýän käbir wakalarda adamlar göni manyda Hudaýy gören ýaly bolup görünýär. Emma şol aýatlaryň öňündäki we yzyndaky sözler Hudaýyň olara öz perişdesini iberendigini ýa-da görnüş arkaly aýan bolandygyny görkezýär.
Perişdeler.
Gadymy döwürlerde Hudaý adamlaryň ýanyna öz adyndan perişdelerini ugradýardy (Zebur 103:20). Mysal üçin, Hudaý ýanyp duran gyrymsy agaçdan Musa pygamber bilen gepleşýär. Mukaddes Kitapda: «Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy» diýilýär (2 Musa 3:4, 6). Musa pygamber göni manyda Hudaýy görmändi. Şol aýadyň öňündäki we yzyndaky sözlere üns bersek, oňa Hudaýyň «perişdesiniň görnendigini» bilse bolýar (2 Musa 3:2).
Şeýle-de Mukaddes Kitapda Hudaýyň Musa pygamber bilen «ýüzbe-ýüz gepleşendigi» aýdylýar. Bu bolsa Hudaýyň Musa bilen has içgin gürleşendigini aňladýar (2 Musa 4:10, 11; 33:11). Musa pygamber göni manyda Hudaýyň ýüzüni görmedi. Sebäbi ol Hudaýyň habaryny «perişdeleri arkaly» alypdy (Galatýalylar 3:19; Resullar 7:53). Muňa garamazdan, Musanyň Hudaýa bolan imany gaty güýçlüdi. Mukaddes Kitapda: «Ol görünmez Hudaýy görýän ýalydy» diýilýär (Ýewreýler 11:27).
Hudaý Ybraýym pygamber bilen hem perişdeleri arkaly gepleşdi. Mukaddes Kitaby ilkibaşda okanyňda, Ybraýym pygamber göni manyda Hudaýy gören ýaly bolup görünmegi mümkin (1 Musa 18:1, 33). Emma öňündäki we yzyndaky aýatlara üns bersek, Ybraýymyň ýanyna gelen üç adamyň Hudaý tarapyn iberilen perişdedigine göz ýetirýäris. Ybraýym olaryň Hudaýyň wekilleridigine düşünýärdi we olar bilen gepleşende, Ýehowanyň hut özüne ýüzlenýän ýaly gürleşýärdi (1 Musa 18:2, 3, 22, 32; 19:1).
Görnüşler.
Hudaý adamlara görnüşler arkaly, ýagny olaryň hyýalyndaky wakalaryň üsti bilen görünýärdi. Meselem, Mukaddes Kitapda Musanyň we ysraýyllylaryň «Ysraýylyň Hudaýyny görendigi» aýdylýar. Aslynda, olar hak Hudaý tarapyn görnüş görüpdiler (2 Musa 24:9—11). Şeýle-de Mukaddes Kitabyň käbir aýatlarynda pygamberleriň Ýehowa Hudaýy görendigi aýdylýar (Işaýa 6:1; Danyýar 7:9; Amos 9:1). Emma şol aýatlaryň öňündäki we yzyndaky sözlere üns bersek, olaryň göni manyda Hudaýy görmän, Hudaý tarapyn görnüş alandygyna göz ýetirýäris (Işaýa 1:1; Danyýar 7:2; Amos 1:1).