Zebur 81:1—16

  • Gulak asmaga çagyryş

    • Başga taňra sežde etmäň (9)

    • Meni diňlän bolsadyňyz (13)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Gitit*. Asafyň aýdymy+. 81  Güýç⁠-⁠kuwwat berýän Hudaýa+ joşup aýdym aýdyň, Ýakubyň Hudaýyna ýeňiş aýdymyny aýdyň.  2  Saz çalyň, deprek kakyň,Şirin owazly arfa çalyň, çeň* çalyň.  3  Täze Aý doganda+, Aý dolanda,Baýramçylyk güni surnaý çalyň+.  4  Ysraýyla berlen kanun,Ýakubyň Hudaýynyň permany şeýledir+.  5  Hudaý Müsüriň içinden geçende+,Ýusuba muny görkezme* beripdi+. Men nätanyş sesiň* şeýle diýenini eşitdim:  6  «Onuň egninden agyr ýüküni aldym+,Sebet götermekden dyndardym.  7  Dertli günüňde meni çagyrdyň, seni halas etdim+,Gök gürrüldisi bilen* saňa jogap berdim+. Meriba* suwlarynda seni synadym+. (Sela)  8  Eşit, eý halkym, saňa öwüt⁠-⁠nesihat bereýin. Eý Ysraýyl, käşgä meni diňlesediň!+  9  Araňyzda keseki taňry bolmasyn,Başga taňra sežde etmäň+. 10  Men siziň Hudaýyňyz Ýehowadyryn,Sizi Müsürden çykaran mendirin+. Agzyňyzy giňden açyň, men sizi doýraýyn+. 11  Emma halkym sesimi diňlemedi,Ysraýyl maňa tabyn bolmady+. 12  Men olary öz ugruna goýberdim*.Olar hem öz bilenini etdiler+. 13  Käşgä halkym meni diňlän bolsady!+Käşgä Ysraýyl ýolumdan ýörän bolsady!+ 14  Şonda duşmanlaryny derrew boýun egdirerdim,Ýagylaryna garşy söweşerdim+. 15  Ýehowany ýigrenýän adamlar öňünde dyza çökerler,Olar ebedilik heläk bolarlar. 16  Ol saňa* iň gowy bugdaý iýdirer+,Gaýadan akýan bal bilen doýrar»+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Arfanyň bir görnüşi.
Ýa-da: ýatlatma.
Başga manysy: diliň.
Manysy: Dawa.
Ýa-da: Gara bulut içinden. Sözme-söz: Gök gürrüldisiniň gizlenen ýerinden.
Ýa-da: kesir ýüregine tabşyrdym.
Sözme-söz: oňa. Ýagny Hudaýyň halkyna.