Zebur 53:1—6

  • Akylsyz adam

    • «Ýehowa ýok» (1)

    • «Ýagşylyk edýän ýok» (3)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Mahalot*. Maskil*. Dawudyň aýdymy. 53  Akylsyz adam içinden: «Ýehowa ýok»+ diýýär. Erbetler hilegärlik we ýigrenji işleri edýär,Ýagşylyk edýän ýok+.  2  Ýehowa gökden ynsan ogullaryny synlap+,Hudaýy gözleýäni, düşünjeli adamy tapmak isleýär+.  3  Olaryň bary ýoldan çykdy,Ählisi azdy. Ýagşylyk edýän ýok,Ýekejesi⁠-⁠de ýok+.  4  Ýamanlyk edýänleriň düşünjesi ýokmy? Olar halkymy çörek ýaly lak⁠-⁠luk atýarlar, Ýehowany çagyrmaýarlar+.  5  Olar gorkup titreşer,Dünýä ineni bäri şeýle gorkan däldirler*.Hudaý halkyna topulanlaryň süňküni pytradar.Ysraýylyň duşmanlary masgara bolar, Sebäbi Ýehowa olara garşy çykar.  6  Goý, Ysraýylyň halasgäri Siondan gelsin!+ Ýehowa ýesir düşen halkyny yzyna getirer.Goý, Ýakup şatlansyn, Ysraýyl begensin!

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Hiç zat ýok ýere gorkarlar.