Zebur 45:1—17

  • Saýlanan patyşanyň toýy

    • Şirin sözler (2)

    • «Hudaý saňa ebedilik patyşalyk berdi» (6)

    • Patyşa gözelligiňe maýyl bolar (11)

    • Ogullary ýer ýüzünde han bolar (16)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildem». Karun ogullarynyň+ aýdymy. Maskil*. Söýgi aýdymy. 45  Ýüregimden ýagşy sözler joşup çykýar, «Aýdymym patyşa hakdadyr»+ diýdim. Dilim ökde kätibiň galamy kimin bolsun+.  2  Eý patyşa, sen ynsan ogullarynyň iň görmegeýisiň. Agzyňdan şirin sözler çykýar+. Şonuň üçin Alla saňa ebedilik bereket berýär+.  3  Eý batyr ýigit!+Şan⁠-⁠şöhrata beslenip+, gylyjyňy biliňe dak+.  4  Kiçigöwünligiň, hakykatyň we adalatyň hatyrasyna+,Ata çyk, beýik güýjüň bilen ýeňiş gazan+,Sag eliň haýbatly işleri etsin.  5  Eý patyşa, ýiti oklaryň halklary gyrýar+,Olar duşmanlaryň kükreginden geçýär+.  6  Hudaý saňa ebedilik patyşalyk berdi*+,Patyşalygyň hasasy adalat hasasydyr+.  7  Eý patyşa, sen adalaty söýdüň+, erbetligi ýigrendiň!+ Şonuň üçin seniň Hudaýyň başyňa ýag guýup belledi+,Seni ýoldaşlaryňdan has köp begendirdi+.  8  Eşigiňden mürüň*, aloe gülüniň, dalçynyň ysy bark urýar,Pil süňkli köşgüňde ýaňlanýan saz göwnüňi göterýär.  9  Bikeleriň arasynda şa gyzlary hem bar, Ofer altynyna+ bezelen şa aýaly sag tarapyňda. 10  Gyzym, gulak as, aýtjak sözlerimi diňle!Öz halkyňy, ataň öýüni unut. 11  Patyşa seniň gözelligiňe maýyl bolar,Ol seniň hojaýynyňdyr,Şonuň üçin öňünde baş eg. 12  Tir gyzy eli sowgatly geler,Baýlar göwnüňi tapmak islärler. 13  Köşkde oturan şa gyzy örän gözeldir,Onuň lybasy altyn bilen bezelendir. 14  Ol nepis* lybas geýip, patyşanyň huzuryna geler, Yzyndan gelýän gyzlar hem patyşanyň öňüne çagyrylar. 15  Olar begenip, şatlanyp gelerler,Patyşanyň köşgüne girerler. 16  Ata⁠-⁠babalarynyň ornuny ogullary tutar, Olary dünýäniň ähli künjeginde han edip bellärsiň+. 17  Adyňy geljekki nesle tanadaryn+, Halklar saňa ebedilik alkyş aýdarlar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Hudaý seniň ebedilik tagtyňdyr.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: keşdelenen.