Zebur 32:1—11
Dawudyň aýdymy. Maskil*.
32 Ýazygy ötülen, günäsi bagyşlanan adam+ bagtlydyr!
2 Ýehowanyň günäsiz hasaplaýan adamy bagtlydyr!+Ýüregi hilesiz adam bagtlydyr!
3 Günälerimi ýaşyrdym, gurady süňklerim,
Gözýaş dökdüm, uzakly gün agladym+.
4 Goluň bilen gije-gündiz egnimden basdyň+,
Ysgyn-mydarymy aldyň, halym guran çeşmä döndi. (Sela)
5 Ahyry günälerimi boýun aldym,Olaryň hiç birini gizlemedim+.
«Ýehowanyň öňünde günämi boýun alaýyn» diýdim+.
Sen hem ähli günälerimi bagyşladyň+. (Sela)
6 Indi wepaly bendäň saňa doga eder+,Heniz wagt barka seni agtarar+.
Şonda ne sil, ne-de tupan zyýan ýetirer.
7 Sen meniň penam,Ajy hasratdan goraýan galam+.
Meni halas edeňde, aýdym sesi ýaňlanar+. (Sela)
8 Sen diýdiň: «Düşünje bererin, ýörejek ýoluňy görkezerin+,
Gözüm sende bolar, öwüt-ündew bererin+.
9 At ýa-da gatyr ýaly düşünjesiz bolma!+Uýany ýa jylawy bolmasa,Olara diýeniňi etdirip bolýan däldir».
10 Erbetleriň derdi köpdür,Ýöne Ýehowa bil baglaýanlar mährinden* ganar+.
11 Eý dogruçyllar, Ýehowanyň elleriniň işine şatlanyň!Eý päk ýürekli adamlar, şatlykdan ýaňa gygyryň!