Zebur 19:1—14

  • Hudaýyň ýaradan zatlary we kanuny şaýatlyk edýär

    • «Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär» (1)

    • Allanyň kämil kanuny güýjüňe güýç goşýar (7)

    • «Bilmän eden günälerim» (12)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 19  Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär+,Gök gümmezi elleriniň işini jar edýär+.   Her säher Allanyň sözüni sözleýär,Her gije bilimini yglan edýär.   Ne gep bar, ne⁠-⁠de gürrüň,Olardan ses⁠-⁠seda çykmaýar.   Emma owazy* dünýä ýaýraýar,Älem⁠-⁠jahana wagyz edýär+. Hudaý gökde Gün üçin çadyr dikdi.   Gün öýlenýän ýigit kimin çadyryndan çykýar.Ýaryşa gatnaşýan adam kimin şatlanýar.   Ol gögüň bir çetinden,Beýleki çetine çenli aýlanýar+;Hiç zat jöwzasyndan gizlenmez.   Ýehowanyň kanuny kämil+, güýjüňe güýç goşýar+, Ýehowanyň öwüt⁠-⁠ündewi* ynama mynasyp+,Tejribesiz* adamy paýhasly edýär+.   Ýehowanyň buýruklary adalatly, ýüregi şatlandyrýar+.Ýehowanyň tabşyryklary päk, gözleri nurlandyrýar+.   Ýehowadan gorky+ peýdaly*, ebedi dowam edýär. Ýehowanyň hökümleri hakdyr, ählisi adalatlydyr+. 10  Olar altyndan has gymmatlydyr,Sap altyndan has arzylydyr+,Baldan, ary öýjüginden damýan baldan hem süýjüdir+. 11  Olar gullaryňy erbetlikden goraýar+,Kanunlaryňy berjaý edýän uly sylag alýar+. 12  Kim eden ýalňyşyna düşünip biler?+ Bilmän eden günälerimi bagyşla. 13  Bendäňi tekepbir bolmakdan sakla+,Ýüregimde ulumsylyk kök urmasyn+. Şonda saňa wepaly* bolaryn+,Agyr günä etmerin. 14  Aýdýan sözlerim, oý⁠-⁠pikirim göwnüňden tursun+.Eý Ýehowa, Arkadagym+, Halasgärim!+

Çykgytlar

Başga manysy: ölçeg ýüpi.
Ýa-da: Sada; ynanjaň.
Ýa-da: ýatlatmasy.
Ýa-da: mukaddesdir. Sözme-söz: päkdir.
Ýa-da: aýypsyz.