Zebur 111:1—10

  • Uly işleri üçin Ýehowa alkyş aýdyň!

    • Hudaýyň ady mukaddes we haýbatlydyr (9)

    • Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr (10)

111  Ýaha alkyş aýdyň!*+ א [Elip] Bütin janym bilen Ýehowany wasp ederin+.ב [Bet]Ýygnakda, dogruçyllaryň öňünde taryplaryn. ג [Gimel]  2  Ýehowa uly işleri edýär+.ד [Dal]Işleriniň gadyryny bilýänler olar hakda oýlanýar+. ה [He]  3  Onuň işleri beýik hem täsin.ו [Waw]Adalaty* ebedidir+. ז [Zaýn]  4  Onuň gudratly işleri ýatdan çykmaz+. ח [Het] Ýehowa mähirli* we rehimdar+. ט [Tet]  5  Ol hudaýhonlaryň* çöregini ýetirýär+. י [Ýod] Ähtini hiç haçan unutmaýar+. כ [Käp]  6  Halkyna gudratyny görkezýär.ל [Lam]Milletleriň mirasyny olara berýär+. מ [Mim]  7  Işleri hakdyr, adalatlydyr+.נ [Nun]Tabşyryklary ynama mynasypdyr+. ס [Sameh]  8  Olar häzirem, gelejekde⁠-⁠de hakdyr.ע [Aýn]Hakykata we adalata ýugrulandyr+. פ [Pe]  9  Ol halkyny halas edýär+. צ [Sad] Onuň emri bilen ähti ebedi durýar. ק [Kap] Onuň ady mukaddes we haýbatlydyr+. ר [Reş] 10  Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr+. ש [Sin] Tabşyryklaryny ýerine ýetirýän adam düşünje gazanýar+. ת [Taw] Şan⁠-⁠şöhraty ebedidir.

Çykgytlar

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Ýa-da: Dogruçyllygy.
Ýa-da: duýgudaş.
Ýa-da: Hudaýdan gorkýanlaryň.