Zebur 109:1—31

  • Biçäräniň dogasy

    • «Wezipesi başga birine berilsin» (8)

    • Hudaý garybyň sagynda durar (31)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 109  Alkyşa mynasyp Hudaýym+, dymma!  2  Erbet we hilegär adamlar gybatymy edýärler, Men hakda ýalan sözleýärler+.  3  Her tarapdan maňa zäherini pürkýärler,Nähak ýere hüjüm edýärler+.  4  Olara ýagşylyk etsem⁠-⁠de, maňa töhmet atdylar+,Men bolsa Hudaýa yzyny üzmän doga edýärin.  5  Ýagşylygyma ýamanlyk etdiler+,Olar söýgime ýigrenç bilen jogap berdiler+.  6  Goý, olaryň üstünden erbet adam höküm sürsün,Sag tarapynda duşmany dursun.  7  Kazyýetde işine seredilse, günäli bolup çyksyn,Hatda eden dogasy⁠-⁠da agyr günä hasaplansyn+.  8  Goý, uzak ömür sürmesin+,Wezipesi* başga birine berilsin+.  9  Ogul⁠-⁠gyzy ýetim bolsun,Aýaly dul galsyn. 10  Ogullary gedaý düşsün,Çörek diläp, kümede ýaşasyn. 11  Algydarlary ähli zadyny alsyn,Baýlygyny ýat adamlar talasyn. 12  Hiç kim oňa ýagşylyk etmesin*,Ýetim çagalaryna hiç kimiň rehimi inmesin. 13  Goý, tohum⁠-⁠tiji gyrylsyn+,Goý, il⁠-⁠gün adyny unutsyn. 14  Ýehowa ata⁠-⁠babalarynyň günäsini ýatlasyn+,Ejesiniň günäsini geçmesin. 15  Goý, Ýehowa erbediň günälerini unutmasyn.Ýer ýüzünde onuň ady unudylsyn+. 16  Sebäbi ol ýagşylyk etmegiň deregine+,Ezileni, garyby we ýüregi ýaraly ynsany,Öldürmegiň küýüne düşdi+. 17  Gargamagy gowy görýärdi, gargyşy öz başyna indi,Agzyndan alkyş çykmazdy, hiç kim oňa⁠-⁠da alkyş aýtmazdy. 18  Ol gargyşy don kimin geýdi. Gargyş hem bedenine suw kimin,Süňklerine ýag kimin siňdi. 19  Goý, ol gargyşlary don kimin geýsin+,Guşak kimin biline berk guşasyn. 20  Maňa garşy çykana, gybatymy edene,Ýehowanyň berjek almyty şudur+. 21  Älemiň Hökümdary Ýehowa,Adyň hatyrasyna maňa kömek et+. Meni halas et, sebäbi wepaly söýgiň ýagşydyr+. 22  Men bir garyp, biçäre+,Ýüregim boldy para⁠-⁠para+. 23  Ömrüm kölege deý geçip barýar,Çekirtge kimin silterlenip taşlandym. 24  Agyz beklemekden ýaňa dyzlarym sandyraýar,Horlanyp, çöpe döndüm. 25  Üstümden gülüp, ýaňsylaýarlar+, Meni görenler başyny ýaýkaýarlar+. 26  Ýehowa Hudaýym, dadyma ýetiş,Meni wepaly söýgiň bilen halas et. 27  Ýehowa, goý, olar arkamda seniň durandygyňy,Maňa ýardam berýändigiňi bilsinler. 28  Eý Hudaý, olaryň gargyşyny berekede öwür, Maňa garşy çykanlary masgara et.Seniň guluň ýürekden şatlansyn. 29  Duşmanlarym ýüzügara bolsun,Biabraýçylygy don kimin geýsin+. 30  Bütin ýüregim bilen Ýehowany wasp ederin,Halklaryň arasynda Hudaýyma aýdym aýdaryn+. 31  Sebäbi ol garybyň sagynda durar,Ony ýazgarýanlardan halas eder.

Çykgytlar

Ýa-da: Gözegçilik etmek borjy.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirmesin.