Zebur 107:1—43

  • Täsin işleri üçin Hudaýa şükür ediň

    • Ol dogry ýoldan ýöretdi (7)

    • Suwsanlary gandyrdy, açlary doýurdy (9)

    • Tümlükden azat etdi (14)

    • Sözi bilen sagaltdy (20)

    • Garyby agyr dertden gutarýar (41)

107  Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr+,Wepaly söýgüsi* ebedidir+.  2  Ýehowanyň halas edenleri*,Duşman elinden gutaranlary alkyş aýtsynlar+.  3  Gündogardan, günbatardan,Demirgazykdan we günortadan+,Ýat ýurtlardan bir ýere jem bolan halk+ Alla şükür etsin.  4  Olar çölde, düzde sergezdan boldular,Ýaşar ýaly şäher tapmadylar.  5  Olar açdylar, teşnediler,Ysgyn⁠-⁠mydary gaçyp, huşuny ýitirdiler.  6  Agyr günde Ýehowa perýat etdiler+,Alla olary jebir⁠-⁠jepadan gutardy+.  7  Ýaşajak şäherine ýollady+,Dogry ýoldan ýöretdi+.  8  Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!+Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň!+  9  Ol suwsanlary gandyrdy,Açlary doýurdy+. 10  Olaryň käbiri tümlükde ýaşaýardy,Gandala baglanyp, ejir çekýärdi. 11  Sebäbi Hudaýyň sözüne gulak asmadylar,Allatagalanyň* maslahatyny äsgermediler+. 12  Hudaý olary peseltdi, başyna betbagtçylyk inderdi+,Olar büdräp ýykyldy, ýardam beren bolmady. 13  Agyr günde Ýehowa perýat etdiler,Alla olary jebir⁠-⁠jepadan gutardy. 14  Olary tümlükden azat etdi,Gandallaryny döwüp taşlady+. 15  Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!+Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň! 16  Sebäbi ol demir gulplary,Mis gapylary bölek⁠-⁠bölek etdi+. 17  Halk akmaklyk etdi+,Günäleri sebäpli ejir çekdi+. 18  Olaryň işdäsi kesildi,Ölüm derwezesine golaýlaşdylar. 19  Agyr günde Ýehowa perýat etdiler,Alla olary jebir⁠-⁠jepadan gutardy. 20  Olary sözi bilen sagaltdy+,Düşen duzaklaryndan halas etdi. 21  Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň! 22  Goý, olar minnetdarlyk gurbanlygyny bersin+,Onuň işlerini şatlyk bilen yglan etsin. 23  Deňizlerde syýahat edýänler,Ummanlarda söwda edýänler+, 24  Deňziň düýbündäki täsin zatlara,Ýehowanyň ajaýyp işlerine syn etdiler+. 25  Onuň emri bilen tüweleýiň turşuny+,Tolkunlaryň möwç urşuny gördüler. 26  Gämiler käte ýokary göterilýär,Käte deňziň düýbüne inýär. Başyna bela inende, deňizçiler ejizleýär. 27  Olar serhoş kimin iki ýana yranýar.Eden tagallasy* biderek bolýar+. 28  Agyr günde Ýehowa perýat edýärler+,Alla olary jebir⁠-⁠jepadan gutarýar. 29  Hudaý tolkunlary köşeşdirýär+,Tüweleýi ýatyrýar. 30  Imi⁠-⁠salalyk bolanda, deňizçiler şatlanýar.Hudaý olary arzuwlan kenaryna* çykarýar. 31  Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň!+ 32  Goý, jemagatyň içinde Hudaýy şöhratlandyrsynlar+,Ýaşulularyň öňünde alkyş aýtsynlar. 33  Ol derýany çöle öwürýär,Akar suwlary guradýar+. 34  Alla ýurduň erbet halky sebäpli,Mes topragy şor ýere dönderýär+. 35  Çöli gamyşly köle öwürýär,Takyrlardan çeşme akdyrýar+. 36  Açlar özüne şäher gurar ýaly+,Olary şol ýerde ýaşadýar+. 37  Tohum sepýärler, üzüm ekýärler+,Ýer bol hasyl getirýär+. 38  Hudaý bereket berýär, halkynyň sanyny artdyrýar,Mal⁠-⁠garasyny köpeldýär+. 39  Ezýetden, bela⁠-⁠beterden, gaýgy⁠-⁠gamdan,Olaryň sany kemelýär, masgara bolýarlar. 40  Ol töreleri kemsidýär,Olary çöl⁠-⁠beýewanda sergezdan edýär+. 41  Garyby bolsa agyr dertden gutarýar+,Çagalaryny süri kimin köpeldýär. 42  Dogruçyllar muny görüp begenýär+,Adalatsyzlar dymýar+. 43  Paýhasly adam şu zatlara üns bersin+,Ýehowanyň wepaly söýgüsi hakda çuňňur oýlansyn+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: satyn alanlary.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Ukyplary.
Ýa-da: gämi duralgasyna.