Zebur 101:1—8

  • Patyşa wepaly bolar

    • «Tekepbirlere çydap bilmerin» (5)

    • «Wepaly adamlara ýagşylyk ederin» (6)

Dawudyň aýdymy. 101  Eý Ýehowa, seniň şanyňa aýdym aýdaryn. Wepaly söýgiňi* we adalatyňy wasp ederin.  2  Men paýhasly karara gelerin, wepaly* bolaryn. Maňa kömek et, Öýümde⁠-⁠de wepaly bolaýyn+.  3  Men erbet zada seretmerin.Dogry ýoldan sowlanyň işlerini ýigrenýärin+, Şeýle adamlaryň golaýyna⁠-⁠da barmaryn.  4  Garaýürekli adam bilen gatnaşmaryn.Erbet işe baş goşmaryn.  5  Goňşusyna gizlin töhmet atýany dymdyraryn+. Ulumsylara we tekepbirlere çydap bilmerin.  6  Wepaly adamlara ýagşylyk ederin,Olar meniň öýümde bolar. Wepaly* adam maňa hyzmat eder.  7  Hilegär adam öýümde ýaşamaz,Ýalançylaryň hiç biri huzurymda durmaz.  8  Her säher ýer ýüzünden erbetleri ýok ederin.Ýehowanyň şäherinden günäkärleri gyryp taşlaryn+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: aýypsyz.
Ýa-da: Aýypsyz.