Ýahýa gelen Ylham 18:1—24
18 Şondan soň men başga bir perişdäniň uly ygtyýar bilen gökden aşak inenini gördüm. Onuň şan-şöhraty ýer ýüzüni ýagtyltdy.
2 Ol gygyryp: «Weýran boldy! Beýik Wawilon weýran boldy!+ Ol jynlaryň mekany boldy, her hili zalym ruhlaryň*, her dürli haram we ýigrenji guşlaryň mesgeni boldy!+
3 Sebäbi ähli milletler onuň azgyn* we ahlaksyzlyk* şerabyny içip, heläk boldular+. Ýer ýüzüniň patyşalary hem onuň bilen ahlaksyzlyk etdiler+. Ýer ýüzüniň söwdagärleri onuň haýasyz işleri bilen toplan baýlygy arkaly baýadylar» diýýärdi.
4 Soňra men gökden başga bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Eý halkym, onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, başyna injek belalara uçramaz ýaly+, ol ýerden çykyň!+
5 Sebäbi onuň günäleri köpelip, göge ýetdi+. Hudaý onuň adalatsyz işlerini* ýadyna saldy+.
6 Onuň adamlara eden erbetligini+ özüne iki esse edip gaýtaryň+, käsesinden+ iki esse edip özüne içiriň+.
7 Ol özüni şöhratlandyryp, haýasyz işleri bilen toplan baýlygynyň hasabyna näçe ýaşan bolsa, şonça-da gynap, hasrat çekdiriň. Ol özüne: „Men şa aýaly kimin höküm sürýärin, dul däldirin, hiç haçan hasrat çekmerin“+ diýýär.
8 Ine, şonuň üçin hem bir günüň içinde başyna dürli belalar: ölüm, hasrat we açlyk iner. Ol otda ýanyp kül bolar+, sebäbi höküm eden Hudaý Ýehowa* güýçlüdir+.
9 Onuň bilen ahlaksyzlyk* eden we haýasyz işleri bilen toplan baýlygynyň hasabyna ýaşan ýer ýüzüniň patyşalary onuň ýanýan odunyň tüssesini görenlerinde, aglaşarlar we hasrat çekip gursagyna urarlar.
10 Olar onuň çekýän jebrinden gorkup, uzakda durup: „Wah, wah, beýik Wawilon, sen nähili güýçli şäherdiň!+ Bir sagadyň içinde weýran bolduň“ diýerler.
11 Ýer ýüzüniň söwdagärleri hem ony görüp, aglaşarlar we hasrat çekerler, sebäbi indi olaryň harytlaryny hiç kim satyn almaz.
12 Olaryň birgiden altyny, kümşi, gymmatbaha daşlary, merjen monjuklary*, nepis zygyr*, goýy gyzyl, gyrmyzy reňkli we ýüpek matalary; atyr ysly we ýokary hilli agaçdan, piliň süňkünden, misden, demirden hem-de mermerden ýasalan dürli harytlary bardy.
13 Şeýle-de olaryň dalçyny*, hindi oty, tütetgisi, ladany*, şeraby, zeýtun ýagy, atyr ysly ýagy, ýokary hilli uny, bugdaýy, sygry, goýny, atlary, arabalary, gullary we başga-da adamlary bardy.
14 Onsoňam, göwnüň isleýän gowy miweleriň eliňden gitdi. Tagamly naharlaryň, gymmatbaha zatlaryň eliňden alyndy, indi olary tapmarsyň.
15 Söwdagärler şol zatlary satyp, ahlaksyz aýal arkaly baýapdylar. Indi olar aýalyň çekýän jebrinden gorkup, uzakda durarlar we aglaşyp hasrat çekerler.
16 Olar: „Wah, wah, beýik şäher! Sen nepis zygyr*, goýy gyzyl we gyrmyzy reňkli matalardan eşik geýip, altyndan, gymmatbaha daşlardan hem-de merjenlerden* ýasalan şaý-sepleri dakynardyň+.
17 Seniň bar baýlygyň bir sagadyň içinde ýok boldy“ diýerler.
Gämi gözegçileri, deňiz ýolagçylary, deňizçiler we deňizden gün-güzeran görýänleriň ählisi uzakda durup,
18 onuň ýanýan odunyň tüssesini görüp: „Heý-de, seniň ýaly beýik şäher bardymy?“ diýip gygyryşarlar.
19 Olar başyndan gum sowrarlar, gygyryşyp aglaşarlar, hasrat çekip: „Wah, wah, beýik şäher! Deňizde gämisi bolanlaryň ählisi seniň baýlygyň arkaly baýadylar. Sen bir sagatda weýran bolduň“+ diýerler.
20 Eý gökler+, mukaddesler+, resullar we pygamberler, aýalyň düşen ýagdaýyna begeniň! Sebäbi Hudaý siziň hatyraňyza ahlaksyz aýala höküm çykardy»+.
21 Şonda güýçli perişde uly degirmen daşyny alyp, deňze zyňdy-da, şeýle diýdi: «Beýik Wawilon şäheri hem şeýle çaltlyk bilen zyňlar, ol indi hiç haçan bolmaz+.
22 Eý Wawilon, indi sende hiç haçan aýdymçylaryň, arfa, tüýdük, surnaý çalýanlaryň we başga-da sazandalaryň sesi eşidilmez. Her dürli zatlary ýasaýan ussalaryň we bugdaý üweýän degirmeniň sesi-de eşidilmez.
23 Indi sende hiç haçan çyra ýanmaz, öýlenýän ýigit bilen gelniň sesi eşidilmez, sebäbi seniň söwdagärleriň ýer ýüzünde atly-abraýly adamlardy. Seniň jadygöýligiňe+ bütin milletler aldandylar.
24 Mundan başga-da, pygamberleriň, mukaddesleriň+ we ýer ýüzünde öldürilenleriň gany senden tapyldy»+.
Çykgytlar
^ Başga manysy: demiň; ylhamly sözüň.
^ Ýa-da: gahar.
^ Ýa-da: jenaýatçylygyny.
^ Ýa-da: dürdäneleri.
^ Ýagny korisa.
^ Ýa-da: dürdänelerden.