Ýahýa gelen Ylham 11:1—19

  • Iki şaýat (1—13)

    • Jul geýip, 1 260 günläp edilen pygamberlik (3)

    • Öldürilip, jaýlanmadyklar (7—10)

    • Üç ýarym günden ýaşaýyş güýji girýär (11, 12)

  • Ikinji beladan soň üçünji bela gelýär (14)

  • Ýedinji surnaý çalynýar (15—19)

    • Hudaýymyzyň we Mesihiniň Patyşalygy (15)

    • Ýer ýüzüni dargadýanlar ýok ediler (18)

11  Şonda maňa ölçeg taýagyna+ meňzeş bir gamyş berlip, şeýle diýildi: «Tur, Hudaýyň ybadathanasynyň mukaddes ýerini we tütetgi ojagyny* ölçe, sežde edýänleri sana. 2  Ýöne ybadathananyň mukaddes ýeriniň daşyndaky howla degme, ony ölçeme, sebäbi ol başga halklara berlendir. Olar mukaddes şäheri+ 42 aýlap+ basgylarlar. 3  Men iki şaýadyma jul geýdirip, 1 260 günläp pygamberlik etmäge ibererin». 4  Iki şaýat iki zeýtun agajyny+ we iki şemdany+ aňladýar. Olar ýer ýüzüniň Hojaýynynyň öňünde durlar+. 5  Kim olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan ot çykyp, duşmanlaryny ýok eder. Hawa, biri olara zyýan ýetirmek islese, ol ot bilen öldüriler. 6  Pygamberlik edýän günleri ýagyş ýagmaz ýaly+, olaryň asmany baglamaga+, suwy gana öwürmäge+ we ýer ýüzüni dürli belalar bilen islän wagty jezalandyrmaga ygtyýary bardyr. 7  Olar pygamberlik edip bolanlarynda, düýpsüz çuňlukdan wagşy haýwan çykyp, olar bilen söweşer, olary ýeňer we öldürer+. 8  Olaryň jesedi göçme manydaky Sodom bilen Müsür atly beýik şäherleriň uly köçelerinde ýatar. Ol ýerde Halypamyz hem pürse çüýlenipdi. 9  Başga halklardan, taýpalardan, dillerden we milletlerden bolan adamlar olaryň jesedine üç ýarym günläp+ seredip durarlar. Olary jaýlamaga-da rugsat bermezler. 10  Ýer ýüzüniň ýaşaýjylary olaryň ölümine begenip, toý tutarlar, biri-birlerine sowgat bererler. Sebäbi iki pygamberiň aýdan habary ýer ýüzünde ýaşaýanlara azap berýärdi. 11  Üç ýarym gün geçensoň, Hudaýdan gelen ýaşaýyş güýji* olaryň içine girdi+ we olar aýak üstüne galdylar. Olary görenler juda gorkdular. 12  Şonda olar gökden batly sesiň: «Bärik çykyň» diýenini eşitdiler. Olar bulutda göge galanlarynda, duşmanlary hem seredip durdylar. 13  Edil şol wagt güýçli ýer titräp, şäheriň ondan bir bölegi ýumruldy, 7 000 adam öldi, beýlekiler bolsa gorkup, gökdäki Hudaýy şöhratlandyrdylar. 14  Ikinji bela+ geçdi. Ine, üçünji bela hem çalt ýetip gelýär. 15  Ýedinji perişde surnaýyny çalanda+, gökden: «Dünýäniň patyşalygy Hudaýymyzyň+ we onuň Mesihiniň Patyşalygy+ boldy. Hudaý baky we ebedilik patyşa bolup höküm sürer»+ diýen batly ses eşidildi. 16  Şonda Hudaýyň öňünde tagtlarda oturan 24 ýaşuly+ ýüzin ýykylyp, Hudaýa sežde etdiler. 17  Olar şeýle diýýärdi: «Häzir hem, geçmişde hem bar bolan Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa*+, saňa minnetdar! Sebäbi sen beýik ygtyýaryňy ele alyp, patyşa kimin höküm sürüp başladyň+. 18  Emma milletler gaharlandylar, seniň hem olara gaharyň geldi. Ölüleriň üstünden höküm çykarmagyň we gullaryňy, ýagny pygamberleri+, mukaddesleri, uludan-kiçä, adyňdan gorkýanlaryň ählisini sylaglamagyň wagty geldi+. Ýer ýüzüni dargadýanlary bolsa ýok etmegiň wagty geldi»+. 19  Gökde Hudaýyň ybadathanasynyň mukaddes ýeri açyldy. Men onuň içinde duran äht sandygyny+ gördüm. Ol ýerde ýyldyrym çakyp, ses eşidilýärdi, gök gürrüldeýärdi, ýer titräp, güýçli buz* ýagýardy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: ruhy.
Ýa-da: doly; jöwenek.