Serdarlar 13:1—25

  • Perişde Manowanyň we aýalynyň ýanyna gelýär (1—23)

  • Şimşon dünýä inýär (24, 25)

13  Ysraýyllar ýene⁠-⁠de Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip başladylar+. Ýehowa hem olary 40 ýyllap piliştlileriň eline berdi+. 2  Şol döwürde Zorada+ dan taýpasyndan+ Manowa+ atly bir adam bardy. Aýalynyň çagasy bolmaýardy+. 3  Günlerde bir gün Ýehowanyň perişdesi aýalynyň ýanyna gelip: «Sen önelgesiz bolsaň⁠-⁠da, göwreli bolup bir ogul dograrsyň+. 4  Indi çakyr, şerap içme+, haram zatlary iýme+. 5  Sen göwreli bolup ogul dograrsyň, saçyna päki degmeli däldir+. Çaga ejesiniň göwresinde galan gününden başlap, Hudaýyň neziri* bolar we ysraýyllary piliştlileriň elinden halas eder»+ diýdi. 6  Aýaly äriniň ýanyna gelip şeýle diýdi: «Meniň ýanyma hak Hudaýyň guly geldi, daş keşbi Hudaýyň perişdesiniňki ýaly haýbatlydy. Men onuň nireden gelenini soramadym, ol hem adyny aýtmady+. 7  Ol maňa: „Sen göwreli bolup ogul dograrsyň. Indi çakyr, şerap içme, haram zatlary iýme. Çaga ejesiniň göwresinde galan gününden başlap, tä dünýäden ötýänçä, Hudaýyň neziri bolar“ diýdi». 8  Manowa Ýehowa dileg edip: «Eý Ýehowa, ýalbarýaryn! Hak Hudaýyň guly ýene⁠-⁠de gelsin, doguljak çaga nädip terbiýe bermelidigini öwretsin» diýdi. 9  Hak Hudaý Manowanyň dilegini eşitdi. Aýaly şäheriň daşynda wagty, hak Hudaýyň perişdesi ýene⁠-⁠de geldi, emma aýalyň ýanynda Manowa ýokdy. 10  Aýal şol bada äriniň ýanyna ylgap bardy⁠-⁠da: «Ol adam ýene⁠-⁠de geldi»+ diýdi. 11  Manowa aýaly bilen onuň ýanyna baryp: «Aýalym bilen gepleşen senmi?» diýip sorady. Ol: «Hawa, men» diýip jogap berdi. 12  Manowa: «Goý, aýdanyň bolsun! Ýöne çagany nädip terbiýelemeli, gelejegi nähili bolar?»+ diýdi. 13  Ýehowanyň perişdesi Manowa: «Aýalyň aýdanlarymy etmelidir+. 14  Ol üzümden edilen hiç zat iýmesin, çakyr, şerap içmesin+, haram zatlardan iýmesin+. Aýalyň aýdanlarymyň ählisini etmelidir» diýdi. 15  Manowa Ýehowanyň perişdesine: «Biraz aýak çekseň, owlak soýup, nahar bişireýin»+ diýdi. 16  Ýehowanyň perişdesi Manowa: «Men galsam⁠-⁠da, nahar iýmerin. Ýöne Ýehowa ýakma gurbanlygyny berip bilersiň» diýdi. Manowa onuň Ýehowanyň perişdesidigini bilmeýärdi. 17  Ol Ýehowanyň perişdesine: «Aýdanlaryň ýerine ýetende, saňa alkyş aýdar ýaly, adyň näme?»+ diýdi. 18  Ýehowanyň perişdesi: «Meniň adymy sorama. Adymy eşiden haýran galar» diýdi. 19  Soňra Manowa owlak bilen galla sadakasyny bir daşyň üstünde goýup, Ýehowa gurbanlyk berdi. Hudaý Manowa bilen aýalynyň gözüniň alnynda täsin gudrat görkezdi. 20  Gurbanlyk ojagynyň* ýalny asmana galanda, Ýehowanyň perişdesi ýalyn bilen bile ýokary galdy. Manowa bilen aýaly gudraty görüp, ýere ýüzin ýykyldylar. 21  Şonda Manowa onuň Ýehowanyň perişdesidigine düşünip galdy+. Ýehowanyň perişdesi olara gaýdyp görünmedi. 22  Manowa aýalyna: «Biz Hudaýy gördük, indi öleris»+ diýdi. 23  Aýaly: «Eger Ýehowa bizi öldürmekçi bolsa, biziň elimizden ýakma gurbanlygyny+, galla sadakasyny kabul etmezdi. Ol şeýle gudratlary görkezmezdi, ýaňky sözleri hem aýtmazdy» diýdi. 24  Aýlar⁠-⁠günler geçip, aýal bir ogul dogurdy we adyna Şimşon+ dakdy. Ýehowa Şimşony çagalygyndan goldaýardy*. 25  Günlerde bir gün Zora bilen Eştawolyň+ arasyndaky Mahan⁠-⁠danda+ Şimşona Ýehowanyň ruhy indi+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýalkaýardy; bereket berýärdi.