Rimliler 4:1—25

  • Ybraýym imany arkaly dogruçyl hasaplanýar (1—12)

    • Ybraýym imanlylaryň atasy (11)

  • Imanlylara berlen wada (13—25)

4  Ybraýym atamyz hakda näme diýse bolar? 2  Eger ol eden işleri üçin dogruçyl hasaplanan bolsady, onda öwnüp bilerdi. Emma Hudaýyň öňünde öwünmäge haky ýokdy. 3  Mukaddes kitaplarda näme ýazylgy? Onda: «Ybraýym Ýehowa* iman etdi, şonuň üçin dogruçyl adam hasaplandy»+ diýilýär. 4  Zähmet çeken adama iş haky ýagşylyk hökmünde däl-de, eden işi üçin berilýär. 5  Emma adam edýän işine buýsanman, günäli adamlary dogruçyl hasaplaýan Hudaýa iman etse, günäli bolsa-da, dogruçyl hasaplanýandyr+. 6  Adamyň eden işlerine garamazdan, Hudaýyň dogruçyl hasaplaýan bendesini Dawut bagtly saýyp: 7  «Ýazyklary ötülen we günäsi bagyşlanan adam bagtlydyr! 8  Ýehowanyň* günäsiz hasaplaýan adamy bagtlydyr!»+ diýdi. 9  Onda diňe sünnetliler bagtlymy? Sünnetsizler bagtly dälmi?+ Öň aýdyşymyz ýaly, «Ybraýym iman edendigi üçin dogruçyl hasaplandy»+. 10  Hudaý ony haçan dogruçyl hasaplady? Sünnetlenenden soňmy ýa-da sünnetlenmänkä? Hudaý Ybraýymy sünnetsizkä dogruçyl hasaplapdy. 11  Ol Ybraýym pygambere sünnetlenmegi tabşyrdy+. Sünnetlenmek dogruçyllygyň alamatydyr*, sebäbi ol sünnetsizkä iman edipdi. Ol iman eden ähli sünnetsiz adamlaryň atasy boldy+ we Hudaý olary dogruçyl hasaplady. 12  Ybraýym sünnetlileriň hem atasy. Emma ol diňe bir sünnetli adamlaryň däl, eýsem özi ýaly sünnetsizkä Hudaýa iman edip, onuň ýolundan ýöreýänleriň hem atasy+. 13  Ybraýyma we onuň nesline kanuna eýereni üçin däl-de, iman edeni üçin+ dünýäniň mirasdüşeri bolmak+ wada berildi. 14  Eger kanuna eýerýänler mirasdüşer bolsa, iman etmek gerek bolmazdy, berlen wada hem biderek bolardy. 15  Aslynda, Töwratdaky tabşyryklary bozan adama Hudaý jeza berer*+. Eger kanun bolmadyk bolsa, günä hem bolmazdy+. 16  Hudaý Ybraýymyň nesline wada berişi ýaly+, bize-de ýagşylyk edip+, wada berdi, sebäbi biz iman etdik. Wada diňe Töwrada gulak asýanlara däl, Ybraýym atamyz+ ýaly iman edýän adamlara-da berildi. 17  «Seni köp milletleriň atasy ederin» diýlip ýazylyşy ýaly+, Ybraýym hem iman etdi, sebäbi muny ölen adamlary direldip bilýän, hatda ýok zady bar ýaly edip aýdan* Hudaý wada beripdi. 18  Mümkin däl ýaly bolup görünse-de, Ybraýym umydyny üzmän köp halklaryň atasy bolup biljekdigine iman etdi. Sebäbi ol: «Nesliň köp bolar»+ diýlen wada ynandy. 19  Ybraýym 100 ýaşlaryndady+, güýç-gurbaty gaçypdy* we Bibisaranyň çaga dogrardan garrandygyny bilýärdi+, ýöne şonda-da imany berkdi. 20  Emma Ybraýym Hudaýyň wadasyna iman etdi, asla şübhelenmedi. Imany güýç-kuwwat berdi, ol Hudaýa alkyş aýtdy. 21  Ybraýym pygamber Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetjekdigine doly ynanýardy+. 22  Şonuň üçin «ol dogruçyl hasaplandy»+. 23  «Ol dogruçyl hasaplandy» diýen sözler diňe Ybraýym hakda ýazylmady+. 24  Olar biziň dogruçyl hasaplanmagymyz üçin hem ýazyldy, sebäbi biz Halypamyz Isany direlden Hudaýa iman etdik+. 25  Isa biziň günämiz üçin öldi+ we biziň dogruçyl adam hasaplanmagymyz üçin direldi+.

Çykgytlar

Ýa-da: möhüridir; girewidir.
Sözme-söz: gaharlanar.
Başga manysy: ýok zady bar edýän.
Sözme-söz: bedeni öli ýalydy.