Rimliler 12:1—21

  • Bedeniňi diri gurban hökmünde hödürlemek (1, 2)

  • Ukyplar dürli⁠-⁠dürli bolsa⁠-⁠da, beden bir (3—8)

  • Hakyky mesihçiler babatda maslahat (9—21)

12  Doganlar, Hudaý size rehim etdi, şonuň üçin bedeniňizi+ diri, mukaddes+ we Hudaýa ýaraýan gurban hökmünde hödürlemegi haýyş edýärin. Şonda akyl-paýhasly bolup+, mukaddes gullugy berjaý edip bilersiňiz. 2  Mundan beýläk şu dünýäniň* täsirine düşmäň*. Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünip+, pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň+. 3  Maňa ýagşylyk eden Hudaýyň adyndan şuny ündeýärin: özüňize ýokary baha bermäň+. Gaýtam sagdyn düşünjeli bolup, Hudaýyň berýän imanyna görä özüňize baha beriň+. 4  Beden agzalary köp+, ýöne olaryň hersiniň öz ýerine ýetirýän işi bar. 5  Biz köp bolsak-da, Mesih bilen bir bedendiris we bir-birimize baglydyrys+. 6  Hudaý ýagşylyk edip, her dürli ukyplary* berýär+. Pygamberlik etmek berlen bolsa, geliň, imanymyza görä pygamberlik edeliň. 7  Eger hyzmat etmek berlen bolsa, hyzmat edeliň, tälim bermek berlen bolsa, tälim bereliň+. 8  Öwüt-ündew berýän öwüt-ündew bersin+, paýlaýan höwes bilen paýlasyn+, ýolbaşçylyk edýän yhlasly ýolbaşçylyk etsin+, rehimdarlyk edýän şatlyk bilen rehimdarlyk etsin+. 9  Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn+. Erbetligi ýigrenip+, ýagşylyga ýapyşyň. 10  Biri-biriňize doganlyk söýgiňiz bolsun, birek-birege mähirli boluň. Biri-biriňize ilkinji bolup hormat goýuň+. 11  Ýalta däl-de*, zähmetsöýer boluň*+. Mukaddes ruhuň kömegi bilen yhlasly boluň+. Ýehowa* gul kimin hyzmat ediň+. 12  Umyt edip şatlanyň. Kynçylyklarda çydamly boluň+. Hemişe* doga ediň+. 13  Mätäç mukaddeslere kömek ediň+. Myhmansöýer boluň+. 14  Sizi yzarlaýan adamlara gargamaň+, olara Hudaýdan ýagşylyk diläň+. 15  Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň. 16  Özüňize nähili baha berseňiz, başgalara-da şeýle baha beriň. Özüňizi başgalardan ýokary tutmaň, pesgöwünli boluň+. Özüňize akyllydyryn öýtmäň+. 17  Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň+. Hemmelere ýagşylyk etmek üçin jan ediň. 18  Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň+. 19  Eziz doganlarym, özüňiz ar almaň, Hudaýa tabşyryň+. Sebäbi «Ýehowa* şeýle diýýär: „Men ar alaryn, men gaýtargy bererin“» diýip ýazylgy+. 20  Gaýtam «duşmanyň aç bolsa, nahar ber, suwsan bolsa suw ber. Şonda başyna közler goýarsyň»*+. 21  Ýamanlyk etmäň, ýamanlygy hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň+.

Çykgytlar

Ýa-da: häzirki döwrüň. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: özüňize şekil bermegine ýol bermäň.
Ýa-da: sylaglary.
Ýa-da: agyr zähmet çekiň.
Ýa-da: Işiňize sowuk-sala garaman.
Sözme-söz: Erjellik bilen.
Ýagny adamyň ýüregini ýumşadyp, gaharyny ýatyrmak.