Resullar 8:1—40
8 Stefanusyň öldürilmegini Sawul hem makullady+.
Şol gün Iýerusalimdäki ýygnagy güýçli yzarlap başladylar. Resullardan başga şägirtler Ýahuda we Samariýa gitdiler+.
2 Hudaýhon adamlar Stefanusy jaýlap ýas tutdular.
3 Sawul bolsa ýygnagy yzarlap, azar berip başlady. Ol öýden-öýe baryp, aýal-erkekleri öýlerinden süýräp çykarýardy, olary türmä basýardy+.
4 Çar tarapa dargan şägirtler nirä barsalar-da, Hudaýyň hoş habaryny wagyz edýärdiler+.
5 Filipus Samariýa şäherine* baryp+, Mesih barada wagyz edip başlady.
6 Märeke Filipusy ünsli diňläp, görkezýän gudratlaryna seredýärdi.
7 Ol ýerde köp jynly adamlar hem bardy. Jynlar adamlardan gygyryp çykýardylar+. Şeýle-de ençeme ysmaz we maýyp adamlar sagalýardy.
8 Şäherde uly şatlyk-şowhun boldy.
9 Şäherde Simun atly jadygöý bardy. Ol Samariýanyň halkyny haýran galdyryp, özüni meşhur adam saýýardy.
10 Uludan-kiçä hemmeler oňa seredip: «Onda Beýik Hudaýyň güýji bar» diýişýärdiler.
11 Simun birnäçe wagtdan bäri jadygöýligi bilen adamlary haýran galdyrýardy, şonuň üçin hemmeler ony ünsli diňleýärdiler.
12 Emma Filipus Hudaýyň Patyşalygy hakda hoş habary gürrüň berende+ we Isa Mesihiň ady hakda wagyz edende, adamlar iman etdiler. Şonda aýallar hem erkekler suwa çümdürildiler+.
13 Simun hem Isanyň şägirdi boldy. Ol suwa çümdürildi we Filipusyň+ ýanyndan aýrylmady. Ol Filipusyň görkezýän alamatlaryna we gudratly işlerine haýran galýardy.
14 Iýerusalimdäki resullar Samariýanyň halkynyň Hudaýyň sözüni kabul edendigini eşidip+, Petrus bilen Ýahýany ugratdylar.
15 Resullar baryp, olaryň üstüne mukaddes ruhuň inmegi üçin doga etdiler+.
16 Olar Halypamyz Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler, ýöne mukaddes ruh olara inmändi+.
17 Resullar olaryň üstüne ellerini goýdular welin+, mukaddes ruh inip başlady.
18 Resullar arkaly mukaddes ruhuň inýändigini gören Simun olara pul uzadyp:
19 «Adamlaryň üstüne elimi goýanymda, mukaddes ruh iner ýaly, maňa-da güýç beriň» diýdi.
20 Petrus bolsa: «Puluň başyňa ýetsin! Sen Hudaýyň mugt berýän zadyny pula satyn aljak bolýaňmy?+
21 Hudaýyň öňünde ýaman niýetli bolanyň üçin, biziň bilen gulluk etmäge mynasyp dälsiň.
22 Ýehowa* ýalbaryp, toba et-de, ýaman niýetiňden dän. Belki, ol ýüregiňdäki ýaman niýetiňi bagyşlar.
23 Ýüregiň ajy zäherden doly, sen erbet adam ekeniň» diýdi.
24 Simun: «Meniň üçin Ýehowa* ýalbaryp doga ediň. Aýdan zatlaryňyzyň hiç biri başyma inmesin» diýdi.
25 Petrus bilen Ýahýa Ýehowanyň* sözüni bütin şäherde birkemsiz wagyz edenlerinden soňra, Iýerusalime gaýtdylar. Olar ýolboýy Samariýanyň obalarynda hem hoş habary wagyz etdiler+.
26 Ýehowanyň* perişdesi+ Filipusa: «Bar, günorta tarapa, Iýerusalimden Gaza barýan ýola düş» diýdi. (Ýol çölüň içinden geçýärdi).
27 Ol hem ýola düşdi. Ýolda barýarka, Efiopiýanyň aýal patyşasynyň* hazynasyna seredýän wezire* duşdy. Ol Iýerusalime Hudaýa sežde etmek üçin gelipdi+,
28 indi bolsa öýüne gaýdyp barýardy. Ol arabada Işaýa pygamberiň kitabyny sesli okap otyrdy.
29 Mukaddes ruh Filipusa: «Bar, arabanyň yzyndan ýet» diýdi.
30 Filipus arabanyň ýanynda ylgap barýarka, weziriň Işaýa pygamberiň kitabyny sesli okaýandygyny eşidip: «Okaýan zatlaryňa düşünýäňmi?» diýip sorady.
31 Ol: «Biri düşündirmese, nädip düşüneýin?» diýdi. Ol Filipusdan araba münüp, ýanynda oturmagy haýyş etdi.
32 Efiopiýaly wezir mukaddes kitaplardan şu ýerini okap otyrdy: «Ol soýuljak goýun deý alyp gidildi. Gyrkymçynyň öňünde sessiz ýatan goýun deý, agzyny hem açmady+.
33 Ony kemsidip, adalatsyzlyk bilen alyp gitdiler+. Onuň asly hakda kim gürrüň berer? Sebäbi onuň jany ýer ýüzünden alyndy»+.
34 Wezir Filipusa: «Pygamber kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa başga biri hakda? Düşündirip beräý» diýdi.
35 Filipus weziriň okap oturan ýerini düşündirip başlady, soňra Isa hakda hoş habary gürrüň berdi.
36 Olar ýolda barýarkalar, bir suwly ýere geldiler. Şonda wezir: «Ine suw! Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» diýdi.
37 *——
38 Wezir arabany saklatdy. Olar arabadan düşüp, suwa girdiler, Filipus hem ony suwa çümdürdi.
39 Olar suwdan çykanda, birdenkä Ýehowanyň* ruhy Filipusy alyp gitdi. Şondan soň wezir ony görmedi. Ol begenip ýoluny dowam etdi.
40 Filipus bolsa Aşdot şäherine bardy we Kaýsariýa ýetýänçä, ähli şäherlerde hoş habary wagyz etdi+.
Çykgytlar
^ Başga manysy: Samariýanyň bir şäherine.
^ Sözme-söz: Kandakisiniň. Efiopiýanyň aýal patyşasynyň tituly.