Resullar 28:1—31

  • Malta adasy (1—6)

  • Publiwusyň kakasy sagalýar (7—10)

  • Rime barýan ýolda (11—16)

  • Pawlus Rimde ýehudylara söz sözleýär (17—29)

  • Pawlus iki ýyllap batyrgaý wagyz edýär (30, 31)

28  Biz sag⁠-⁠aman kenara çykanymyzda, Malta adasyna+ gelendigimizi bildik.  Adanyň ýaşaýjylary adamkärçilikli eken. Olar biziň hemmämizi mähirli garşylap, ýylnar ýaly ot ýakdylar, sebäbi howa sowukdy, ýagyş hem ýagyp durdy.  Pawlus çöpläp getiren odunlaryny oda taşlanda, ondan zäherli ýylan çykyp, Pawlusyň eline ýapyşdy.  Ýerli halk Pawlusyň eline ýylanyň ýapyşandygyny görüp: «Ol ganhor bolmaly. Deňizden sag⁠-⁠aman çyksa⁠-⁠da, Adalatyň* elinden halas bolup bilmedi» diýişdiler.  Emma Pawlus elini silkip, ýylany oda atdy, özüne bolsa zyýan ýetmedi.  Adamlar onuň eli çişip, tarpa⁠-⁠taýyn öler öýtdüler. Köp wagt geçdi, ýöne Pawlusa hiç zat bolmansoň, pikirini üýtgedip, ony taňry hasapladylar.  Şol töwerekde adanyň häkimi Publiwusyň mellegi bardy. Ol bizi güler ýüz bilen garşylap, üç gün myhman aldy.  Publiwusyň kakasy içgeçme keselinden ejir çekip, gyzgyny galyp ýatyrdy. Pawlus onuň ýanyna baryp, doga etdi⁠-⁠de, elini üstünde goýup sagaltdy+.  Şondan soň adadaky keselli adamlaryň ählisi Pawlusyň ýanyna gelip başladylar. Pawlus hem olary sagaldýardy+. 10  Olar sylag⁠-⁠hormat edip, sowgatlar getirdiler, ýola düşenimizde bolsa gerek zatlarymyzy berdiler. 11  Üç aýdan soň, biz Aleksandriýadan gelen we gyşy adada geçiren gämä mündük. Gäminiň burnunda Zewsiň ogullarynyň şekili bardy. 12  Sirakuza gämi duralgasyna baryp, üç gün bolduk. 13  Soňra Regiýe ýüzüp geldik. Ertesi günorta tarapdan mylaýym şemal öwüsdi we bir gün geçensoň Putola bardyk. 14  Ol ýerde biz doganlar bilen görüşdik. Olar bizden ýedi gün myhman bolmagy haýyş etdiler. Şeýdip, biz Rime golaýladyk. 15  Rimdäki doganlar gelenimizi eşidip, garşylamak üçin Appiýus bazaryna we Üç myhmanhana diýlen ýere geldiler. Pawlus doganlary görüp ruhlandy we Hudaýa minnetdarlyk aýtdy+. 16  Rime gelenimizde, Pawlusa kireýne alan jaýynda ýaşamaga rugsat berdiler, ony bir esger garawullaýardy. 17  Üç gün geçende, Pawlus ýehudylaryň abraýly adamlaryny ýanyna çagyrdy. Olar ýygnanyşanda, Pawlus: «Adamlar, doganlar, halkymyza ýa⁠-⁠da ata⁠-⁠babalarymyzyň däp⁠-⁠dessurlaryna garşy hiç zat etmesem⁠-⁠de+, meni Iýerusalimde tussag edip, rimlileriň eline tabşyrdylar+. 18  Olar işimi derňänlerinde+, ölüme mynasyp hiç zat etmändigimi bilip, boşatjak boldular+. 19  Emma ýehudylar muňa garşy çykanlarynda, Sezara arz etmeli boldum+. Ýöne men halkymy günäkärlejek bolmadym. 20  Şonuň üçin men siziň bilen görşüp, gürrüňdeş bolmagy haýyş etdim. Meni ysraýyl halkynyň umyt edýän zady üçin zynjyr bilen bagladylar»+ diýdi. 21  Olar: «Bize Ýahudadan hiç hili hat gelmedi. Ol ýerden gelen doganlar sen hakda hiç hili habaram bermediler, erbet zadam aýtmadylar. 22  Emma biz ähli zady seniň öz agzyňdan eşitsek gowy bolar. Sebäbi hemme ýerde şu dini topara*+ garşy çykýandyklaryny eşitdik»+ diýdiler. 23  Şonda olar Pawlus bilen ýene⁠-⁠de görüşmek üçin bir gün bellediler. Olar Pawlusyň bolýan jaýyna öňküden⁠-⁠de has köp adam bolup geldiler. Pawlus bolan wakalary gürrüň berip, ertirden tä agşama çenli Hudaýyň Patyşalygy barada birkemsiz wagyz etdi. Musanyň kanunyna+ hem⁠-⁠de Pygamberler kitabyna+ salgylanyp, Isa hakda ynandyryjy delilleri getirýärdi+. 24  Onuň aýdanlaryna käbirleri ynansa, käbirleri ynanmadylar. 25  Olar biri⁠-⁠biri bilen ylalaşmansoňlar, Pawlusyň ýanyndan gitdiler. Pawlus bolsa şeýle diýdi: «Mukaddes ruhuň Işaýa pygamber arkaly ata⁠-⁠babalaryňyza aýdan sözleri dogry eken: 26  „Halkyň ýanyna baryp, şeýle diý: „Siz eşidersiňiz, ýöne düşünmersiňiz; siz seredersiňiz, ýöne hiç zat görmersiňiz+. 27  Halkyň ýüregi gatapdyr, gulagy agyrlaşypdyr, gözleri gapylypdyr. Şol sebäpli olaryň gulagy eşitmeýär, gözi görmeýär, akyl ýetirip bilmeýär we maňa dolanmaýar, ýogsam olary sagaldardym“+. 28  Bilip goýuň, Hudaý başga halklara⁠-⁠da gutulyşy yglan edýär+. Olar hökman gulak asarlar»+. 29  *—— 30  Pawlus iki ýyllap kireýne alan jaýynda ýaşady+. Ol gelýän adamlary mähirli garşylap, 31  olara Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi hem⁠-⁠de Halypamyz Isa hakda batyrgaý öwredýärdi+. Pawlusa hiç zat päsgel bermeýärdi.

Çykgytlar

Adalatly jeza berýän ýa⁠-⁠da ar alýan aýal taňrysy göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.