Resullar 24:1—27

  • Pawlus aýyplanýar (1—9)

  • Pawlus özüni aklaýar (10—21)

  • Pawlusyň meselesi iki ýyla çekýär (22—27)

24  Bäş gün geçenden soň, Kaýsariýa şäherine baş ruhany Ananýas+ geldi. Onuň ýanynda birnäçe ýehudy ýaşululary we Tertulus atly dilewar adam bardy. Olar hökümdar Felikse Pawlus hakda käbir zatlary aýtmaga geldiler+. 2  Tertulusy çagyranlarynda, ol Pawlusy aýyplap, Felikse şeýle diýdi: «Biz siziň saýaňyzda parahat ýaşaýarys. Siz öňdengörüji adam, şonuň üçin ýurt gülläp ösýär. 3  Siziň alyhezretleriňiz hökümdar Feliks! Siziň alyp barýan işleriňiz üçin çäksiz minnetdar. 4  Men siziň köp wagtyňyzy almaryn. Bize rehim edip, aýtjak sözlerimizi diňlemegi haýyş edýärin. 5  Şu adam mergi* kimin howply+ we nazaretlileriň dini toparyna*+ ýolbaşçylyk edýär. Ol ähli ýehudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan eken+. 6  Ol ybadathanany haram etjek bolanda, tussag etdik+. 7  *—— 8  Siz hem ony sorag edip görüň, biziň sözümiziň hakdygyna göz ýetirersiňiz». 9  Ýehudylar hem onuň aýdýanlaryny makullap, Pawlusy aýyplaýardylar. 10  Hökümdar başyny atyp, Pawlusa geplemäge rugsat berende, ol şeýle diýdi: «Siz ençeme ýyl bäri halka kazylyk edýärsiňiz. Şonuň üçin men ynamly gepläp, özümi goraryn+. 11  Meniň Iýerusalime sežde etmäge gelenime 12 günden köp bolmady. Sizem sorap görüň+. 12  Olar meniň ybadathanada jedelleşip duranymy, sinagogada ýa⁠-⁠da şäherde märekäni aýaga galdyranymy gören däldirler. 13  Hatda maňa atan töhmetlerini subudam edip bilmezler. 14  Ýöne men nazaretlileriň dini toparyna goşulyp, ata⁠-⁠babalarymyň Hudaýyna mukaddes gullugy berjaý edýändigimi+ boýun alýaryn. Töwratda we Pygamberler kitabynda ähli aýdylan zatlara ynanýaryn+. 15  Men Hudaýyň dogruçyllary hem⁠-⁠de erbetleri+ direltmegine+ sabyrly garaşýaryn. Olar hem şoňa umyt edýärler. 16  Şonuň üçin men elmydama Hudaýyň we adamlaryň öňünde päk ynsaply bolmaga jan edýärin+. 17  Men ençeme ýyldan soň, halkyma pul kömegini bermek+ we gurbanlyk getirmek üçin Iýerusalime gelipdim. 18  Olar meniň ybadathanada däp boýunça tämizlenip duranymy gördüler+, ýöne men märekäni⁠-⁠de üýşürmändim, goh⁠-⁠galmagalam turuzmadym. Emma ybadathanada Aziýa welaýatyndan gelen käbir ýehudylar bardy. 19  Eger olaryň maňa garşy arz⁠-⁠şikaýaty bar bolsa, siziň ýanyňyza gelip aýtsynlar+. 20  Ýa⁠-⁠da Mejlisiň* öňünde duran wagtym mende nähili günä tapan bolsalar, goý, gelenler şu wagt aýtsynlar. 21  Men Mejlisiň öňünde: „Direlişe ynanýandygym üçin höküm edýärler“ diýipdim+, mundan başga hiç zat aýtmandym». 22  Feliks şu ýol+ hakda köp zady bilse⁠-⁠de: «Men siziň meseläňizi goşun serkerdesi Lisiý gelende çözerin» diýip, işi soňa goýdy. 23  Ol ýüzbaşa Pawlusy tussaglykda saklamagy, ýöne käbir ýeňillikleri döretmegi tabşyrdy. Feliks Pawlusyň ýanyna dost⁠-⁠ýarlarynyň gelmegine we aladasynyň edilmegine rugsat berdi. 24  Birnäçe gün geçensoň, Feliks ýehudy aýaly Druzila bilen geldi. Feliks Pawlusy getirdip, Isa Mesih hakda aýdanlaryny diňledi+. 25  Pawlus dogruçyllyk, özüňe erk etmeklik we höküm barada gürrüň berende+, Feliks gorkup: «Bar, häzirlikçe gidiber, wagtym bolsa çagyrdaryn» diýdi. 26  Feliks Pawlusdan pul aljak bolup, ýygy⁠-⁠ýygydan getirdip, gürrüňdeş bolýardy. 27  Iki ýyl geçende, Feliksiň ýerine Porkiwus Fest hökümdar boldy. Feliks bolsa ýehudylara ýaranjaňlyk edip+, Pawlusy tussaglykdan boşatmady.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýokanç kesel.
Ýa⁠-⁠da: sektasyna. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.