Resullar 23:1—35

  • Pawlus Mejlisiň öňünde söz sözleýär (1—10)

  • Halypamyz Pawlusy ruhlandyrýar (11)

  • Pawlusy öldürmek üçin dil düwüşýärler (12—22)

  • Pawlusy Kaýsariýa alyp gidýärler (23—35)

23  Pawlus Mejlisde* oturanlara seredip: «Adamlar, doganlar, şu wagta çenli meniň ynsabym Hudaýyň öňünde päkdir»+ diýdi. 2  Baş ruhany Ananýas ýanynda duranlara Pawlusyň agzyna urmagy buýurdy. 3  Pawlus oňa: «Eý ikiýüzli*, Hudaý seni ursun! Sen Töwrada görä höküm etmek üçin otyrsyň dälmi? Onda näme üçin meni urmagy buýrup, Töwratda aýdylanlary bozýaň?» diýdi. 4  Ýanynda duranlar: «Sen Hudaýyň baş ruhanysyna dil ýetirýäňmi?» diýdiler. 5  Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Hudaýyň sözünde: „Halkyň baştutanyna dil ýetirme“ diýilýär»+ diýdi. 6  Pawlus oturanlaryň ýarysynyň saddukeý, galanlarynyň bolsa fariseýdigini bilip, batly ses bilen Mejlisde: «Adamlar, doganlar, men fariseýlerden+, fariseýiň ogly. Meni direlişe umyt edýändigim üçin höküm edýärler» diýdi. 7  Pawlus muny aýdanda, fariseýler bilen saddukeýler dawalaşyp başladylar we oturanlar iki topara bölündi. 8  Sebäbi saddukeýler direlişe, perişdelere we ruhlara ynanmaýardylar, emma fariseýler ynanýardylar+. 9  Şonda goh⁠-⁠galmagal turdy. Fariseýleriň arasyndaky käbir kanunçylar gahar⁠-⁠gazap bilen ýerlerinden galyp, jedelleşip başladylar. Olar: «Biz ondan hiç hili günä tapmadyk. Belki, onuň bilen ruh ýa⁠-⁠da perişde gepleşendir»+ diýdiler. 10  Dawa barha güýjeýärdi, goşun serkerdesi Pawlusy öldürerler öýdüp gorkdy. Ol esgerlerine Pawlusy olaryň arasyndan çekip çykarmagy we esgerleriň jaýyna alyp gitmegi buýurdy. 11  Şol gije Halypamyz Pawlusyň ýanyna gelip: «Mert bol!+ Iýerusalimde men hakda birkemsiz wagyz edişiň ýaly, Rimde⁠-⁠de wagyz etmelisiň»+ diýdi. 12  Ertesi daň atanda, ýehudylar dil düwşüp, Pawlusy öldürmeseler, iýip⁠-⁠içmejekdikleri hakda ant içdiler. 13  Ant içenleriň sany 40⁠-⁠dan gowrak adamdy. 14  Olar uly ruhanylaryň we ýaşulularyň ýanyna baryp: «Biz Pawlusy öldürýänçäk, hiç zat iýmeris diýip ant içdik. 15  Siz Mejlisiň agzalary bilen bilelikde goşun serkerdesiniň ýanyna baryp, Pawlusy hamala sorag etmek üçin ýanyňyza getirmegi haýyş ediň. Ol siziň ýanyňyza gelip ýetmänkä, ýolda öldüreris» diýdiler. 16  Pawlusyň ýegeni olaryň dil düwşüp, bukuda garaşjak bolýandyklaryny eşitdi. Ol esgerleriň ýanyna baryp, daýysyna habar berdi. 17  Pawlus ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Oglany goşun serkerdesiniň ýanyna elt, bir zat habar berjek bolýar» diýdi. 18  Ýüzbaşy oglany goşun serkerdesiniň ýanyna eltip: «Tussaglykda oturan Pawlus meni çagyryp, oglany ýanyňa getirmegi haýyş etdi. Ol bir zat aýtjak bolýar» diýdi. 19  Goşun serkerdesi oglanyň elinden tutup, bir çete çykaryp: «Maňa näme aýtjak bolýaň?» diýip sorady. 20  Ol: «Ýehudylar dil düwşüp, Pawlusyň işini derňän kişi bolup, ertir Mejlise getirmegi haýyş etjek bolýarlar+. 21  Siz olara ynanmaň, sebäbi 40⁠-⁠dan gowrak adam Pawlusa bukuda garaşýar. Olar Pawlusy öldürmesek, iýip içmeris diýip ant içdiler+. Olar siziň rugsat bermegiňize garaşyp, taýyn durlar» diýdi. 22  Goşun serkerdesi: «Maňa aýdanyňy hiç kim bilmesin» diýip, oglany ugratdy. 23  Goşun serkerdesi iki ýüzbaşyny çagyryp: «Şu gün agşam dokuzlarda* Kaýsariýa ýola düşmek üçin 200 esger, 70 atly we 200 naýzaly esgerleri taýýarlaň. 24  Pawlus hökümdar Feliksiň ýanyna sag⁠-⁠aman ýeter ýaly atlary hem taýýarlaň» diýdi. 25  Soňra ol şeýle hat ýazdy: 26  «Siziň alyhezretleriňiz hökümdar Feliks! Size Klawdiý Lisiýden salam bolsun. 27  Şu adamy ýehudylar öldürjek boldular. Emma onuň Rimiň raýatydygyny bilip+, esgerlerim bilen baryp, dessine halas etdim+. 28  Ony nämede aýyplaýandyklaryny bilmek üçin ýehudylaryň Mejlisine alyp bardym+. 29  Olar ony Musanyň kanunyny bozmakda aýyplaýan ekeni+. Emma ol ölüme höküm ediler ýaly ýa⁠-⁠da türmä basylar ýaly hiç zat etmändir. 30  Ony öldürmek üçin dil düwşendiklerini bilip+, derrew siziň ýanyňyza iberdim we ýehudylara arzyny size aýtmaklaryny tabşyrdym». 31  Esgerler tabşyrylyşy ýaly, Pawlusy+ gije Antipatrise getirdiler. 32  Ertesi gün atly esgerler Pawlus bilen ýola düşdüler, beýlekiler bolsa esgerleriň jaýyna gaýtdylar. 33  Atlylar Kaýsariýa gelip, haty hökümdara gowşurdylar, Pawlusy hem onuň ýanyna eltdiler. 34  Ol haty okap, Pawlusyň haýsy welaýatdandygyny sorady. Kilikiýadandygyny bilip+, 35  hökümdar oňa: «Seniň işiňe ýehudylar gelende serederin»+ diýdi. Soňra garawullara Pawlusy Hirodesiň köşgünde saklamagy tabşyrdy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: agardylan diwar.
Sözme⁠-⁠söz: üçünji sagatda.