Resullar 14:1—28
14 Barnabas bilen Pawlus Ikoniýa gelip, ýehudylaryň sinagogasyna bardylar. Olar şeýle gowy wagyz etdiler welin, köp ýehudylar we grekler iman etdiler.
2 Iman etmedik ýehudylar bolsa başga milletli adamlaryň aňyny zäherläp, doganlara garşy öjükdirdiler+.
3 Şonda olar Ikoniýada esli wagt boldular we Ýehowanyň* kömegi bilen batyrgaý wagyz etdiler. Alla hem ýagşylygy hakda wagyz edýänlere alamatlary we gudratlary görkezmäge güýç berýärdi+.
4 Şäheriň halky bolsa iki topara bölünip, biri ýehudylary, beýlekisi resullary goldady.
5 Başga milletli adamlar, ýehudylar, olaryň baştutanlary dil düwşüp, resullara azar berdiler, olary daşlajak boldular+.
6 Doganlar muny bilip, Likoniýa, Listra, Derbä we daş-töwerekdäki şäherlere gaçyp gitdiler+.
7 Olar baran ýerlerinde hoş habary wagyz edýärdiler.
8 Listrada dogabitdi maýyp adam bardy. Ol ýöräp bilmeýärdi.
9 Ol Pawlusyň gürrüňini diňläp otyrdy. Pawlus oňa seredip, sagaljagyna iman edýändigini gördi+.
10 Şonda ol batly ses bilen: «Ýeriňden tur!» diýdi. Ol hem ýerinden böküp turdy-da, ýöräp başlady+.
11 Märeke Pawlusyň eden gudratyny görüp, likoniýalylaryň dilinde: «Taňrylar ynsan keşbine girip, ýere gelipdir»+ diýip gygyryşdylar.
12 Olar Barnabasa Zews, Pawlusa bolsa köp zady gürrüň berendigi üçin Germes diýip at dakdylar.
13 Şähere giren ýeriňde Zewsiň buthanasy bardy. Onuň ruhanysy halk bilen gurbanlyk bermek üçin öküzleri we gülden örülen täçleri şäheriň derwezesine getirdi.
14 Barnabas bilen Pawlus resul muny eşidip, donlaryny ýyrtdylar-da, ylgap märekäniň içine girip, batly ses bilen şeýle diýdiler:
15 «Adamlar, edýäniňiz näme? Bizem siziň ýaly adam ahyryn+. Biz siziň biderek zatlardan el çekip, ýeri-gögi, deňzi we olardaky zatlary ýaradan Biribara sežde etmegiňiz üçin hoş habary wagyz edýäris+.
16 Hudaý geçmişde ähli halklara islän zatlaryny etmäge ýol beripdi+.
17 Emma ol ýagşylyk edip, özi hakda şaýatlyk edýärdi+. Hudaý gökden ýagmyr ýagdyrýardy, möwsüminde bol hasyl berip doýurýardy+ we ynsan kalbyny şatlykdan doldurýardy»+.
18 Resullar näçe jan etseler-de, halk gurbanlyk berjek bolýardy. Barnabas bilen Pawlus halky zordan sakladylar.
19 Antakyýadan we Ikoniýadan gelen ýehudylar bolsa halky resullara garşy öjükdirdiler+. Olar Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, şäheriň daşyna süýräp çykardylar+.
20 Şägirtler Pawlusyň daşyna üýşende, ol ýerinden turup, ýene-de şähere girdi. Ertesi Barnabas bilen Derbi şäherine gitdi+.
21 Olar şäherde hoş habary wagyz edip, birnäçe adama şägirt bolmaga kömek etdiler. Soňra Listra, Ikoniýa we Antakyýa gaýtdylar.
22 Resullar ol ýerdäki şägirtleri ruhlandyrdylar+ we imanda berk durmaga höweslendirip: «Hudaýyň Patyşalygyna girmek üçin köp kynçylyklardan geçmelidiris»+ diýdiler.
23 Şeýle-de resullar agyz bekläp, doga edip+, ýygnaklarda ýaşululary bellediler+. Soňra olary iman eden Ýehowa* Hudaýyna tabşyrdylar.
24 Soňra Barnabas bilen Pawlus Pisidiýadan geçip, Pamfiliýa geldiler+.
25 Pergada Hudaýyň sözüni wagyz etdiler, soňra Attaliýa gitdiler.
26 Ol ýerden hem gämili Antakyýa ugradylar. Antakyýada ýaşaýan doganlar öň Pawlus bilen Barnabas üçin Hudaýdan ak pata sorapdylar. Indi bolsa Pawlus bilen Barnabas tabşyrylan ýumşy doly berjaý edip geldiler+.
27 Olar Antakyýa gelenlerinde, tutuş ýygnagy çagyryp, Hudaýyň kömegi bilen eden işlerini we başga halklaryň iman edişini gürrüň berdiler+.
28 Pawlus bilen Barnabas birnäçe wagt şägirtleriň ýanynda boldular.