Resullar 12:1—25

  • Ýakup öldürilýär; Petrus tussag edilýär (1—5)

  • Petrus gudrat bilen azat edilýär (6—19)

  • Perişde Hirodesi keselledýär (20—25)

12  Şol döwürde Hirodes patyşa ýygnagyň käbir agzalaryny yzarlap başlady+. 2  Ol Ýahýanyň dogany Ýakuby+ gylyç bilen öldürdi+. 3  Ol ýehudylaryň muňa begenendigini görüp, Petrusy hem tussag etmegi buýurdy. Şol günler Petir baýramydy+. 4  Ol Petrusy tutup, türmä basdy+. Petrusy dört esgerden ybarat bolan dört topar garawullaýardy. Pasha baýramyndan soň, Hirodes ony halkyň öňüne çykarmakçydy*. 5  Şeýlelikde, Petrus türmededi, ýygnak bolsa Hudaýa ol hakda dyngysyz doga edýärdi+. 6  Hirodesiň Petrusy halkyň öňüne çykarmazyndan öňki gijesi, ol iki esgeriň arasynda uklap ýatyrdy. Petrusyň iki eli⁠-⁠de zynjyr bilen baglanandy. Türmäniň derwezesini esgerler garawullaýardy. 7  Birdenkä Ýehowanyň* perişdesi peýda boldy+, şonda Petrusyň ýatan jaýy ýagtyldy. Ol Petrusy yralap: «Çaltrak tur!» diýdi. Şonda Petrusyň elindäki zynjyrlar üzüldi+. 8  Soňra perişde: «Eşigiňi we çarygyňy* geý» diýdi. Ol aýdylyşy ýaly etdi. Soňra perişde: «Donuňy geýip, yzyma düş» diýdi. 9  Petrus daşyna çykyp, perişdäniň yzyna düşdi. Ol bolýan zatlaryň hakykatdygyna düşünmän, görnüş* görýändirin öýdýärdi. 10  Olar birinji hem ikinji garawullardan geçip, şähere çykýan demir derwezäniň ýanyna bardylar welin, ol öz⁠-⁠özünden açyldy. Olar daşary çykyp, köçeden ýöräp barýarkalar, birdenkä perişde gözden gaýyp boldy. 11  Şonda Petrus özüne gelip: «Ýehowa* perişdesini iberip, meni Hirodesiň we ýehudylaryň elinden halas edipdir»+ diýdi. 12  Petrus bolan zatlara düşünip, Markus diýilýän Ýahýanyň+ ejesi Merýemiň öýüne bardy. Olaryň öýünde birnäçe şägirt doga⁠-⁠dileg edip otyrdy. 13  Petrus derwezäni kakanda, Roda atly hyzmatkär gyz gapyny açmaga geldi. 14  Ol Petrusyň sesini tanap, begenjinden ýaňa gapyny açmagy hem unudyp, ylgap içeri girdi⁠-⁠de, oturanlara derwezäniň agzynda Petrusyň durandygyny aýtdy. 15  Olar gyza: «Akylyňdan azaşdyňmy?» diýdiler. Emma hyzmatkär Petrusyň gelendigini gaýta⁠-⁠gaýta aýdyp duransoň: «Onda ol Petrusyň perişdesidir» diýişdiler. 16  Petrus henizem derwezäni kakyp durdy. Olar derwezäniň gapysyny açanlarynda, Petrusy görüp haýran galdylar. 17  Emma ol ýuwaş boluň diýip yşarat etdi. Soňra Ýehowanyň* türmeden çykaryşyny jikme⁠-⁠jik gürrüň berip: «Bolan wakany Ýakuba+ we beýleki doganlara aýdyň» diýdi. Özi bolsa başga ýere gitdi. 18  Daň atanda, esgerler Petrusyň ýokdugyny görüp, howsala düşdüler. 19  Hirodes ony ýer ýykyp gözledi, emma tapmansoň, garawullary soraga tutup, jeza bermegi buýurdy+. Özi bolsa Ýahudadan gaýdyp, Kaýsariýada birnäçe wagt boldy. 20  Hirodes Tir bilen Sidon halkyna garşy gahar⁠-⁠gazaba mündi. Şonda olar özara maslahatlaşyp, Hirodesiň huzuryna geldiler we köşk emeldary Blastusdan patyşa bilen ýaraşdyrmagy haýyş etdiler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy. 21  Bellenen gün Hirodes şa lybasyny geýip, höküm kürsüsinde oturdy⁠-⁠da, halka ýüzlenip, söz sözledi. 22  Halk hem batly ses bilen: «Bu adamyň sesi däl, taňrynyň owazy!» diýip gygyrdy. 23  Hirodes Hudaýy şöhratlandyrmady, şonuň üçin Ýehowanyň* perişdesi oňa şol bada jeza berdi. Şeýlelikde, ol keselläp, endam⁠-⁠jany gurtlady we aradan çykdy. 24  Ýehowanyň* sözi bolsa ähli ýere ýaýraýardy, köp adamlar hem iman edýärdi+. 25  Barnabas+ bilen Sawul doganlara kömek üçin iberilen zatlary Iýerusalime getirenlerinden soňra+, Antakyýa dolandylar. Olar Markus diýilýän Ýahýany+ hem alyp gitdiler.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: höküm etmek üçin halkyň öňüne çykarmakçydy.
Ýa⁠-⁠da: aýakgabyňy; köwşüňi.
Sözlüge serediň.