Nakyllar 6:1—35

  • Goňşyňa kepil geçme (1—5)

  • «Eý ýalta, bar, garynja seret!» (6—11)

  • Dereksiz erbet adam (12—15)

  • Ýehowanyň ýigrenýän ýedi zady (16—19)

  • Kesekiniň gelni jany awlaýar (20—35)

6  Oglum, goňşyň karz alanda, kepil geçen bolsaň+,Ýat adam bilen ylalaşyk baglaşan bolsaň*+,  2  Diliňden bela galan bolsaň,Aýdan sözleriň bilen duzaga düşen bolsaň+,  3  Oglum, başyňy gutar.Sebäbi onuň penjesine düşdüň. Bar, aýagyna ýykylyp, ýalbar⁠-⁠ýakar et+.  4  Gözüňe uky gelmesin,Gabaklaryň ýumulmasyn.  5  Awçydan gaçan jeren kimin,Tordan sypan guş kimin janyňy halas et.  6  Eý ýalta+, bar, garynja seret!Işleýşine syn etseň, paýhasly bolarsyň.  7  Onuň ne serdary, ne baştutany, ne⁠-⁠de ýolbaşçysy bar.  8  Emma ol tomusda azygyny ýygnaýar+,Hasyl döwri iýjegini toplaýar.  9  Eý ýalta, haçana çenli ýatjak? Haçan oýanjak? 10  Biraz ýatsaň, biraz irkilseň,Biraz gol gowşuryp otursaň+, 11  Garyplyk garakçy kimin+,Mätäçlik talaňçy ýaly üstüňe geler. 12  Dereksiz, erbet adam ýalan⁠-⁠ýaşryk gepleýär+, 13  Göz gypyp+, el⁠-⁠aýagy bilen yşarat edýär. 14  Ol garaýürekli we päliýaman+,Adamlaryň arasyna çöp atýar+. 15  Şonuň üçin başyna birdenkä heläkçilik iner,Ol duýdansyz ýykylar, ýerinden galyp bilmez+. 16  Ýehowa alty zady ýigrenýär,Ýedi zat onuň üçin nejisdir: 17  Tekepbir gözler+, ýalançy dil+, bigünä gany dökýän eller+, 18  Päliýaman ýürek+, zalymlyk etmäge howlugýan aýaklar, 19  Her deminde ýalan ýagdyrýan şaýat+,Aga⁠-⁠iniň arasyna çöp atýan adam+. 20  Oglum, ataň tabşyryklaryny berjaý et,Eneň öwüt⁠-⁠ündewini* unutma+. 21  Olar ýüregiňe kök ursun,Boýnuňa monjuk bolsun. 22  Ýöräniňde ýol görkezsin,Ýatanyňda gorasyn,Turanyňda maslahatçyň bolsun. 23  Tabşyryk çyradyr+,Kanun nurdur+,Terbiýe we käýinç ýaşaýyş ýoludyr+. 24  Olar seni päliýaman aýaldan+,Süýji dilli ahlaksyz* aýaldan gorar+. 25  Onuň gözelligine maýyl bolma+,Owadan gözleriniň ýesiri bolma. 26  Ahlaksyz aýala sataşan çörege zar bolar+,Kesekiniň gelni janyňy awlar. 27  Ody gujaklap, eşigini ýakmadyk barmy?+ 28  Közüň üstünden ýöräp, aýagyny bişirmedik barmy? 29  Goňşusynyň* aýaly bilen ýatanyň ýagdaýy⁠-⁠da şeýledir;Ol aýala el degren adam jezasyz galmaz+. 30  Garnyny doýurmak üçin ogrulyk eden kişiniIl⁠-⁠gün ýazgarýan däldir. 31  Emma ol tutulsa, ýedi esse öwezini dolmaly bolar,Hatda öýüniň bar goşuny bermeli bolar+. 32  Zynahor adam akylsyzdyr,Ol öz aýagyna özi palta urýar+. 33  Başyna bela satyn alýar, masgara bolýar+,Ol näme etse⁠-⁠de, biabraý bolup galar+. 34  Gabanjaň är gahar⁠-⁠gazaba münýär,Ol ar alanda rehim etmeýär+. 35  Näçe töleseň⁠-⁠de, pul gözüne görünmez.Dünýä malyny berseň⁠-⁠de, gahary köşeşmez.

Çykgytlar

Ýa-da: adamyň elini gysan bolsaň.
Ýa-da: kanunyny; görkezmesini.
Sözme-söz: gelmişek. Nak 2:16-a serediň.
Ýa-da: Dostunyň; ýakynynyň.