Nakyllar 29:1—27
29 Käýinje gulak asmaýan özdiýenli adam+Duýdansyz ýykylar, gaýdyp turmaz+.
2 Dogruçyl köp bolsa halk begenýär,Erbet höküm sürse, halk ahy-nala çekýär+.
3 Akyldarlygy söýýän ogul atasyny begendirýär+,Azgyn aýallar bilen gatnaşýan baýlygyny ýele sowurýar+.
4 Adalatly patyşa ýurdy gülledýär+,Parahor bolsa ýurdy tozdurýar.
5 Goňşusyna ýaranjaňlyk edýän adam,Onuň aýagyna tor gurýar+.
6 Erbediň etmişi özüni duzaga düşürýär+,Hudaýhon adam begenjinden ýaňa gygyrýar+.
7 Hudaýhon adam garybyň hakyny alyp berýär+,Erbet bolsa garybyň halyndan habar almaýar+.
8 Öwünjeň adam halky* öjükdirýär+,Paýhasly adam bolsa gahary köşeşdirýär+.
9 Paýhasly adam akmak bilen jedelleşip başlasa,Gahardan, kemsitmeden başga alan galasy bolmaz+.
10 Ganhor bigünäni ýigrenýär+,Dogruçylyň janynyň kastyna çykýar*.
11 Akmak gahar oduny* pürkýär+,Paýhasly adam bolsa rahatdyr, gaharyny saklaýar+.
12 Hökümdar ýalana gulak gerse,Hyzmatkärleri pälinden azar+.
13 Garyp bilen sütem edýäniň bir meňzeşligi bar,
Olaryň ikisine-de ýaşaýşy Ýehowa berdi*.
14 Patyşa mätäje adalatly höküm çykarsa+,Onuň tagty hemişe berk durar+.
15 Temmi* we käýinç çagany paýhasly edýär+,Başyna goýberilen çaga enesiniň ýüzüni ýere salýar.
16 Erbetler köp bolsa, jenaýat hem artar,Emma dogruçyl olaryň heläk bolanyny görer+.
17 Ogluňa terbiýe ber, gulagyň dynç bolar,Ol kalbyňy şatlykdan doldurar+.
18 Alladan görkezme* bolmasa, halk başyna gidýär+,Kanuny berjaý edýän bagtly ýaşaýar+.
19 Hyzmatkäre gury söz kär etmez,Sebäbi ol düşünse-de, aýdylany etmeýär+.
20 Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi?+
Akmak ondan has çalt akyllanar+.
21 Çagalykdan läliksiredilen hyzmatkär,Gadyr bilmez bolup ýetişer.
22 Gaharjaň adam dawa turuzýar+,Gyzma adam bolsa köp günä edýär+.
23 Ynsanyň gopbamsylygy abraýdan düşürer+,Pesgöwünli bolsa şöhrata beslener+.
24 Ogry bilen tirkeşen başyny bela sokar*,
Ol şaýatlyk etmäge çagyrylsa-da*,Bilýänini gürrüň bermez+.
25 Adamdan gorksaň, duzaga düşersiň+,Ýehowa bil baglasaň, pena taparsyň+.
26 Köpler hökümdaryň huzuryna barmak* islär,Emma adalaty dikeldýän Ýehowadyr+.
27 Dogruçyl adalatsyzy ýigrenýär+,Erbet halal ýaşaýany ýigrenýär+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: şäheri.
^ Başga manysy: Dogruçyl janyny gorajak bolýar.
^ Ýa-da: ähli duýgularyny.
^ Sözme-söz: Ikisiniňem gözüni Ýehowa nurlandyrýar.
^ Sözme-söz: Taýak.
^ Sözme-söz: öz janyny ýigrener.
^ Ýa-da: nälet antyny eşitse-de.
^ Başga manysy: kömek etmegini.