Nakyllar 12:1—28

  • Düşünjesiz käýinji ýigrenýär (1)

  • Oýlanman aýdylan söz gylyç ýaly ýara salýar (18)

  • Parahatlygy saklaýan şatlanýar (20)

  • Ýalançy dil Ýehowa ýigrenjidir (22)

  • Gaýgy⁠-⁠alada çökerýär (25)

12  Terbiýäni söýýän bilimi söýýär+,Düşünjesiz bolsa käýinji ýigrenýär+.   Ýehowa akýürekli adamdan razydyr,Päliýamany höküm edýändir+.   Erbetlik edýän arkaýyn ýaşamaz+,Dogruçyllar bolsa uzak ömür sürer*.   Gaýratly gelin äriniň täjidir+,Binamys aýal äri üçin guragyry ýalydyr*+.   Hudaýhon adamyň pikirleri dogrudyr,Erbediň maslahaty tora salýandyr.   Zalymyň sözleri ölüm duzagydyr*+,Dogruçylyň dili halas edýändir+.   Erbediň öýi weýran ediler,Dogruçylyň öýi baky durar+.   Akylly sözleýän adam halkyň dilinden düşmeýär+,Mekir* adam bolsa aýak astynda galýar+.   Bir döwüm çöregi bolmasa⁠-⁠da,Özüni öwüp arşa çykarýandan+,Hyzmatkärli sada adam ýagşydyr. 10  Hudaýhon adam malynyň aladasyny edýär+,Erbet adamyň rehimdarlygy hem zalymlykdyr. 11  Melleginde işleýän daýhanyň garny dok bolar+,Biderek zatlaryň ugrunda hars urýan bolsa akmakdyr. 12  Erbet adam zalymyň mal⁠-⁠mülküne göz gyzdyrýar,Dogruçyl adam bol miweli agaç ýalydyr. 13  Erbet adam dilinden bela galýar+,Dogruçyl agyr dertden gutulýar. 14  Süýji dilli ýalkanýar+,Zähmetiniň hözirini görýär. 15  Akmagyň ýoly özüne dogrudyr+,Paýhasly adam maslahata gulak asýandyr+. 16  Akmagyň gany çalt* gyzýar+,Paýhasly* adam sögünji eşitmezlige salýar*. 17  Hak şaýat dogry sözleýär,Ýalançy şaýat bolsa aldaýar. 18  Oýlanman aýdylan söz gylyç kimin ýara salýandyr,Paýhasly adamyň dili derde dermandyr+. 19  Dogrusyny aýdýan ebedi ýaşar+,Ýalançy bolsa birsalymda ýok ediler+. 20  Betpäl adamyň kalby mekirligiň öýjügidir,Parahatlygy saklaýanyň* kalby şatlykdan doludyr+. 21  Dogruçylyň başyna betbagtçylyk inmez+,Erbediň gözi ajy hasratdan açylmaz+. 22  Ýalançy dil Ýehowa ýigrenjidir+,Alla wepaly adamlardan razydyr. 23  Ätiýaçly adam ýerini bilip gepleýär,Akylsyz bolsa lakgyldap oturýar*+. 24  Işeňňir adam hökümdar bolar+,Ýalta adam gul bolar+. 25  Gaýgy⁠-⁠alada ynsany çökerýär+,Hoş söz köňli galkyndyrýar+. 26  Dogruçyl öri meýdany seçip saýlaýar,Erbet adam öz pälinden tapýar. 27  Ýalta awunyň yzyna düşýän däldir+,Zähmetsöýer hyzmatkär hojaýyny üçin genji⁠-⁠hazynadyr. 28  Dogruçylyň ýoly ýaşaýşa eltýändir+,Ol ýolda ölüm ýokdur.

Çykgytlar

Ýa-da: köki bilen sogrulmaz.
Ýa-da: äriniň süňklerini çüýredýär.
Sözme-söz: gan dökmek üçin bukuda ýatýar.
Sözme-söz: Egri ýürekli.
Ýa-da: şol günüň özünde.
Ýa-da: Ätiýaçly.
Sözme-söz: sögünjiň üstüni örtýär.
Sözme-söz: ündeýäniň.
Ýa-da: akmaklygyny äşgär edýär.