Markus 8:1—38

  • Isa 4 000 adamy doýurýar (1—9)

  • Alamat görkezmegi soraýarlar (10—13)

  • Fariseýleriň we Hirodesiň hamyrmaýasy (14—21)

  • Kör adam sagalýar (22—26)

  • Petrus Isanyň Mesihdigini aýdýar (27—30)

  • Isanyň öljekdigi öňünden aýdylýar (31—33)

  • Hakyky şägirtler (34—38)

8  Şol günler Isanyň ýanyna ýene⁠-⁠de uly märeke ýygnandy. Olaryň iýmäge hiç zady galmansoň, Isa şägirtlerini çagyryp: 2  «Märeke üç günden bäri ýanymdan aýrylanok, olara ýüregim awaýar+, iýere zatlary ýok+. 3  Olary öýlerine aç goýberesim gelenok, sebäbi ýolda ysgyndan gaçarlar. Käbiri bolsa gaty uzakdan gelipdir» diýdi. 4  Şägirtleri oňa: «Çola ýerde şunça adamy doýurmak üçin çöregi nireden tapaly?» diýdiler. 5  Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi» diýip jogap berdiler+. 6  Şonda Isa märekäni ýerde oturtdy. Soňra ýedi çöregi alyp, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy⁠-⁠da, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtler bolsa märekä paýladylar+. 7  Olaryň birnäçe kiçi balygy hem bardy. Isa Hudaýa minnetdarlyk aýtdy⁠-⁠da, balyklary hem paýlamagy tabşyrdy. 8  Adamlar iýip doýandan soň, galan bölekleri ýygnadylar. Şonda ýedi uly sebet doldy+. 9  Ol ýerde 4 000⁠-⁠e golaý erkek adam bardy. Soňra Isa olary öýlerine ugratdy. 10  Isa şägirtleri bilen derrew gaýyga münüp, Dalmanuta gitdi+. 11  Fariseýler Isanyň ýanyna gelip, jedelleşip başladylar. Olar Isany synajak bolup, gökden bir alamat görkezmegi talap etdiler+. 12  Isa uludan demini alyp: «Şu nesil näme üçin alamat isleýär?+ Size hakykaty aýdýaryn, olara hiç hili alamat görkezilmez»+ diýdi. 13  Soňra ol fariseýleriň ýanyndan gaýdyp, ýene⁠-⁠de gaýyga mündi⁠-⁠de, deňziň beýleki kenaryna geçdi. 14  Şägirtleri bolsa ýany bilen çörek almagy ýatdan çykarypdyrlar. Gaýykda ýekeje çörekden başga iýere zat ýokdy+. 15  Isa olara: «Hüşgär boluň, fariseýleriň we Hirodesiň hamyrmaýasyndan seresap boluň»+ diýip duýdurdy. 16  Şonda şägirtleri çörek almandyklary üçin dawalaşyp başladylar. 17  Isa muny bilip: «Çörek ýok diýip näme üçin dawalaşýarsyňyz? Siz henizem düşünmediňizmi? Ýa düşünmek şeýle kynmy? 18  „Gözüňiz bolsa⁠-⁠da, görmeýärsiňizmi? Gulagyňyz bolsa⁠-⁠da, eşitmeýärsiňizmi?“ Ýadyňyzda bolsa, 19  bäş çöregi+ 5 000 erkek adama bölüp beripdim. Şonda galan çöreklerden näçe sebet dolupdy?» diýdi. Olar: «On iki»+ diýdiler. 20  Isa: «Ýedi çöregi 4 000 erkek adama bölüp berenimde, galan çöreklerden näçe uly sebet doldy?» diýip sorady. Olar: «Ýedi»+ diýdiler. 21  Şonda Isa: «Aýdanlarymyň manysyna henizem düşünmediňizmi?» diýdi. 22  Olar Beýtsaýda baranlarynda, Isanyň ýanyna kör adamy getirdiler. Olar Isa ýalbaryp, körüň gözüni açmagy haýyş etdiler+. 23  Isa onuň elinden tutup, obadan çykardy. Soňra onuň gözlerine tüýkürip+, ellerini goýdy⁠-⁠da: «Näme görýäň?» diýip sorady. 24  Ol töweregine seredip: «Men adamlary görýän, olar agaja meňzeýär, ýöne ýöräp barýarlar» diýdi. 25  Isa ýene⁠-⁠de elini onuň gözlerine goýdy. Şonda körüň gözi açylyp, ähli zady aýdyň görüp başlady. 26  Isa ony öýüne ugradyp: «Oba barma» diýdi. 27  Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa⁠-⁠Filipi obalaryna barýarka, olardan: «Adamlar maňa kim diýýär?»+ diýip sorady. 28  Olar: «Suwa çümdürýän Ýahýa+, käbiri Ylýas+, käbiri bolsa pygamberleriň biridir diýýärler» diýip jogap berdiler. 29  Ol: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesih»+ diýip jogap berdi. 30  Şonda Isa olara Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy+. 31  Şeýle⁠-⁠de Isa Ynsan oglunyň köp görgi görjekdigini, ýaşulularyň, uly ruhanylaryň, kanunçylaryň ýüz öwürjekdigini, adamlaryň bolsa ony öldürjekdigini, ýöne üç günden direljekdigini gürrüň berdi+. 32  Isa ähli zady açyk aýtdy. Şonda Petrus Isany bir gyra çekip, garşy çykyp başlady+. 33  Isa ondan öwrüldi⁠-⁠de, şägirtlerine seredip, Petrusa: «Çekil öňümden, Şeýtan! Sen Hudaýyň isleýşi ýaly däl⁠-⁠de, adamlar ýaly pikirlenýärsiň»+ diýip käýedi. 34  Isa märekäni we şägirtlerini çagyryp: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin⁠-⁠de, jebir pürsüni* alyp, hemişe yzyma düşsün+. 35  Kim janyny* halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda we Patyşalyk baradaky hoş habar üçin janyny ýitiren ony halas eder+. 36  Adam dünýäniň bar mal⁠-⁠mülküni edinse⁠-⁠de, janyny* ýitirse näme peýdasy bar?+ 37  Eýsem adam janyna* derek näme berip biler?+ 38  Şu biwepa* we günäli nesliň arasynda kim meniň şägirdimdigine, sözlerime ynanýandygyna utansa, Ynsan ogly⁠-⁠da mukaddes perişdeler bilen Atasynyň şan⁠-⁠şöhratynda gelende+, oňa şägirdim diýmäge utanar»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: zynahor.