Markus 11:1—33

  • Isa şähere dabaraly girýär (1—11)

  • Injir agajyna gargaýar (12—14)

  • Isa ybadathanany arassalaýar (15—18)

  • Guran injir agajyndan sapak ediniň (19—26)

  • Isanyň ygtyýaryna şübhelenýärler (27—33)

11  Olar Iýerusalimiň golaýyndaky Zeýtun dagynda ýerleşýän Beýtfagiýa we Betaniýa+ baryp ýetdiler. Isa iki şägirdini ýollap+, 2  şeýle diýdi: «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran münülmedik taýhary görersiňiz. Taýhary çözüp, alyp gaýdyň. 3  Biri size: „Edýäniňiz näme?“ diýse: „Ol Halypamyza gerek. Taýhary derrew yzyna getirip bereris“ diýiň». 4  Olar hem gidip, gapyda daňylgy duran taýhary görüp çözdüler+. 5  Şol ýerde duranlaryň käbiri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýdiler. 6  Şägirtler hem Isanyň aýdyşy ýaly jogap berdiler, şonda adamlar hiç zat diýmediler. 7  Olar taýhary+ Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+. 8  Adamlaryň köpüsi donlaryny ýola ýazýardylar, käbiri bolsa agajyň şahalaryny çapyp, ýere düşeýärdiler+. 9  Isanyň öňünden we yzyndan barýan märeke: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, ony halas et!+ Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!+ 10  Atamyz Dawudyň golaýlap gelýän Patyşalygyna şöhrat bolsun!+ Eý gökdäki Hudaýymyz, ýalbarýarys, ony halas et!» diýip gygyrýardy. 11  Isa Iýerusalime bardy. Ol ybadathana girip, daş⁠-⁠töwerekdäki zatlara syn etdi. Wagt giç bolansoň, 12 resuly bilen Betaniýa gitdi+. 12  Ertesi Betaniýadan gaýdyp gelýärkäler, Isa ajykdy+. 13  Ol uzakdan ýapraklan injir agajyny gördi. Isa injir iýmek üçin agajyň ýanyna baranda, ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Sebäbi injiriň bişýän wagty däldi. 14  Şonda ol: «Mundan beýläk senden hiç kim injir iýmesin»+ diýdi. Muny şägirtleri⁠-⁠de eşitdiler. 15  Şeýdip, olar Iýerusalime geldiler. Isa ybadathana girip, ähli satyjylary we alyjylary kowdy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny agdardy+. 16  Ol hiç kime ybadathananyň içinden zat geçirmäge rugsat bermedi. 17  Şeýle⁠-⁠de ol adamlara öwredip: «„Meniň öýüme milletleriň doga⁠-⁠dileg öýi diýler“+ diýip ýazylypdy. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna dönderdiňiz»+ diýdi. 18  Uly ruhanylar we kanunçylar muny eşidip, ony öldürmegiň küýüne düşdüler+. Ýöne olar Isadan gorkýardylar, sebäbi adamlar onuň öwredişine haýran galýardy+. 19  Gün ýaşyp ugranda, olar şäherden çykdylar. 20  Ertesi irden ýolda barýarkalar, injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler+. 21  Şonda Petrus bolan wakany ýatlap: «Mugallym*, seret! Seniň gargan injir agajyň gurapdyr»+ diýdi. 22  Isa: «Hudaýa iman et. 23  Size hakykaty aýdýaryn, biriňiz daga: „Ýeriňden tur, özüňi deňze zyň“ diýse, aýdýan zadynyň boljakdygyna şübhelenmese, ol hökman bolar+. 24  Size diýýärin, iman edip dilän zadyňyzy hökman alarsyňyz+. 25  Doga edýän wagtyňyz, göwnüňize degen adamy bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlar»+ diýdi. 26  *—— 27  Olar ýene⁠-⁠de Iýerusalime geldiler. Isa ybadathanadaka, uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular gelip: 28  «Sen bulary kimiň güýji bilen edýärsiň? Kim saňa ygtyýar berdi?»+ diýdiler. 29  Isa: «Mende⁠-⁠de bir sorag bar. Jogap berip bilseňiz, muny kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýdaýyn. 30  Ýahýa+ suwa çümdürmäge kim ygtyýar berdi? Hudaýmy ýa⁠-⁠da adamlar?*+ Hany, jogap beriň» diýdi. 31  Şonda olar öz aralarynda şeýle diýişdiler: «Eger Hudaý* diýsek, „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 32  Emma adamlar diýmäge⁠-⁠de gorkýarys». Sebäbi adamlar Ýahýany pygamber hasaplaýardy+. 33  Şonuň üçin olar Isa: «Bilemizok» diýip jogap berdiler. Isa hem: «Onda menem kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtjak däl» diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Rebbi.
Sözme⁠-⁠söz: Gökden berildimi ýa⁠-⁠da adamlardan?
Sözme⁠-⁠söz: gökden.