Luka 18:1—43
18 Isa ruhdan düşmän, hemişe doga etmegiň wajypdygy+ hakda şägirtlerine şeýle mysal getirdi:
2 «Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary hem sylamaýan kazy bardy.
3 Şol şäherde dul aýal hem ýaşaýardy. Ol kazynyň ýanyna gatnap: „Dawamy adalatly çözüp ber“ diýerdi.
4 Kazy köp wagtlap aýalyň dawasyny çözmek islemedi. Ýöne soň öz-özüne: „Hudaýdan gorkamok, adamlary hem sylamok,
5 emma dul aýal ýüregime düşdi, şonuň üçin dawasyny adalatly çözüp bereýin. Ýogsam ýanyma gatnap bizar eder“+ diýdi».
6 Halypamyz sözüni şeýle dowam etdi: «Siz adalatsyz kazynyň näme diýenine üns berdiňizmi?
7 Eger ol şeýle eden bolsa, onda Hudaý gije-gündiz perýat edýän saýlanlaryna+ sabyrly bolup+, adalaty dikeltmezmi?
8 Size diýýärin, Hudaý olar üçin adalaty hökman dikelder. Ýöne Ynsan ogly gelende, iman edýän adamlary taparmy?»
9 Isa özüni dogruçyl hasaplaýan we başgalary äsgermeýän adamlar hakda şeýle mysal getirdi:
10 «Iki adam doga etmek üçin ybadathana barýar. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçy.
11 Fariseý içinden şeýle doga edip başlaýar: „Eý Alla, saňa şükür edýärin! Men başgalar ýaly talaňçy, ýalançy, zynahor, hatda şu duran salgytçy ýaly däl.
12 Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, gazanjymyň ondan bir bölegini sadaka berýärin“+.
13 Emma salgytçy gyrada durup, başyny galdyrmaga-da ýürek etmän, gursagyna urup: „Eý Allam, men günäkäre rehim et!“+ diýýär.
14 Size diýýärin, salgytçy fariseýden has dogruçyl bolup öýüne gaýtdy+. Sebäbi özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler»+.
15 Adamlar çagalaryny* Isanyň ýanyna getirdiler we olara elini goýup, ak pata bermegi haýyş etjek boldular. Emma şägirtleri adamlara käýediler+.
16 Isa bolsa çagalary* ýanyna çagyryp: «Çagalary saklamaň, goý, ýanyma gelsinler. Olara degmäň, sebäbi Hudaýyň Patyşalygy çagalar ýaly adamlaryňkydyr+.
17 Size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygyny çaga ýaly kabul etmeseňiz, oňa asla girip bilmersiňiz»+ diýdi.
18 Baştutanlaryň biri Isadan: «Ýagşy Mugallym, ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?»+ diýip sorady.
19 Isa: «Näme üçin maňa ýagşy diýýärsiň? Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir+.
20 Sen: „Zyna etme+, adam öldürme+, ogurlyk etme+, ýalan şaýatlyk etme+, ene-ataňa hormat goý“+ diýen tabşyryklary bilýänsiň» diýdi.
21 Ol: «Men olaryň ählisini çagalygymdan bäri berjaý edýärin» diýdi.
22 Isa ony diňläp: «Saňa birje zat ýetenok. Bar, ähli zadyňy sat-da, garyplara paýla, şonda gökde baýlygyň bolar. Soňra gel-de, şägirdim bol»+ diýdi.
23 Ol muny eşidip, tukat boldy, sebäbi örän baýdy+.
24 Isa oňa seredip: «Baý adama Hudaýyň Patyşalygyna girmek örän kyn bolar+.
25 Düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr»+ diýdi.
26 Diňläp duranlar: «Onda kim halas bolar?»+ diýdiler.
27 Isa: «Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar»+ diýdi.
28 Petrus: «Biz ähli zadymyzy goýup, seniň yzyňa düşdük»+ diýdi.
29 Isa olara: «Size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny ýa-da çagalaryny taşlan adam+
30 şu döwürde has köp bereket alar, gelejekde* bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar»+ diýdi.
31 Isa 12 resulyny bir gyra çekip: «Biz Iýerusalime barýarys, pygamberleriň Ynsan ogly hakda ýazan ähli zatlary berjaý bolar+.
32 Ony başga milletli adamlaryň eline tabşyrarlar+, üstünden gülerler+, kemsiderler we üstüne tüýkürerler+,
33 gamçylarlar, soňra öldürerler+. Emma ol üçünji gün direler»+ diýdi.
34 Ýöne şägirtler onuň sözleriniň birine-de düşünmediler, sebäbi manysy olara açylmandy. Şol sebäpli olar Isanyň näme hakda gürrüň edýändigine düşünmediler.
35 Isa Ýerihona golaýlanda, ýoluň ugrunda dilegçilik edýän kör adam oturan eken+.
36 Kör adam geçip barýanlaryň sesini eşidip, näme bolýandygyny sorady.
37 Adamlar: «Nazaretli Isa geçip barýar» diýdiler.
38 Şonda ol: «Eý Dawut Ogly Isa, maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
39 Onuň ýanynda duranlar käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdylar. Emma ol öňküden beter gygyryp: «Dawut Ogly, maňa rehim et!» diýdi.
40 Isa aýak çekip, kör adamy ýanyna getirmegi buýurdy. Ýanyna getirenlerinde, Isa ondan:
41 «Saňa näme kömek edeýin?» diýip sorady. Ol: «Agam, gözlerimi açaý!» diýdi.
42 Isa: «Gözleriň açylsyn, seni imanyň sagaltdy»+ diýdi.
43 Onuň şol bada gözleri açyldy we Alla alkyş aýdyp, Isanyň yzyna düşüp gitdi+. Muny gören adamlar bolsa Hudaýy şöhratlandyrdylar+.