Koloslylara hat 3:1—25

  • Köne we täze ýaradylyş (1—17)

    • Beden agzalaryny öldüriň (5)

    • Söýgi agzybir edýär (14)

  • Mesihçi maşgalalara we gullara maslahat (18—25)

3  Eger Hudaý sizi Mesih bilen bilelikde direlden bolsa+, onda gökdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr+.  Ýerdäki zatlara däl-de+, gökdäki zatlara üns beriň*+.  Siz ölüpdiňiz, ýöne Hudaýyň islegi boýunça, ýaşaýşyňyz Mesihiň eline berildi.  Bizi ýaşaýşa eltýän Mesih+ äşgär bolanda, siz hem onuň bilen şöhrata eýe bolmak üçin äşgär bolarsyňyz+.  Şol sebäpli beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy*, haramlygy, ahlaksyz islegleri+, erbet höwesleri we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň+.  Sebäbi şu zatlary edýän adamlara Hudaýyň gazaby iner.  Siz hem öň şeýle işleri edýärdiňiz+.  Ýöne indi gahar-gazap we ýamanlyk etmäň+. Sögünç sözler+ we edepsiz gürrüňler+ agzyňyzdan çykmasyn.  Biri-biriňize ýalan sözlemäň+. Öňki häsiýetleriňizi*+ we köne işleriňizi goýuň*. 10  Hudaýdan görelde alyp*, täze häsiýetleri öwreniň*+. Hudaý hakda dogry bilim alyp, täze häsiýetleriňizi has-da gowulaşdyryň+. 11  Şonda grek bilen ýehudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, gelmişek bilen medeniýetsiz adamyň*, gul bilen azat adamyň arasynda tapawut bolmaz. Ýöne ähli zat we hemmeler Mesihde jemlenendir+. 12  Şeýle-de Hudaýyň saýlan mukaddesleri+ we söýýän adamlary hökmünde mähirli, duýgudaş+, mylakatly, pesgöwünli+, ýumşak+ we sabyrly boluň*+. 13  Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da+, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň+. Ýehowanyň* sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly+. 14  Mundan başga-da, söýgi häsiýetini öwreniň*+, sebäbi söýgi ähli adamlary agzybir edýär+. 15  Goý, ýürekleriňizde Mesihiň parahatlygy höküm sürsün!+ Hudaý sizi bir beden bolup, parahat ýaşamaga çagyrdy. Şeýle-de minnetdar boluň. 16  Mesihiň sözleri ýüregiňizde ornaşsyn, şonda akyldar bolarsyňyz. Hudaýa öwgüli aýdymlar, alkyşlar, ruhy aýdymlar aýdyp minnetdar boluň we Ýehowa* nagma aýdyp+, biri-biriňize tälim beriň, ruhlandyryň*+. 17  Näme aýtsaňyz-da, näme etseňiz-de, Halypamyz Isanyň ady bilen ediň, ol arkaly Atamyz Hudaýa minnetdar boluň+. 18  Aýallar, äriňize tabyn boluň!+ Halypamyzyň şägirtlerine tabynlyk ýaraşýandyr. 19  Ärler, aýalyňyzy hemişe söýüň+, olar bilen gödek* bolmaň+. 20  Çagalar, ene-ataňyza hemişe gulak asyň+, sebäbi muny Halypamyz halaýandyr. 21  Atalar, çagalaryňyz ruhdan düşmez ýaly, gaharyny getirmäň*+. 22  Gullar, hojaýynlaryňyza ähli zatda gulak asyň+, diňe adamlaryň öňünde göz üçin däl-de, Ýehowa* hormat goýýandygyňyz üçin, olara ýürekden gulak asyň. 23  Näme etseňiz-de, adamlar üçin däl-de, Ýehowa* üçin ýürekden ediň+. 24  Bilip goýuň, Ýehowa* size hökman miras berer+. Hojaýynyňyz Mesihe gul kimin hyzmat ediň. 25  Hawa, her kes nädogry işi üçin hakyny alar+, sebäbi Hudaý ala tutman höküm edýär+.

Çykgytlar

Ýa-da: hakda pikir ediň.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Köne adamy.
Ýa-da: egniňizden çykaryň.
Ýa-da: Hudaýyň keşbine mahsus.
Ýa-da: geýiň.
Sözme-söz: skifiň. Pes medeniýetli göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: geýiň.
Ýa-da: geýiň.
Ýa-da: ündäň.
Ýa-da: gaharjaň.
Ýa-da: ýüregine düşmäň; irizmäň.