Hydyr 1:1—11

  • Kir patyşanyň ybadathanany dikeltmek hakda permany (1—4)

  • Ýehudylar Wawilondan watanyna dolanmaga taýýarlanýar (5—11)

1  Pars patyşasy Kiriň+ hökümdarlygynyň birinji ýylynda, Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözi+ ýerine ýetdi. Ýehowa Pars patyşasy Kiri bir perman çykarmaga höweslendirdi*. Kir patyşa şu permany bütin patyşalygynda jar çekdirdi+: 2  «Pars patyşasy Kir şeýle diýýär: „Gökleriň Hudaýy Ýehowa ýer ýüzüniň ähli patyşalyklaryny maňa berdi+. Ol Ýahuda topragynda ýerleşýän Iýerusalimde ybadathana* gurmagy tabşyrdy+. 3  Araňyzda şol Hudaýa sežde edýäniňiz barmy? Goý, Hudaý ýaryňyz bolsun! Ýahudada ýerleşýän Iýerusalime gidiň⁠-⁠de, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny* gaýtadan dikeldiň. Ol hak Hudaýdyr. 4  Watanyna dolanýanlara+ goňşy⁠-⁠golamlary kömek etsin. Olara altyn⁠-⁠kümüş, goş⁠-⁠golam we mal⁠-⁠gara bersinler, hak Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasy üçin sadakalary hem bersinler“»+. 5  Soňra ýahuda we benýamin taýpasynyň baştutanlary, ruhanylar, lewiler, hak Hudaýyň höweslendiren ähli adamlary Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny dikeltmäge gitmek üçin taýýarlyk gördüler. 6  Ähli goňşulary bolsa altyn⁠-⁠kümüşden gap⁠-⁠gaç, goş⁠-⁠golam, mal⁠-⁠gara we gymmatbaha zatlary berip, kömek etdiler. Olar göwnünden çykaran sadakalaryny hem berdiler. 7  Onsoňam, Kir patyşa Ýehowanyň ybadathanasynyň gap⁠-⁠gaçlaryny yzyna berdi. Nawuhodonosor şol gap⁠-⁠gaçlary Iýerusalimden alyp gaýdyp, öz taňrysynyň buthanasynda goýupdy+. 8  Pars patyşasy Kir gap⁠-⁠gaçlary hazynaçysy Mitredata çykartdy. Mitredat olary sanap, Ýahudanyň baştutany Şeşbasara*+ berdi. 9  Sanap görseler, sebet görnüşli 30 altyn gap, sebet görnüşli 1 000 kümüş gap, başga⁠-⁠da 29 gap 10  we 30 altyn käse, 410 kümüş käse, başga⁠-⁠da 1 000 gap⁠-⁠gaç bar eken. 11  Altyn⁠-⁠kümüş gap⁠-⁠gaçlar jemi 5 400 sanydy. Ýehudylar Wawilon ýesirliginden+ Iýerusalime gaýdanda, Şeşbasar şol gap⁠-⁠gaçlary hem äkitdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ruhuny iterdi.
Sözme⁠-⁠söz: öý.
Başga manysy: Iýerusalimde ýaşaýan Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň ybadathanasyny.
Hyd 2:2; 3:8⁠-⁠däki Zerubabel göz öňünde tutulýan bolmaly.