Filipililer 4:1—23

  • Agzybirlik, şatlyk, dogry zatlar hakda pikirlenmek (1—9)

    • «Hiç zadyň aladasyny etmäň» (6, 7)

  • Filipililere bildirilen minnetdarlyk (10—20)

  • Hoşlaşyk sözleri (21—23)

4  Doganlarym, sizi söýýärin we örän göresim gelýär. Eziz doganlarym, siz meniň begenjim, başymyň täjisiňiz+. Hudaýyň* ýolunda berk duruň+. 2  Ewodiýa bilen Sintihiýa Hudaýa* gulluk edip, bir pikirde bolmagy ündeýärin+. 3  Hawa, wepaly işçiler hökmünde sizden şuny haýyş edýärin: meniň bilen bile eginme-egin işleşip*, hoş habary wagyz eden şol iki uýany goldaň. Olar Klement we ýaşaýyş kitabynda atlary ýazylan+ başga-da işdeşlerim bilen zähmet çekendir. 4  Hudaýa* hemişe şatlyk bilen gulluk ediň. Hawa, ýene-de aýdýaryn, şatlanyň!+ 5  Goý, hemmeler sizi paýhasly* adam+ hökmünde tanasyn. Hudaý siziň bilendir. 6  Hiç zadyň aladasyny etmäň+, her bir ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap doga ediň, minnetdarlyk bilen dileg ediň we ýalbaryň+. 7  Şonda ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy+ siziň ýürekleriňizi+ we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. 8  Şeýlelikde, doganlar, diňe hakyky, wajyp, dogry, päk*, söýgä höweslendirýän, ýagşy, öwgä we şöhrata mynasyp zatlar hakda oýlanyň+. 9  Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy ediň+, şonda Hudaýyň parahatlygy siziň bilen bolar. 10  Meniň ýene-de aladamy edýändigiňize Hudaýyň* gullukçysy hökmünde örän begenýärin+. Siz hemişe-de aladamy edýärdiňiz, ýöne köplenç mümkinçiligiňiz bolmaýardy. 11  Muny mätäçlik çekýändigim üçin aýtmaýaryn, sebäbi ähli ýagdaýlarda baryma kaýyl bolmagy öwrendim+. 12  Men mätäçlikde+ we bolçulykda ýaşamagyň nämedigini bilýärin. Ähli zatda we ähli ýagdaýda doklugyň hem açlygyň, bolçulykda hem mätäçlikde ýaşamagyň syryny bildim. 13  Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir+. 14  Muňa garamazdan, siz kynçylyklarymda kömek edip, ýagşylyk etdiňiz. 15  Eý filipililer, Makedoniýadan gaýdanymda, sizden başga hiç bir ýygnak maňa kömek etmedi, kömegimi-de kabul etmedi. Siz hoş habary eşiden günüňizden bäri maňa kömek edýärsiňiz+. 16  Men Selanikdekäm, siz bir gezek däl, iki gezek zat iberdiňiz. 17  Elbetde, men sizden sowgada garaşmaýaryn, ýöne siziň ýagşylyk edip, has köp bereket* almagyňyzy isleýärin. 18  Meniň hemme zadym bar, hatda artygy bilenem bar. Epafroditden+ iberen zatlaryňyzy alanymdan soň bolsa, kem zadym galmady. Olar Hudaýyň halaýan ýakymly ysly+ gurbanlygy kimin boldy. 19  Hudaý hem şöhratly baýlygy bilen Isa Mesih arkaly ähli gerekli zatlaryňyzy berer+. 20  Hudaýymyza we Atamyza baky hem ebedi şöhrat bolsun! Omyn! 21  Isa Mesihiň şägirtleri bolan ähli mukaddeslere meniň adymdan salam aýdyň. Ýanymdaky doganlar hem salam aýdýarlar. 22  Mukaddesleriň ählisi, esasan-da, Sezaryň öý-içerisindäkiler+ salam aýdýarlar. 23  Halypamyz Isa Mesih dogry garaýşyňyz üçin ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Başga manysy: Halypamyzyň.
Başga manysy: Halypamyza.
Sözme-söz: göreşip.
Başga manysy: Halypamyza.
Sözme-söz: ýumşak; eglişikli.
Ýa-da: arassa.
Başga manysy: Halypamyzyň.
Sözme-söz: miwe.