Amos 7:1—17

  • Görnüş: Ysraýyl tizden ýok ediler (1—9)

  • Amosa pygamberlik etme diýýärler (10—17)

7  Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa şuny görkezdi: patyşa üçin bede ýygnalypdy, güýzlük ekin ösüp başlanda, Hudaý çekirtge sürüsini iberdi. 2  Çekirtgeler ýurtdaky ähli gök otlary iýip gutardy. Şonda men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, ýalbarýaryn, halky bagyşla!+ Ýakup nädip aman galyp biler? Ol ejiz ahyryn!»+ diýdim. 3  Ýehowa pikirini üýtgetdi*+. Ýehowa: «Betbagtçylyk gelmez» diýdi. 4  Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa şuny görkezdi: Älemiň Hökümdary Ýehowa jeza bermek üçin ot iberdi. Ot deňzi we ýurduň bir bölegini ýalmap ýuwutdy. 5  Men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, ýalbarýaryn, saklan!+ Ýakup nädip aman galyp biler? Ol ejiz ahyryn!»+ diýdim. 6  Ýehowa pikirini üýtgetdi*+. Älemiň Hökümdary Ýehowa: «Beýle betbagtçylyk gelmez» diýdi. 7  Ol maňa şuny görkezdi: Ýehowa ölçeg daşy* bilen gurlan diwaryň üstünde durdy, elinde⁠-⁠de ölçeg daşy bardy. 8  Ýehowa maňa: «Amos, näme görýärsiň?» diýdi. Men: «Ölçeg daşyny» diýdim. Şonda Ýehowa şeýle diýdi: «Men ysraýyl halkymy ölçeg daşy bilen barlaryn. Indi men olary bagyşlamaryn+. 9  Yshagyň seždegähleri*+ weýran bolar, Ysraýylyň mukaddes ýerleri derbi⁠-⁠dagyn ediler+. Men Ýerobgamyň öýüne gylyç bilen gelerin»+. 10  Beýteliň+ Amazýa ruhanysy Ysraýyl patyşasy Ýerobgama+ şeýle habar ýollady: «Amos Ysraýylda size garşy dildüwşük gurnaýar+. Onuň sözleri halkyň ýüregine düşdi+. 11  Amos: „Ýerobgam gylyçdan öler, ysraýyl halky ýurdundan sürgün ediler“+ diýýär». 12  Amazýa ruhany Amosa şeýle diýdi: «Eý görgür*, bärden git, Ýahuda ýurduna gaç. Iýjek çöregiňi aňyrda gazan, pygamberligiňi⁠-⁠de şol ýerde et+. 13  Indi gaýdyp Beýtelde pygamberlik etme+. Sebäbi ol patyşanyň we patyşalygyň ybadathanasydyr»+. 14  Amos pygamber Amazýa şeýle diýdi: «Men pygamberem däl, pygamberiň ogly hem däl. Men bir çopandym+, injir agajyna seredýän bagbandym. 15  Emma Ýehowa meni goýun bakyp ýören ýerimden çagyrdy. Ýehowa maňa: „Bar, ysraýyl halkyma pygamberlik et“ diýdi+. 16  Indi Ýehowanyň sözlerini diňle! Sen maňa: „Ysraýyla garşy pygamberlik etme+, Yshagyň öýüne garşy ýekeje söz hem aýtma“+ diýdiň. 17  Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär: „Seniň aýalyň zorlanar, ogul⁠-⁠gyzlaryň gylyç bilen öldüriler, ekin meýdanyň ölçeg ýüpi bilen paýlanar, sen ýat ýurtda ölersiň, ysraýyl halky sürgün ediler“»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ökündi.
Ýa⁠-⁠da: ökündi.
Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.