Amos 5:1—27

  • Ysraýyl gyzy ýykyldy (1—3)

  • Hudaýa dolanyň, halas bolarsyňyz (4—17)

    • Erbetligi ýigreniň, ýagşylygy söýüň (15)

  • Ýehowanyň gününde tümlük bolar (18—27)

    • Hudaý Ysraýylyň gurbanlygyndan hoşal bolmaýar (22)

5  «Eý Ysraýyl öýi, siziň üçin aýdýan agymy* diňläň:  2  „Ysraýyl gyzy ýykyldy,Indi ýerinden galyp bilmez. Ony ýurdunda taşlap gitdiler,Ýerinden galdyrjak tapylmaz“. 3  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl öýüniň üstüne betbagtçylyk iner.Şäherden söweşe müň adam çykar,Ýöne ýüz adam aman galar.Söweşe ýüz adam çykar, emma on adam aman galar“+. 4  Ýehowa Ysraýyl öýüne şeýle diýýär: „Maňa dolanyň, halas bolarsyňyz+.  5  Beýtele+ barmaň,Gilgala+ gitmäň, Beýer⁠-⁠şeba+ geçmäň.Sebäbi Gilgal sürgün ediler+,Beýtel hiç zat bolup galar*.  6  Ýehowa dolanyň, halas bolarsyňyz+.Ýogsam ol Ýusup öýüni ýakyp kül eder.Beýteli ýandyrar, söndüren bolmaz.  7  Siz adalatsyzlyk edip,Halkyň durmuşyny ýowşan ýaly ajy etdiňiz.Adalaty aýak astynda basgyladyňyz+.  8  Ol Ülker ýyldyzyny*, Üç Ýyldyzy* ýaratdy+.Ol tümlügi ýagtylyga öwürýär,Gündizi gije kimin garaňky edýär+.Deňziň suwlaryny ýygnap,Ýer ýüzüne çabga ýagdyrýar+.Onuň ady Ýehowadyr.  9  Ol pälwany göz açyp⁠-⁠ýumasy salymda ýok eder,Galanyň üstüne betbagtçylyk inderer. 10  Siz şäher derwezesinde käýinç berýänleri,Hakykaty aýdýanlary ýigrenýärsiňiz+. 11  Siz garyba salgyt salýarsyňyz,Bergisi üçin hasylyny elinden alýarsyňyz+.Şonuň üçin oýma daşdan guran jaýyňyzda ýaşamarsyňyz+.Eken saýlama üzümiňizden şerap içmersiňiz+. 12  Siz ençeme gezek gozgalaň turuzdyňyz,Agyr günäleri etdiňiz.Siz dogruçyl adama köp azar berdiňiz, para aldyňyz,Şäher derwezesinde garyba adalatsyzlyk etdiňiz+.Men ähli eden zatlaryňyzy bilýärin. 13  Şonuň üçin heläkçilik döwri geler+,Şol döwürde düşünjeli adam dymar. 14  Eger erbetlik däl⁠-⁠de, ýagşylyk etseňiz+,Siz ýaşarsyňyz+. Belki şonda: „Hudaý biziň bilendir!“ diýşiňiz ýaly,Serkerdebaşy Ýehowa, dogrudan⁠-⁠da, siziň bilen bolar+. 15  Erbetligi ýigreniň, ýagşylygy söýüň+,Şäher derwezesinde adalatly boluň+. Belki, şonda Serkerdebaşy ÝehowaÝusup öýüniň aman galanlaryna rehim eder“+. 16  Ýehowa, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ähli adamlar şäher meýdançalarynda* aglarlar.Ähli köçelerde: „Waý halymyza!“ diýerler. Daýhanlary matam tutmaga,Agyçylary agy aýtmaga çagyrarlar“. 17  „Her bir üzümçilikde ýas tutarlar+,Sebäbi men size jeza bermek üçin araňyzdan geçerin“.Muny Ýehowa aýdýar. 18  „Ýehowanyň gününi küýseýänleriň waý halyna!+ Ýehowanyň gününde size näme bolar?+ Ol gün garaňkylyk we tümlük bolar+. 19  Ýolbarsdan gaçyp, aýa duşan adamyň,Öýüne girip, diwara söýenende ýylan çakan adamyň ýagdaýy nähili bolsa, ol gün hem şeýle aýylganç bolar. 20  Ýehowanyň gününde ýagtylyk däl⁠-⁠de, garaňkylyk bolar,Yşyk däl⁠-⁠de, tümlük bolar. 21  Baýramlaryňyzy ýigrenýärin, olar ýüregimi bulaýar+.Uly baýramlarda berilýän gurbanlyklary halamaýaryn. 22  Maňa ýakma gurbanlyklaryny we sadakalary berseňiz⁠-⁠de,Olardan hoşal bolmaryn+.Parahatlyk gurbanlygy hökmünde berenSemiz mallaryňyzy kabul etmerin+. 23  Aýdym aýtmagyňyzy bes ediň.Men çeň* saz gurallaryň owazyny eşitmek islemeýärin+. 24  Goý, adalat derýa kimin aksyn+,Dogruçyllyk çeşme kimin şarlap aksyn. 25  Eý Ysraýyl öýi, çölde 40 ýyllapMaňa gurbanlyklar we sadakalar berdiňizmi näme?+ 26  Indi eliňiz bilen ýasan ýyldyz butlaryňyz,Sakut we Kaýwan* butlaryňyz siziň bilen sürgün ediler. 27  Men sizi Damaskdan hem aňry sürgün ederin“+.Muny ady Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: agy aýdymymy.
Başga manysy: geň zada öwrüler.
Sözme⁠-⁠söz: Kesili.
Sözme⁠-⁠söz: Kimany.
Sözlüge serediň.
Arfanyň bir görnüşi.
Olaryň sežde eden Sakut we Kaýwan butlary Saturn planetasyny aňladýan bolmaly.