Zekerýa 2:1—13

  • 3⁠-⁠nji görnüş: ölçeg ýüpli adam (1—13)

    • Iýerusalim ölçenýär (2)

    • Ýehowa «otly diwar» kimin (5)

    • Hudaýyň gözüniň görejine degmek (8)

    • Halklar Ýehowanyň tarapyna geçerler (11)

2  Men başymy galdyryp seredenimde, eli ölçeg ýüpli+ biri durdy. 2  Men ondan: «Nirä barýarsyň?» diýip soradym. Ol: «Iýerusalimi ölçäp, onuň inini we uzynlygyny bilmäge barýaryn»+ diýip jogap berdi. 3  Meniň bilen gepleşip duran perişde gitdi. Ýolda oňa başga perişde duşup, 4  şeýle diýdi: «Ýaş ýigidiň ýanyna tiz bar⁠-⁠da, şeýle diý: „Adamlaryň we mal⁠-⁠garanyň köplüginden+ ýaňa Iýerusalim diwarsyz oba meňzär+. 5  Men onuň daşyny otly diwar kimin gurşaryn+. Ol şan⁠-⁠şöhratymdan dolar“+. Muny Ýehowa aýdýar». 6  «Eglenmäň, tiz boluň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň»+. Muny Ýehowa aýdýar. «Men sizi dünýäniň çar tarapyna* dargatdym»+. Muny Ýehowa aýdýar. 7  «Sion, eglenme! Wawilon şäherinde ýaşaýan, janyňy gutar!+ 8  Şöhraty arşa galan Serkerdebaşy Ýehowa sizi talan halklaryň+ ýanyna meni iberip, şeýle diýýär: „Halkyma degen gözümiň görejine degýändir+. 9  Indi men olara el götererin, olary öz gullary talar“+. Şonda meni Serkerdebaşy Ýehowanyň iberendigine göz ýetirersiňiz. 10  Sion gyzy, joşup aýdym aýt+, sebäbi men gelip+, araňyzda bolaryn+ — muny Ýehowa aýdýar. 11  — Şol gün halklaryň köpüsi Ýehowanyň tarapyna geçerler+, olar meniň halkym bolar; menem araňyzda bolaryn». Şonda meni Serkerdebaşy Ýehowanyň iberendigini bilersiňiz. 12  Ýehowa mukaddes toprakda Ýahudany paýy edip alar, ýene⁠-⁠de Iýerusalimi saýlar+. 13  Eý ynsanlar, Ýehowanyň öňünde ümsüm boluň, sebäbi ol niýetini amala aşyrmak üçin mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: gögüň dört ýeline.