Nehemýa 1:1—11

  • Iýerusalimden gelen habar (1—3)

  • Nehemýanyň dogasy (4—11)

1  Hakalýanyň ogly Nehemýanyň*+ sözleri: Men 20⁠-⁠nji ýylyň* kislew* aýynda Şuşan*+ galasyndadym. 2  Doganym* Hananýar+ Ýahudadan birnäçe adam bilen ýanyma geldi. Men ýesirlikden boşan ýehudylaryň+ we Iýerusalimiň ýagdaýy hakda soradym. 3  Olar: «Ýesirlikden gelip, Ýahuda etrabynda ýaşaýan adamlar gözgyny ýagdaýda, ile gülki boldular+. Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp ýatyr+, derwezeleri ýanyp kül boldy»+ diýdiler. 4  Muny eşidip, aglap başladym. Birnäçe günläp hasrat çekdim, agyz bekläp+, gökdäki Hudaýa doga etdim. 5  Men şeýle doga etdim: «Gökdäki Hudaýym Ýehowa, sen ähtiňe wepalysyň, hudaýhonlary*, tabşyryklaryňy berjaý edýänleri söýýärsiň*+, beýik hem haýbatly Hudaýsyň! 6  Haýyş edýärin, dogamy ünsli diňläp, guluňa jogap ber. Ysraýyl halkyň üçin gije⁠-⁠gündiz edýän dilegimi eşit+. Halk saňa garşy köp günäleri etdi, olaryň günäsi üçin ötünç soraýaryn. Menem, atamyň öý⁠-⁠içerisem öňüňde günäkär+. 7  Biz guluň Musa arkaly beren tabşyryklaryňy, kanunlaryňy we hökümleriňi bozup+, agyr günä etdik+. 8  Haýyş edýärin, guluň Musa aýdan sözleriňi ýada sal. Sen: „Eger biwepalyk etseňiz, sizi halklaryň arasyna dargadaryn+. 9  Ýöne toba etseňiz*, tabşyryklaryma gulak asyp, olary berjaý etseňiz, ýeriň aňry ujuna çenli dargan bolsaňyz⁠-⁠da, sizi ýygnap+, adym üçin saýlan ýerime getirerin“+ diýipdiň. 10  Olar beýik gudratyň, güýçli goluň bilen azat eden halkyň hem gullaryň+. 11  Ýehowa, ýalbarýaryn, guluň dogasyny ünsli diňle. Adyňa ýürekden hormat goýýanlaryň* dogasyny eşit. Haýyş edýärin, işim oňuna bolar ýaly, patyşanyň ýüregini ýumşat»+. Şol wagt men patyşanyň şerapçysydym+.

Çykgytlar

Manysy: Ýah göwünlik berýär.
Pars patyşasy Ardaşiriň hökümdarlygynyň 20⁠-⁠nji ýyly göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: Suza.
Sözme⁠-⁠söz: Doganlarymyň biri.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirýärsiň.
Ýa⁠-⁠da: özüňi söýýänleri.
Ýa⁠-⁠da: maňa dolansaňyz.
Sözme⁠-⁠söz: Adyňdan gorkýanlaryň.