Işaýa 65:1—25
65 «Meni tanamaýanlara özümi tanatdym,Meni agtarmaýanlara özümi äşgär etdim+.
Adymy tutup çagyrmaýan halka: „Ine men, bärde!“ diýdim+.
2 Erbet ýollardan ýöreýänlere+,Öz pikirine daýanýanlara+,Kesir halka uzakly gün elimi uzatdym+.
3 Olar bag-bakjalarda gurbanlyk berip,Kerpiçleriň üstünde gurbanlyk ýakyp+,Utanman* meni kemsitdiler+.
4 Olar mazarlaryň arasynda oturýarlar+,Gijesini gizlin ýerlerde* geçirýärler,Doňzuň etini iýýärler+,Gazanda haram zatlary gaýnadýarlar+.
5 Olar: „Daşda duruň, golaýyma gelmäň!Men sizden päkdirin*“ diýýärler.
Olar uzakly gün ýanýan ot kimin,Meniň gaharymy tutaşdyrýar*.
6 Ählisi öňümde ýazylgy dur.Men dymyp oturmaryn,Edenlerine görä almytyny bererin+,Doly jezasyny bererin».
7 Ýehowa şeýle diýýär: «Olaryň günäleri, ata-babalarynyň günäleri üçin şeýle ederin+.
Daglarda gurbanlyk ýakandygy üçin,Depelerde meni masgara edendigi üçin+,Ähli zatdan öňürti olaryň almytyny bererin».
8 Ýehowa şeýle diýýär:
«Bir salkym üzümden täze şerap ýasajak bolsalar,Kimdir biri: „Üzümi mynjyratma,Arasynda gowusy* bar“ diýýär.
Edil şonuň ýaly, men hem gullarymyň hatyrasyna,Olaryň ählisini ýok etmerin+.
9 Men Ýakubyň nesline,Ýahudanyň ogullaryna daglarymy miras bererin+.Meniň saýlanlarym oňa eýe çykar,Gullarym ol ýerde ýaşar+.
10 Meni agtarýan halkym üçinŞarony+ goýunlaryň öri meýdanyna,Akor+ düzlügini sygyrlaryň ýatagyna öwrerin.
11 Eý Ýehowany taşlap gidenler!+Siz mukaddes dagymy unutdyňyz+,Şowlulyk taňrysy üçin saçak ýazdyňyz,Ykbal taňrysy üçin bulguryňyzy şerapdan doldurdyňyz.
12 Indi men sizi gylyja tabşyraryn+,Ähliňiz jelladyň öňünde başyňyzy goýarsyňyz+.Sebäbi çagyranymda jogap bermediňiz,Sözümi diňlemediňiz+.Meniň ýigrenýän işlerimi etdiňiz+,Halamaýan zatlaryma göwün berdiňiz».
13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
«Gullarym iýip doýarlar, siz bolsa aç galarsyňyz+.
Gullarym içerler+, siz bolsa suwsarsyňyz.
Gullarym şatlanarlar+,Siz bolsa masgara bolarsyňyz+.
14 Gullarym ýürekden şatlanarlar, joşup aýdym aýdarlar,Siz bolsa ýürek derdinden ýaňa aglarsyňyz,
Ruhdan düşüp perýat edersiňiz.
15 Saýlanlarym siziň adyňyzy gargyş edip aýdarlar,Älemiň Hökümdary Ýehowa ähliňizi ölüme höküm eder,Gullaryna bolsa başga at berer+.
16 Ýer ýüzünde özüne bereket dilän her kes,Hakykatyň* Hudaýyndan bereket alar.Ýer ýüzünde ant içen her kes,Hakykatyň* Hudaýyndan ant içer+.
Öňki gaýgy-aladalar unudylar,Gözümiň öňünden ýok bolar+.
17 Ine, men täze gökleri, täze ýeri ýaradýaryn+,Öňki zatlar ýada düşmez,Sizi gama batyrmaz+.
18 Ýaratjak zatlarymy görüp, ebedilik şatlanyň.
Men Iýerusalimi begenmekleri üçin,Halkyny guwanmaklary üçin ýaradýaryn+.
19 Iýerusalimi we halkymy görüp şatlanaryn+,Indi agy we hasrat sesi eşidilmez»+.
20 «Doglanyna birki gün bolan bäbekler ölmez,Garrylar hem biwagt aradan çykmaz.
Ýüz ýaşap ölene ýaş diýerler.Günäkär ýüz ýaşasa-da näletlener*.
21 Adamlar jaý gurup, onda ýaşarlar+,Üzüm baglaryny ekip, miwesini iýerler+.
22 Olaryň guran jaýlarynda başgalar ýaşamaz,Olaryň ýetişdiren hasylyny başgalar iýmez.
Halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar+,Saýlanlarym çeken zähmetiniň hözirini görer.
23 Olar biderek ýere zähmet çekmezler+,Çagalaryny görgi görmek üçin dünýä indermezler.Sebäbi olaryň özleri-de, çagalary-daÝehowanyň ýalkan nesli bolar+.
24 Heniz çagyrmankalar jogap bererin,Sözüni soňlamanka eşiderin.
25 Möjek guzy bilen otlar,Ýolbars öküz deý saman iýer+,Ýylan gum iýer.
Olar mukaddes dagymda hiç kime zyýan ýetirmez,Hiç zady weýran etmez»+. Muny Ýehowa aýdýar.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Ýüzüme seredip.
^ Başga manysy: garawul kepbelerinde.
^ Ýa-da: Burnumdan tüsse çykar ýaly edýärler.
^ Başga manysy: Meniň mukaddesligim size geçäýmesin.
^ Sözme-söz: bereket.
^ Ýa-da: Wepadarlygyň. Sözme-söz: Omyn.
^ Ýa-da: Wepadarlygyň. Sözme-söz: Omyn.
^ Başga manysy: Ýüz ýaşyna ýetmän ölen adama näletli diýerler.