Işaýa 63:1—19
63 Edomdan gelýän kim?+Dürli* reňkli eşik geýip, Bosradan+ gelýän kim?Owadan lybas geýen,Batly gadam basyp gelýän kim?
«Ine men, hakykaty aýtmak üçin,Gudratly güýjüm bilen halas etmäge gelýärin».
2 Eşigiň näme üçin gyzyl?Eşigiň näme üçin üzüm depeleýän adamyňky ýaly gyzyl?+
3 «Men üzümi ýeke özüm depeledim,
Hiç kim kömek etmedi.
Olary gahar-gazap bilen depeledim+,Gany eşigime syçrady,
Üst-başym gana boýaldy.
4 Ar aljak günümi belledim+,Halkym üçin töleg tölejek ýylym geldi.
5 Töweregime seretdim, kömek eden bolmady,Geň galaýmaly, hiç kim ýardam bermedi.
Men öz gahar-gazabym,Golum bilen ýeňiş gazandym*+.
6 Gahar bilen halklary depeledim,Gazap käsämden olara içirdim+.Halklaryň ganyny ýere dökdüm».
7 Men Ýehowanyň wepaly söýgüsini,Ýehowanyň beýik işlerini wasp ederin.Ýehowanyň eden ýagşy işleri üçin+,Ysraýyl öýüne beren berekedi üçin,Rehimdar we söýgüden* doly Hudaýa alkyş aýdaryn.
8 Alla: «Olar halkym bolar. Maňa dönüklik etmez»+ diýdi.
Şeýdip, ol halkynyň Halasgäri boldy+.
9 Olar ejir çekende, ol hem ejir çekdi+.
Habarçysyny* iberip, olary halas etdi+.
Rehimdar we söýgüden doly Hudaý, olar üçin töleg töledi+,Gadymy döwürden bäri elinde göterip geldi+.
10 Ýöne halk gozgalaň turuzdy+,Onuň mukaddes ruhuna garşy çykdy*+.
Olar Hudaýyň duşmany boldy+,Alla olar bilen söweşdi+.
11 Olar gadymy günleri,Musa pygamberiň döwrüni ýatlap diýdiler:
«Çopanlary+ bilen halky deňizden geçiren Alla nirede?+
Olara* mukaddes ruhuny beren Hudaý nirede?+
12 Güýçli goly bilen Musanyň sag elinden berk tutan+,Adynyň ebedi galmagy üçin+,Halkynyň öňünde deňzi ikä bölen Alla nirede?+
13 Möwç urýan deňizden halkyny geçiren Hudaý nirede?Olar deňziň içinde büdremän,Giň sährada çapýan at kimin geçip gitdiler.
14 Mallaryň jülgä inip dynç alşy ýaly,Ýehowanyň ruhy-da olara rahatlyk berdi»+.
Adyňy şöhratlandyrmak üçin+,Halkyňa gudrat bilen ýol görkezdiň.
15 Mukaddes, şöhratly tagtyňdan,Beýik asmandan ýere seret.
Hany seniň yhlasyň? Hany seniň güýjüň?Bize näme üçin haýpyň gelmeýär?+Bize näme üçin rehim etmeýärsiň?+
Näme üçin dadymyza ýetişmeýärsiň?
16 Sen biziň Atamyz+.Ybraýym bizi tanamasa-da,Ysraýyl bizi bilmese-de,Ýehowa, sen biziň Atamyz.
Gadymy günlerden bäri biziň Halasgärimiz*+.
17 Biz seniň ýoluňdan sowuldyk,Ýüregimiz gatap, senden gorkmadyk.
Eý Ýehowa, muňa näme üçin ýol berdiň?+
Gullaryň hatyrasyna,Miras alan halkyň hatyrasyna rehim et+.
18 Mukaddes halkyň ýurtda az wagtlyk ýaşady,
Duşmanlarymyz ybadathanaňy depeledi+.
19 Biz uzak wagtlap kanunyňy bilmeýän halklar* ýaly,Adyňy götermedik milletler ýaly ýaşadyk.
Çykgytlar
^ Başga manysy: Gyrmyzy.
^ Ýa-da: halas etdim.
^ Ýa-da: wepaly söýgüden.
^ Ýa-da: Huzuryndaky perişdesini.
^ Ýa-da: mukaddes ruhuny gynandyrdy.
^ Sözme-söz: Oňa.
^ Sözme-söz: Töleg töleýän Hudaýymyz.
^ Ýa-da: seniň hökümdarlyk etmedik halklaryň.