Işaýa 47:1—15
47 Eý Wawilon gyzy+,Aşak düş, gum üstünde otur.
Eý haldeý gyzy,Ýerde otur, ol ýerde tagt ýokdur+.Indi saňa näzik, lälik diýmezler.
2 Un üwemek üçin degirmen al,
Bürenjegiňi aýyr.
Köýnegiň etegini galdyr,
Aýakýalaňaç derýalardan geç.
3 Ýalaňaç ýeriň örtülmez,
Uýat ýeriň açylar.
Men ar alaryn+, garşyma hiç kim çykyp bilmez*.
4 «Ysraýylyň Mukaddes HudaýyBiziň üçin töleg töledi.Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr»+.
5 Eý haldeý gyzy,Garaňkylykda ümsüm otur+.Indi saňa patyşalyklaryň melikesi diýmezler+.
6 Halkyma gaharym geldi+,
Mirasymy haram etdim+,Ony seniň eliňe berdim+.
Ýöne sen rehim etmediň+.
Hatda gojanyň gerşine-de agyr ýük atdyň+.
7 Sen: «Men hemişe, ebedilik melike bolaryn»+ diýdiň.
Sen edýän işleriň hakda oýlanmadyň,Soňy barada pikir etmediň.
8 Eý keýpi-sapany söýýän, ünsli diňle!+Sen howp-hataryň nämedigini bilmeýärsiň.
Sen özüňe: «Men ýekeje, menden başgasy ýok+.
Men dul galmaryn,
Çagalarymdan mahrum bolmaryn»+ diýýärsiň.
9 Emma ikisi-de duýdansyz, bir günüň içinde başyňa geler+:
Çagalaryňdan mahrum bolarsyň, dul galarsyň.
Porhanlaryň we güýçli doga-tumarlaryň sebäpli*+,Betbagtçylyk güýçli zarba bilen başyňdan iner+.
10 Erbet işleriňe daýandyň,
«Meni hiç kim görmeýär» diýdiň.
Akyldarlygyň we bilimiň seni ýoldan çykardy,Içiňden: «Men ýekeje, menden başgasy ýok» diýdiň.
11 Indi betbagtçylyk başyňdan iner,Jadygöýligiň bilen halas bolup bilmersiň.
Üstüňe heläkçilik geler, gutulyp bilmersiň.
Ömrüňde görmedik betbagtçylygyň duýdansyz geler+.
12 Bar, jadygöýligiňi et, dogalamagyňy dowam et.Sen şu zatlary ýaşlykdan bäri edýärsiň+.
Belki, munuň peýdasy deger,Belki, adamlary gorkuzyp bilersiň.
13 Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa başyň çaşdy.
Göklere çokunýanlar, ýyldyzlara syn edýänler*+,Aýaga galsyn, seni halas etsin.Täze dogan Aýa seredip,Başyňa injek zatlar hakda gürrüň bersin.
14 Indi olar saman ýaly,
Oda ýanyp kül bolarlar.
Özlerini otdan halas edip bilmezler.
Ol oda ýylnyp bolmaz,Başynda oturyp, çoýunyp bolmaz.
15 Ýaşlygyňdan bäri seniň bilen işleşip gelýänGözbagçylaryň soňy şeýle bolar.
Olar dumly-duşa* dargarlar,
Hiç kim seni halas etmez+.
Çykgytlar
^ Başga manysy: Men hiç kimi güler ýüz bilen garşy almaryn.
^ Başga manysy: bardygyna garamazdan.
^ Başga manysy: Asmany böleklere bölýänler; müneçjimler.
^ Sözme-söz: öz welaýatyna.