Işaýa 40:1—31

  • Hudaýyň halkyna teselli beriň (1—11)

    • Çölden biriniň sesi eşidilýär (3—5)

  • Hudaýyň beýikligi (12—31)

    • Milletler damja ýaly (15)

    • Hudaýyň «mekany Ýer togalagynyň üstünde» (22)

    • Ýyldyzlaryň adyny tutup çagyrýar (26)

    • Alla güýçden gaçýan däldir (28)

    • Ýehowa umyt baglaýanlar täzeden güýç alarlar (29—31)

40  Siziň Hudaýyňyz şeýle diýýär:«Teselli beriň, halkyma teselli beriň!»+  2  «Iýerusalime mähirli sözleri aýdyň.Şuny habar beriň:„Gulçulyk ýyllary tamamlandy,Günäsi üçin töleg tölendi+. Ähli etmişi üçin Ýehowadan doly* temmi aldy“»+.  3  Çölden biriniň sesi gelýär: «Ýehowa üçin ýol taýýarlaň!+ Allamyz üçin çölüň üstünden+ şaýoluny çekiň+.  4  Goý, jülgeler beýgelsin,Dag-baýyrlar peselsin! Büdür-südür ýerler tep-tekiz bolsun,Akanak-çukanak ýerler jülgä öwrülsin+.  5  Şonda Ýehowa şöhratlanar+,Ähli adamlar muny gözi bilen görer+.Sebäbi muny Ýehowa aýdýar».  6  Diňläň! Biri: «Jar çekiň!» diýýär. «Nämäni jar çekmeli?» diýip, başga biri soraýar. «Ähli ynsanlar gök maýsa kimindir, Olaryň wepaly söýgüsi sähra güli ýalydyr+.  7  Ýehowanyň deminden*Gök maýsalar guraýar+,Sähra gülleri solýar+. Ynsanyň hem otdan parhy ýokdur.  8  Gök maýsalar guraýar,Sähra gülleri solýar.Hudaýymyzyň sözi bolsa ebedi galýar»+.  9  Siona hoş habary aýdýan zenan,Beýik daga çyk!+ Iýerusalime hoş habary aýdýan zenan,Batly ses bilen gygyr! Gorkma, sesiň ýetdiginden gygyr. Ýahuda şäherlerine: «Ine, siziň Hudaýyňyz!»+ diýip jar et. 10  Ine, Älemiň Hökümdary, güýç-kuwwatly Ýehowa geler,Goly hökümdarlyk eder+. Ine, sylagy ýanyndadyr,Tölegi öňündedir+. 11  Ol çopan kimin sürüsini bakar+. Guzularyny bir ýere jemläp,Gujagynda göterer. Ene goýunlarynyň aladasyny eder+. 12  Kim suwlary eliniň aýasynda ölçedi?+Kim garyşlap*, asmany ölçedi? Kim ýeriň topragyny ölçeg jamyna saldy?+Kim daglary, depeleri terezide çekdi? 13  Kim Ýehowanyň ruhuny ölçäp bildi?*Kim oňa dana kimin öwüt-ündew berdi?+ 14  Ol kimden maslahat sorady?Kim oňa adalat ýoluny öwretdi?Kim oňa bilim berdi?Kim oňa hakyky akyldarlygyň ýoluny görkezdi?+ 15  Milletler bedreden daman damja ýalydyr,Halklar terezidäki tozanjyk kimindir+. Ol adalary tozan kimin asmana galdyrýar. 16  Liwan tokaýynyň agaçlary ot ýakmaga azlyk edýär,Tokaýyň ýabany haýwanlary gurbanlyk bermäge ýetmeýär. 17  Ähli milletler öňünde ýok ýalydyr+,Onuň üçin halklaryň duran ýeri boş ýalydyr+. 18  Siz Hudaýy kime deňeýärsiňiz?+ Ony nämä meňzedýärsiňiz?+ 19  Ussa but ýasaýar,Zergär oňa altyn çaýýar+,Kümüş zynjyr bilen bezeýär. 20  Ol keramatly agajy alýar+,Çüýremeýän agajy saýlaýar. Ökde ussany tapyp,Ýerinden gozganmaýan but ýasadýar+. 21  Siz bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi näme? Size ilkibaşda aýtmadylarmy? Ýeriň düýbi tutulandan bäri düşünmediňizmi?+ 22  Hudaýyň mekany Ýer togalagynyň üstündedir+,Zeminiň ilaty çekirtge ýalydyr. Asmany perde kimin ýazandyr,Ýaşamak üçin çadyr kimin ýaýandyr+. 23  Ol emeldarlary peseldýär,Kazylary* hiç zatça görýär. 24  Olar ýaňy oturdylan nahal ýaly,Ýaňy ekilen tohum ýaly,Kökleri berkemedik baldak ýalydyr.Olar ýel öwsende guraýar,Saman kimin tozaýar+. 25  Mukaddes Hudaý şeýle diýýär:«Meni kime meňzedýärsiňiz? Meni kime deňeýärsiňiz? 26  Başyňyzy galdyryň, göklere serediň. Olary kim ýaratdy?+ Ol ýyldyzlara* buýruk berýär,Ýekän-ýekän sanaýar,Her biriniň adyny tutup çagyrýar+. Çäksiz güýjüniň hem gudratly golunyň astynda+,Hiç haýsy nyzamyndan çykmaýar. 27  Eý Ýakup, eý Ysraýyl! Näme üçin siz:„Ýehowa ýaşaýşymy görmeýär,Alla meniň hakymy alyp bermeýär“ diýýärsiňiz?+ 28  Siz bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi näme? Ýehowa ýer ýüzüniň Ýaradyjysy, ebedilik Hudaý+. Ol ýadaýan däldir, güýçden gaçýan däldir+. Onuň akyldarlygynyň çägi ýokdur+. 29  Ol tapdan düşene güýç berýär,Ysgyndan gaçana kuwwat berýär+. 30  Oglanlar ýadar, güýç-kuwwatdan gaçar,Goç ýigitler büdräp ýykylar. 31  Emma Ýehowa umyt baglaýanlar täzeden güýç alarlar. Bürgüt kimin ganatyny ýaýarlar+. Ylgarlar, ýöne ýadamazlar,Ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar»+.

Çykgytlar

Ýa-da: iki esse.
Ýa-da: ruhundan.
Başga manysy: ruhuna akyl ýetirdi?
Ýa-da: Hökümdarlary.
Sözme-söz: gögüň goşunlaryna.