Işaýa 13:1—22
13 Amozyň ogly Işaýanyň+ gören görnüşi*. Wawilona çykarylan höküm+:
2 «Kert gaýanyň depesinde goşun üçin bellik dikiň+.
Olary gygyryp çagyryň, eliňizi galgadyň,Olar hem han-begleriň gapylarynyň agzyna gelsin.
3 Men saýlan* adamlaryma buýruk berdim+.
Gahar-gazabymy çykarmak üçin goşun topladym,Buýsançly, edermen esgerlerimi ýygnadym.
4 Daglardan gelýän galmagaly diňläň!Ol märekäniň gohuna meňzeýär.
Bir ýere jem bolan halkyň+,Patyşalaryň şowhunly sesini diňläň!
Serkerdebaşy Ýehowa uly goşun toplaýar+.
5 Ýehowa ýer ýüzüni ýok etmek üçin,Uzak ülkeden+,Gögüň aňry ujundan,Gazaply ýaraglary bilen gelýär+.
6 Zar-zar aglaň, sebäbi Ýehowanyň güni golaýdyr!
Gudratygüýçlüniň weýrançylyk güni geler!+
7 Şonda her kimiň eliniň ysgyny gaçar,Ýürekleri ýarylara geler+.
8 Adamlar howsala düşer+.
Olar burgusy tutýan aýal ýaly,Iki bükülip, köp azap çeker.
Olar gorkup, bir-birine seredişerler,Gam-gussadan ýaňa ýüzleri ak tam ýaly bolar.
9 Ine Ýehowanyň ýowuz güni,Gahar-gazap güni ýetip gelýär!Şol gün tutuş ýurt gorkunç hala düşer+,Ähli günäkärler ýok ediler.
10 Asmandaky ýyldyzlar şöhle saçmaz,Ýyldyz toparlary*+ ýagtylyk bermez.Gün dogsa-da, yşyk bolmaz,Aý nuruny saçmaz.
11 Men ynsanlardan zalym işleri üçin,Erbetlerden günäleri üçin hasabat soraryn+.
Tekepbirleriň şahyny döwerin,Boýnuýogyn zalymlary peselderin+.
12 Başy ölümli ynsan sap altyndan,Ofer altynyndan-da+ gyt bolar+.
13 Serkerdebaşy Ýehowanyň gahar-gazap gününde,Asman sarsar, zemin ýerinden süýşer+.
14 Awçydan gaçan keýik kimin, çopansyz süri kimin,Olar öz halkynyň arasyna dolanar,Öz ýurduna gaçyp gider+.
15 Olaryň ele düşenleri naýzadan,Tutulanlary gylyçdan geçiriler+.
16 Gözüniň alnynda çagalaryny bölek-bölek ederler+.Öýlerini talarlar,Aýallaryny zorlarlar.
17 Men olaryň üstüne,Kümşüň gadyryny,Altynyň gymmatyny bilmeýän midiýalylary çozduraryn+.
18 Olaryň oklary ýigitleriň içinden geçer+.Bäbeklere rehim etmez,Çagalara haýpy gelmez.
19 Patyşalyklaryň soltany,Haldeýleriň+ başynyň täji, kalbynyň buýsanjy Wawilon+,Weýran edilen Sodom we Gomorra şäherleri ýaly bolar+.
20 Ol ýerde hiç kim ýaşamaz,Asyrlarboýy boşap ýatar+.
Araplar çadyryny dikmez,Çopanlar sürüsini bakmaz.
21 Ol ýerde çöl haýwanlary ýaşar,Öýleri baýguşlardan dolar,
Düýeguşlar mesgen tutar+,Ýabany geçiler* bökjeklär.
22 Diňlerinde ýabany haýwanlar,Kaşaň jaýlarynda şagallar uwlaşar.
Onuň soňy golaýlaşdy, sanlyja güni galdy»+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: mukaddes eden.
^ Sözme-söz: Kesilleri. Belki, Üç Ýyldyz we töweregindäki ýyldyz toparlary.
^ Başga manysy: Geçä meňzeş jynlar.