Galatýalylar 1:1—24

  • Doganlyk salamy (1—5)

  • Başga hoş habar ýok (6—9)

  • Pawlus Hudaýdan gelen habary wagyz edýär (10—12)

  • Pawlusyň iman etmegi we başdaky gullugy (13—24)

1  Men Pawlus, bir ýa⁠-⁠da köp adam tarapyndan däl⁠-⁠de, Isa Mesih+ we ony direlden Atamyz Hudaý tarapyndan resul bellendim+. 2  Men ýanymdaky doganlar bilen Galatýadaky ýygnaklara hat ýazýaryn. 3  Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin! 4  Atamyzyň we Hudaýymyzyň isleýşi ýaly+, Mesih bizi şu zalym dünýäden* halas etjek bolup+, günälerimiz üçin janyny gurban etdi+. 5  Hudaýa baky we ebedi şöhrat bolsun! Omyn! 6  Hudaý sizi Mesihiň ýagşylygy arkaly çagyrdy. Siz bolsa ondan şeýle çalt ýüz öwrüp, başga hoş habary kabul etdiňiz. Men⁠-⁠ä siziň bolşuňyzy geň gördüm+. 7  Elbetde, başga hiç hili hoş habar ýok. Ýöne käbir adamlar siziň aňyňyzy zäherläp+, Mesih baradaky hoş habary ýoýjak bolýarlar. 8  Eger biziň wagyz eden hoş habarymyzdan başga hoş habary gökden bir perişde gelip yglan etse ýa⁠-⁠da biziň birimiz aýtsak, goý, şoňa nälet bolsun! 9  Öň aýdyşymyz ýaly, ýene⁠-⁠de aýdýaryn: eger biri siziň kabul eden hoş habaryňyzdan başga zady wagyz etse, goý, oňa nälet bolsun! 10  Men adamlara ýaranjak bolýarynmy ýa⁠-⁠da Hudaýa? Eger adamlara ýaranjaňlyk edýän bolsam, Mesihiň guly bolmazdym. 11  Doganlar, bilip goýuň, wagyz eden hoş habarym adamlaryňky däldir+. 12  Hoş habary maňa adamlar aýtmady ýa⁠-⁠da adamlar öwretmedi, maňa Isa Mesih ylham arkaly aýtdy. 13  Elbetde, ýehudy dinine uýýarkam+, meniň nähili adam bolandygymy eşidensiňiz. Men Hudaýyň ýygnagyny güýçli yzarlapdym, ony ýok etmek isleýärdim+. 14  Men ýehudy dinine deň⁠-⁠duşlarymdan we ildeşlerimden has berk ýapyşýardym, ata⁠-⁠babalarymyň däp⁠-⁠dessurlaryny yhlasly berjaý edýärdim+. 15  Emma Hudaý meni ýagty jahana indirdi, ýagşylygy bilen çagyryp+, şuny makul bildi: 16  Ogluny maňa mälim edip, başga halklara hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy+. Alla meni saýlanda, adamlardan* maslahat soramaga howlukmadym. 17  Menden öň resul bolanlaryň ýanyna Iýerusalime⁠-⁠de gitmedim, ýöne Arabystana gitdim, soňra Damasga dolandym+. 18  Men üç ýyldan soň, Kifany*+ görmek üçin Iýerusalime baryp+, ýanynda 15 gün boldum. 19  Emma beýleki resullardan diňe Halypamyzyň dogany Ýakuby+ gördüm. 20  Size ýazýan zatlarymyň ýalan däldigine Hudaýyň öňünde ant içýärin. 21  Soňra men Siriýanyň we Kilikiýanyň töweregindäki etraplara bardym+. 22  Ýöne Ýahudadaky Mesihiň ýygnaklary meni tanamaýardy. 23  Olar men hakda: «Öň bizi yzarlap+, ýok etmekçi bolan adamyň+ özi indi hoş habary wagyz edýär» diýen gürrüňi eşidipdirler. 24  Şeýlelikde, olar men sebäpli Hudaýy şöhratlandyrdylar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: döwürden. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: bedenden we gandan.
Ýagny Petrus.