Eýýup 9:1—35

  • Eýýup söze başlaýar (1—35)

    • Başy ölümli ynsan Alla bilen jedelleşip bilmez (2—4)

    • Hudaý akyla sygmajak beýik işleri edýär (10)

    • Hudaý kazyýete barmaz (32)

9  Eýýup söze başlady:  2  «Men aýdylan zatlaryň dogrudygyny bilýärin. Emma başy ölümli ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi?+  3  Alla bilen jedelleşmek isleýän adam+,Onuň müň sowalyndan birine jogap berip bilermi?  4  Hudaý akyldardyr*, golunda kuwwat bardyr+. Oňa garşy çykan adam aman galyp bilermi?+  5  Ol daglary ýumurýar, gahar⁠-⁠gazaby bilen agdarýar,Emma adamlar mundan habarsyz galýar.  6  Ol dünýäni sarsdyrýar,Sütünlerini titredýär+.  7  Güne buýruk berýär, şöhle saçmaýar,Ýyldyzlara möhür basýar, ýagtylyk bermeýär+.  8  Ol gök gümmezini eli bilen ýazýar+,Deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär+.  9  Uly Ýedigeni*, Üç Ýyldyzy* we Ülker ýyldyzyny*+,Günorta ýyldyzlar toparyny ýaradan Alladyr. 10  Akyla sygmajak beýik işleri+,Ençeme gudratlary edýän⁠-⁠de oldur+. 11  Ýanymdan geçýär, ony görmeýärin,Geçip gidýär, ony duýmaýaryn. 12  Bir zatdan mahrum edende, kim oňa garşy çykar? Kim oňa: „Näme edýärsiň?“ diýip biler?+ 13  Hudaý gahar⁠-⁠gazabyny saklamaz+,Rahawyň*+ ýaranlary⁠-⁠da Allanyň öňünde dyza çöker. 14  Jedel etse näme jogap bererin?Oýlanyp sözlemegim gerek! 15  Günäm ýok bolsa⁠-⁠da, jogap berere dilim barmaz+, Kazyma* ýalbaryp, günämi öt diýerin. 16  Ony çagyranymda jogap berermi? Ahy⁠-⁠nalamy asla eşitmez. 17  Sebäbi başyma bela⁠-⁠beteri inderýär,Ýaralarymy sebäpsiz ýere köpeldýär+. 18  Meni gaýgy⁠-⁠hasratdan doýurdy,Demimi dürsäre maý bermedi. 19  Güýçlüler hakda söz açsak, Hudaýdan güýçli kim bar?+ Adalat barada dil ýarsak, kim ondan hasabat sorap biler? 20  Meniňki dogry bolsa⁠-⁠da, dilim meni ýazgarar,Ýazyksyz bolsam⁠-⁠da, ol meni günäkär eder*. 21  Ýazyksyz bolsam⁠-⁠da, maňa näme boljagyny bilemok,Men janymdan doýdum. 22  Men: „Ol günälini hem günäsizi ýok edýär“ diýýärin.Şonuň üçin tapawudy näme?! 23  Sil duýdansyz inip, gyrgynçylyk getirse⁠-⁠de,Ol dertli bigünäniň üstünden gülerdi. 24  Ol dünýäni erbetleriň eline berýär+,Kazylaryň gözüni baglaýar. Eger ol etmeýän bolsa, onda kim edýär? 25  Günlerim çapardan çalasyn geçýär+,Ýagşylygy görmän ötüp barýaryn. 26  Gamyş gaýyk kimin ýüzüp gidýärler,Awuny gören bürgüt deý okdurylyp barýarlar. 27  „Hasratymy unudaýyn,Şat bolaýyn, ýüzüm nurlansyn“ diýsem⁠-⁠de, 28  Jebir⁠-⁠jepa gözümiň oduny aldy+,Meni ýazykly hasaplajagyňy bilýärin. 29  Biderek ýere göreşmek nämä gerek? Barybir meni günäli* hasaplarlar+. 30  Garyň suwuna ýuwunsam⁠-⁠da,Ellerimi sabyn bilen ýuwsam⁠-⁠da+, 31  Sen meni batga taşlardyň,Donum hem meni ýigrenerdi. 32  Hudaý ynsan däl, jogap bererim ýaly,Onuň bilen kazyýete bararym ýaly+. 33  Dawamyzy çözjek,Bize kazylyk etjek adam* ýok ahyryn. 34  Ol taýagyny depämden aýyrsady*,Meni gorkuzmagyny bes etsedi+, 35  Şonda onuň bilen gorkman gepleşerdim,Çekinmän sözleşerdim.

Çykgytlar

Sözme-söz: Hudaýyň ýüregi paýhaslydyr.
Sözme-söz: As.
Sözme-söz: Kesil.
Sözme-söz: Kima.
Uly deňiz jandaryny aňladýan bolmaly.
Başga manysy: Dawagärime.
Sözme-söz: egri hasaplar.
Sözme-söz: erbet.
Ýa-da: töwellaçy; araçy.
Ýa-da: urmagyny bes etsedi.