Eýýup 3:1—26

  • Eýýup dünýä inen gününi näletleýär (1—26)

    • Ol näme üçin azap çekýändigini soraýar (20, 21)

3  Soňra Eýýup söze başlady we dünýä inen gününi näletläp+, 2  şeýle diýdi:  3  «Goý, doglan günüm gurasyn+,„Ogul doguldy!“ diýlen gijä nälet bolsun!  4  Goý, şol gün garaňkylyk bolsun, Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn.Goý, şol güne yşyk nur saçmasyn.  5  Goý, ol güne tümlük, ölüm kölegesi düşsün, Ony gara bulut örtsün, Gündiziň güni ony garaňkylyk gaplasyn.  6  Şol gijäni tüm⁠-⁠garaňkylyk büresin+.Ol gün şatlyk⁠-⁠şagalaň bolmasyn,Aýyň günlerine girizilmesin.  7  Goý, şol gije hiç kim dünýä inmesin,Şatlyk sesi eşidilmesin.  8  Nälet okaýanlar, goý, şol güni näletlesin,Krokodili*+ oýarýanlar, goý, şol güne gargyş aýtsyn.  9  Goý, daň ýyldyzlary ýagty saçmasyn,Gün şöhlesine zar bolsun,Ýüzi daň şapagyna düşmesin. 10  Sebäbi ol ejemiň ýatgysyny+ baglamady,Jebir⁠-⁠jepadan meni goramady. 11  Dünýä inen badyma ölsedim, Doglan badyma jan bersedim+. 12  Ejem meni bagryna basmadyk bolsady,Ak süýdüni emdirmedik bolsady. 13  Şonda maňa hiç kim azar bermezdi+,Rahat ýatyp, agyr uka giderdim+. 14  Salan jaýlary haraba öwrülen,Ýer ýüzüniň şalarynyň, geňeşçileriniň, 15  Öýlerini altyn⁠-⁠kümüşden dolduranHan⁠-⁠begleriň gapdalynda ýatardym. 16  Men näme üçin öli doglan,Ýagty jahany görmedik çaga ýaly bolmandyryn? 17  Mazarda erbediň gahary köşeşýär,Ýadaw adamlar dynç alýar+. 18  Ol ýerde tussaglar rahat ýatýar,Olar gözegçiniň sesini eşitmeýär. 19  Baý⁠-⁠da, garyp⁠-⁠da mazarda deňdir+,Gul hojaýyndan azatdyr. 20  Alla näme üçin azap çekýäne nur saçýar,Hasrat çekýäne ýaşaýyş berýär?+ 21  Ölmek isleýänler näme üçin ölmeýär?+ Olar ölümi hazynadan hem köp agtarýarlar. 22  Olar mazara inende, begenýärler,Şatlyk⁠-⁠şagalaň edýärler. 23  Hudaý näme üçin alaçsyz goýan adamyna+,Ýolundan azaşan ynsana ýagtylyk berýär? 24  Ahy⁠-⁠nala bilen çöregimi iýýärin+,Gözýaşlarym sil kimin akýar+. 25  Gorkan zatlarym başyma geldi,Heder edenim üstümden indi. 26  Rahatlyk, asudalyk, dynçlyk ýok,Dertlerim gutarmady, wah, gutarmady».

Çykgytlar

Ýewreýçe «Liwýatan». Sözlüge serediň.