Danyýar 10:1—21

  • Danyýaryň ýanyna Hudaýyň habarçysy gelýär (1—21)

    • Mikaýyl perişdä kömek edýär (13)

10  Pars patyşasy Kiriň+ hökümdarlygynyň üçünji ýylynda Belteşazar ady dakylan Danyýar+ görnüş* gördi. Ol beýik uruş baradaky çyn habardy. Danyýara habary düşündirenlerinde, ol manysyna düşündi. 2  Şol günler men, Danyýar üç hepde ýas tutdum+. 3  Tagamly nahar iýmedim, agzyma ne et, ne⁠-⁠de şerap aldym. Üç hepdeläp bedenime ýag çalmadym. 4  Birinji aýyň 24⁠-⁠ne men beýik Tigr*+ derýasynyň kenarynda durdym. 5  Başymy galdyryp seredenimde, zygyr* köýnekli+, bili Upaz altyn guşakly birini gördüm. 6  Bedeni zeberjet* daşy+ ýaly ýalpyldaýardy, ýüzi ýyldyrym kimin ýagty saçýardy, gözleri alaw ýaly ýanyp durdy, elleri we aýaklary mis ýaly öwşün atýardy+, sesi uly märekäniň galmagaly ýalydy. 7  Görnüşi diňe men, Danyýar gördüm, ýanymdakylar ony görmediler+. Olaryň ýüregine gorky aralaşdy, olar gaçdylar we gizlendiler. 8  Men ýeke galdym. Täsin görnüşi görüp, ysgyndan gaçdym, ýüzüm ak tam ýaly boldy, güýç⁠-⁠kuwwatym galmady+. 9  Soňra onuň sesini eşitdim. Ol gepläp başlanynda, men ýere ýüzin düşüp, uklap galypdyryn+. 10  Şonda biri eli bilen meni yralady+. Men ellerime daýanyp, dyzymyň üstüne galdym. 11  Ol maňa diýdi: «Danyýar, Hudaý seni gowy görýär*+, sözlerimi ünsli diňle. Ýeriňden tur, Hudaý meni ýanyňa ugratdy». Ol bulary aýdanda, men sandyr⁠-⁠sandyr edip, ýerimden turdum. 12  Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýar, gorkma+, sen bulara düşünmegi, Hudaýyň öňünde pespäl bolmagy ýüregiňe düwen günüň doga edipdiň. Eden dogaň şol günüň özünde kabul boldy. Şonuň üçinem men seniň ýanyňa geldim+. 13  Emma Pars patyşalygynyň serkerdesi+ 21 günläp meniň bilen söweşdi. Şonda baş serkerdeleriň biri Mikaýyl*+ kömege ýetişdi. Men bolsa Pars patyşalarynyň ýanynda durdym. 14  Men dünýäniň ahyrynda+ seniň halkyň başyna nämeleriň injekdigini düşündirmäge geldim, sebäbi görnüş gelejek döwür hakdadyr»+. 15  Ol gepläp durka, men başymy aşak saldym, dilim tutuldy. 16  Ynsana meňzeş biri dodaklaryma elini degrende+, dilim açyldy. Men garşymda durana şeýle diýdim: «Agam, görnüşden ýaňa sandyrap, güýç⁠-⁠gurbatdan düşdüm+. 17  Agam, guluňyz nädip geplesin?+ Men tapdan düşdüm, demim tutuldy»+. 18  Ynsana meňzeş biri ýene maňa elini degrip ruhlandyrdy+. 19  Ol: «Gorkma!+ Hudaý seni gowy görýär*+. Alada etme!+ Mert bol, mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende maňa güýç geldi. Men: «Agam, aýdyber, sebäbi sen maňa kuwwat berdiň» diýdim. 20  Ol şeýle diýdi: «Seniň ýanyňa näme üçin gelendigimi bilýäňmi? Men yzyma dolananymda, Pars serkerdesi bilen söweşerin+. Men gidenimden soňra Gresiýanyň serkerdesi söweşmäge geler. 21  Emma men saňa hakykat kitabynda nämeleriň ýazylandygyny gürrüň bereýin. Meni serkerde+ Mikaýyldan+ başga goldaýan ýokdur.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Hiddekel.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: hrizolit. Sary ýa⁠-⁠da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.
Ýa⁠-⁠da: sen sylanýan adamsyň.
Manysy: Hudaýa taý geljek barmy?
Ýa⁠-⁠da: Sen sylanýan adamsyň.