Bäşinji Musa 6:1—25

  • Ýehowany ýürekden söýmek (1—9)

    • «Diňläň, eý ysraýyllar» (4)

    • Ene⁠-⁠atalar çagalaryna öwretmeli (6, 7)

  • Ýehowany unutmaň (10—15)

  • Ýehowany synamaň (16—19)

  • Geljekki nesillere öwretmek (20—25)

6  Ýehowa Hudaýyňyz şu tabşyryklary, kanunlary we hökümleri size öwretmegi buýurdy. Olary mülk edip aljak ýurduňyzda berjaý ediň.  Özüňiz hem, ogullaryňyz, agtyklaryňyz hem ömürboýy Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup, men arkaly berýän kada-kanunlaryny, tabşyryklaryny berjaý etseňiz+, gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz+.  Eý ysraýyllar, ünsli diňläp, olary birkemsiz ýerine ýetiriň. Şonda ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň wada berişi ýaly, süýt bilen bal akýan ýurtda has-da köpelip, gowy ýaşarsyňyz.  Diňläň, eý ysraýyllar! Ýehowa Hudaýymyz ýeke-täk Ýehowadyr+.  Ýehowa Hudaýyňyzy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz*+, bütin güýjüňiz* bilen söýüň+.  Tabşyrjak zatlarymy hemişe ýüregiňizde saklap,  çagalaryňyzyň* hem aňyna, ýüregine guýuň*+. Olary çagalaryňyza öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-da, turanyňyzda-da öwrediň+.  Tabşyryklary eliňize bellik, kelläňize maňlaýlyk ýaly daňyp goýuň+.  Olary gapyňyzyň söýelerine, şäheriňiziň derwezelerine ýazyň. 10  Ýehowa Hudaýyňyz sizi ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren* ýurduna elter+. Öz eliňiz bilen gurmasaňyz-da, uly, owadan şäherlerde ýaşarsyňyz+, 11  özüňiz gazanmasaňyz-da, öýüňiz zatdan doly bolar, gazmadyk guýularyňyzdan suw içersiňiz, ekmedik üzümleriňizi, zeýtunlaryňyzy hezil edip iýersiňiz+. 12  Şonda seresap boluň, sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Ýehowany unudaýmaň+. 13  Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup+, gulluk ediň+, diňe onuň ady bilen ant içiň+. 14  Başga hudaýlara, daş-töwerekdäki halklaryň taňrylaryna sežde etmäň+. 15  Sebäbi araňyzda mesgen tutan Hudaýyňyz Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy talap edýändir*+. Eger ýalan taňrylara sežde etseňiz, Ýehowa Hudaýyňyzyň gahary gelip+, sizi ýer ýüzünden ýok eder+. 16  Messada edişiňiz ýaly+, Ýehowa Hudaýyňyzy synamaň+. 17  Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryklaryny, öwüt-ündewlerini* we kanunlaryny ýürekden* berjaý ediň. 18  Ýehowanyň dogry we gowy hasaplaýan işlerini ediň. Şonda Ýehowanyň ata-babalaryňyza wada beren* eşretli ýurduny miras alyp, gowy ýaşarsyňyz+. 19  Ýehowanyň wada berişi ýaly, duşmanlaryňyzy ýurtdan kowup çykararsyňyz+. 20  Gelejekde ogullaryňyz: „Ýehowa Hudaýymyz şu öwüt-ündewleri, kanunlary we hökümleri näme üçin berdi?“ diýip sorasa, 21  olara şeýle diýiň: „Biz Müsürde faraona gul bolup ýaşaýardyk, şonda Ýehowa bizi güýçli goly bilen Müsürden çykardy. 22  Ýehowa gözümiziň alnynda beýik hem gorkunç alamatlar, gudratlar görkezip+, müsürlilere, faraona we öý-içerisine jeza berdi+. 23  Hudaý ata-babalarymyza wada beren* ýurduna+ eltmek üçin, bizi Müsürden alyp gaýtdy. 24  Ýehowanyň beren kanunlaryny berjaý edip, Ýehowa Hudaýymyzdan gorkup ýaşasak+, häzirki ýaly gowy durmuşda uzak ýaşarys+. 25  Eger Ýehowa Hudaýymyza gulak asyp, ähli tabşyryklaryny aýdyşy ýaly birkemsiz ýerine ýetirsek, Hudaýy razy ederis*+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: bar zadyňyz; serişdäňiz.
Sözme-söz: ogullaryňyzyň.
Ýa-da: gaýta-gaýta öwrediň.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: gabanjaňdyr; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýändir.
Ýa-da: ýatlatmalaryny.
Ýa-da: yhlasly.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: dogruçyl adam hasaplanarys.