Bäşinji Musa 20:1—20

  • Söweş üçin düzgünler (1—20)

    • Gullukdan boşatmak (5—9)

20  Söweşde duşmanyň at-arabasy we goşuny siziňkiden köp bolsa, gorkmaň, sizi Müsürden çykaran Ýehowa Hudaýyňyz ýanyňyzdadyr+. 2  Söweşe gitjek bolanyňyzda, ruhany halkyň öňüne çyksyn-da+: 3  „Diňläň, eý ysraýyllar! Duşman bilen batyrgaý söweşiň! Gorkmaň, howsala düşüp, aljyramaň. 4  Ýehowa Hudaýyňyz ýanyňyzda gidip, duşman bilen söweşer, sizi halas eder“+ diýsin. 5  Baştutanlar hem esgerlere şeýle diýsin: „Kimde-kim jaý salyp, heniz göçüp barmadyk bolsa, öýüne gaýtsyn. Ol söweşde wepat bolsa, jaýynda başga biri ýaşar. 6  Kimde-kim üzüm ekip, heniz miwesinden datmadyk bolsa, öýüne gaýtsyn. Ol söweşde wepat bolsa, hasylyny başga biri iýer. 7  Kimde-kim adaglanyp, heniz öýlenip ýetişmedik bolsa, öýüne gaýtsyn+. Ol söweşde wepat bolsa, adaglysyna başga biri öýlener“. 8  Soňra baştutanlar: „Araňyzda söweşe gitmäge gorkýan ýa-da gaýraty çatmaýan+ bar bolsa, öýüne gaýtsyn. Ýogsam ol doganlarynyň hem ýüregine gorky salar“+ diýsinler. 9  Şondan soň olar esgerleri söweşe alyp gitjek serkerdeleri bellesinler. 10  Bir şähere çozmankaňyz, ilki ylalaşmagy teklip ediň+. 11  Eger olar ylalaşyp, derwezelerini açsalar, şäheriň ilaty size gul bolar+. 12  Emma ylalaşman, söweşjek bolsalar, şäheri gabaň. 13  Ýehowa Hudaýyňyz olary eliňize berer. Şäherdäki ähli erkekleri gylyçdan geçiriň. 14  Aýallaryny, çagalaryny ýesir alyň, mal-garany we şäherdäki ähli zady olja alyň+. Ýehowa Hudaýyňyz duşmanlary eliňize berer, olaryň ähli zadyny talaň+. 15  Ýöne şu aýdanlarymy golaýda däl-de, uzakda ýerleşýän şäherlere ediň. 16  Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek şäherlerinde bolsa ýekeje adamy-da diri galdyrmaň+. 17  Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, şol ýerdäki hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary+ bütinleý ýok ediň. 18  Ýogsam olar taňrylary üçin edýän nejis işlerini size-de öwredip, Ýehowa Hudaýyňyza garşy günä etdirerler+. 19  Bir şäheri basyp almak üçin uzak wagt gabawda saklanyňyzda agaçlaryny çapmaň. Miwelerini iýiň, ýöne agaçlary çapmaň+. Agaja topular ýaly, ol adam däl ahyryn. 20  Diňe miwesini iýip bolmaýan agaçlary çapyň. Olary çapyp, basyp aljak şäheriňize gabaw diwaryny gurup bilersiňiz.

Çykgytlar