Dördünji Musa 4:1—49

4  Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi:  «Lewilerden kohatlary+ hojalygy we tiresi boýunça hasaba alyň.  Ýygnak çadyrynda* hyzmat etjek+ 30-dan+ 50 ýaşa+ çenli erkekleri hasaplaň.  Kohatlaryň ýygnak çadyrynda etmeli işleri örän mukaddesdir. Olar şu zatlara jogapkärdir+:  göçmeli bolanda, Harun bilen ogullary mukaddes çadyra girsin-de, äht* sandygynyň öňündäki tutyny+ aýryp, sandygyň+ üstüne ýapsynlar.  Soňra düwleniň* derisinden edilen örtügi, üstündenem gök matany ýapyp, sandygyň taýaklaryny+ daksynlar.  Hödür çörek goýulýan stola+ gök mata ýapyp, üstüne jamlary, käseleri, tabaklary we şerap sadakasy üçin küýzeleri+ goýsunlar. Soňra hödür çörekleri+ ýene-de stoluň üstünde goýmalydyr.  Şol zatlaryň üstüne gyrmyzy mata bilen düwleniň* derisinden edilen örtügi ýapyp, stoluň taýaklaryny+ daksynlar.  Şemdanyň+, şemleriň+, gysgyçlaryň, külatarlaryň+ we şemdanyň ýagy üçin ulanylýan gaplaryň üstüne gök mata ýapsynlar. 10  Soňra şemdan bilen esbaplaryny düwleniň* derisinden edilen örtüge dolap, tagtanyň* üstünde goýsunlar. 11  Altyndan ýasalan ojagyň*+ üstüne-de gök mata bilen düwleniň* derisinden edilen örtük ýapyp, taýaklaryny+ daksynlar. 12  Mukaddes çadyrda ulanylýan ähli esbaplary+ gök mata dolap, üstüne düwleniň* derisinden edilen örtügi ýapsynlar-da, tagtanyň üstünde goýsunlar. 13  Gurbanlyk ojagynyň*+ külüni* aýryp, üstüne badam reňkli ýüň mata ýapsynlar. 14  Soňra üstüne gurban bermek üçin ulanylýan gaplary: külatarlary, çarşaklary, pilçeleri, tabaklary we gurbanlyk ojagynyň beýleki esbaplaryny+ goýup, düwleniň* derisinden edilen örtügi ýapsynlar-da, taýaklaryny+ daksynlar. 15  Göçmeli bolanda, Harun bilen ogullary mukaddes çadyrdaky+ zatlaryň we esbaplaryň üstüni doly ýapsyn. Şondan soň kohatlar gelip, olary götersin+. Ýöne olar heläk bolmaz ýaly, mukaddes çadyryň esbaplaryny eli bilen ellemesin+. Kohatlar ýygnak çadyrynyň zatlaryny götermäge jogapkärdir. 16  Harun ruhanynyň ogly Algazar+ şemleriň ýagyna+, hoşboý ysly tütetgä+, her günki galla sadakasyna we mukaddes ýaga+ jogapkärdir. Ol mukaddes çadyra we ondaky zatlara, mukaddes ýer bilen esbaplaryna gözegçilik etmelidir». 17  Ýehowa sözüni dowam edip, Musa bilen Haruna: 18  «Kohatyň nesli+ lewileriň arasyndan ýitip gitmesin. 19  Olar iň mukaddes zatlara+ golaýlaşanda heläk bolmaz ýaly, tabşyran zatlarymy etsin. Harun bilen ogullary gelip, olaryň hersine etmeli işini we götermeli zadyny görkezsin. 20  Kohatlar mukaddes zatlara sähel salymlyk hem seretmez ýaly, içerik girmesin, ýogsam ölerler»+ diýdi. 21  Ýehowa Musa şeýle diýdi: 22  «Gerşonlary+ tiresi we hojalygy boýunça hasaba al. 23  Ýygnak çadyrynda hyzmat etjek 30-dan 50 ýaşa çenli erkekleri hasapla. 24  Gerşonlaryň gözegçilik etmeli we götermeli zatlaryny görkez+. 25  Olar mukaddes çadyryň matalaryny+, ýygnak çadyrynyň örtügini, üstündäki düwleniň* derisinden edilen örtügi+, ýygnak çadyrynyň agzyndaky perdäni+, 26  howlynyň perdelerini+, mukaddes çadyr we gurbanlyk ojagy duran howlynyň girelgesindäki perdäni+, olaryň ýüplerini, esbaplaryny we şolar bilen bagly zatlary götersinler. Şol zatlary götermek olaryň borjudyr. 27  Gerşonlaryň+ etmeli işlerine we götermeli zatlaryna Harun bilen ogullary gözegçilik etsin. Olara götermeli zatlaryny tabşyryň. 28  Gerşonlaryň ýygnak çadyrynda ýerine ýetirmeli borjy şeýledir+. Olar Harun ruhanynyň ogly Ytamaryň+ ýolbaşçylygy astynda hyzmat etsin. 29  Merarlary+ hojalygy we tiresi boýunça hasaba al. 30  Ýygnak çadyrynda hyzmat etjek 30-dan 50 ýaşa çenli erkekleri hasapla. 31  Olar ýygnak çadyryndaky şu zatlary götermäge jogapkärdir+: mukaddes çadyryň çarçuwalary*+, taýaklary+, sütünleri+, diregleri+, 32  howludaky söýeleri+, diregleri+, gazyklary+, ýüpleri, olaryň esbaplary we şolar bilen bagly zatlar. Olaryň hersine götermeli zatlaryny tabşyryň. 33  Merarlaryň+ ýygnak çadyrynda etmeli işleri şeýledir. Olar Harun ruhanynyň ogly Ytamaryň ýolbaşçylygy astynda hyzmat etsin»+. 34  Musa, Harun we halkyň baştutanlary+ kohatlary+ hojalygy we tiresi boýunça hasaba aldylar. 35  Ýygnak çadyrynda hyzmat etjek 30-dan 50 ýaşa çenli erkekler hasaplandy+. 36  Hojalygyna görä hasaba alnanlar jemi 2 750 adamdy+. 37  Şeýdip, ýygnak çadyrynda hyzmat etjek kohatlar hasaba alyndy. Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Musa bilen Harun olary hasaba aldy+. 38  Gerşonlary+ hojalygy we tiresi boýunça hasaba aldylar. 39  Ýygnak çadyrynda hyzmat etjek 30-dan 50 ýaşa çenli erkekler hasaplandy. 40  Hojalygyna we tiresine görä hasaba alnanlar jemi 2 630 adamdy+. 41  Şeýdip, ýygnak çadyrynda hyzmat etjek gerşonlar hasaba alyndy. Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Musa bilen Harun olary hasaba aldy+. 42  Merarlary hem hojalygy we tiresi boýunça hasaba aldylar. 43  Ýygnak çadyrynda hyzmat etjek 30-dan 50 ýaşa çenli erkekler hasaplandy+. 44  Hojalygyna görä hasaba alnanlar jemi 3 200 adamdy+. 45  Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Musa bilen Harun olary hasaba aldy+. 46  Musa, Harun we ysraýyl baştutanlary lewileri hojalygy we tiresi boýunça hasaba aldylar. 47  Olaryň 30-dan 50 ýaşa çenli erkekleri ýygnak çadyrynda hyzmat etmäge we ondaky zatlary götermäge bellendi+. 48  Hasaba alnanlar jemi 8 580 adamdy+. 49  Olary Ýehowanyň Musa beren buýrugyna görä hasaba alyp, hersiniň etmeli işini we götermeli zadyny tabşyrdylar. Olar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly hasaba alyndy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Ýük götermek üçin agaçdan ýasalan tabyt görnüşli enjam göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýagly külüni. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.