Dördünji Musa 26:1—65
-
Ysraýyl taýpalary ikinji gezek hasaba alynýar (1—65)
26 Gyrgynçylykdan soň+ Ýehowa Musa we Harun ruhanynyň ogly Algazara:
2 «Ysraýyl goşunynda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekleri tiresi boýunça hasaba alyň»+ diýdi.
3 Musa bilen Algazar+ ruhany Ýerihonyň+ garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde+ halka ýüzlenip:
4 «Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly, ysraýyllaryň 20 ýaşdan ýokary erkeklerini hasaba alyň»+ diýdiler.
Müsürden çykan ysraýyllar şulardyr:
5 Ruben+ Ysraýylyň uly ogludy. Rubeniň ogullaryndan+: Hanohyň nesilleri, Palluwyň nesilleri,
6 Hesronyň nesilleri, Karminiň nesilleri.
7 Olar ruben taýpasynyň tireleridi. Olardan 43 730 adam hasaba alyndy+.
8 Alyýap Palluwyň ogludy.
9 Alyýabyň ogullary: Nemuýel, Datan we Abyram. Datan bilen Abyram jemagatyň arasyndan saýlanan adamlardy. Olar Karunyň tarapdarlaryna+ goşulyp, Musa bilen Haruna garşy baş göterip+, Ýehowa garşy çykdylar+.
10 Şonda ýer ýarylyp, olary ýuwutdy. Karun bilen 250 tarapdary bolsa oda ýanyp, kül boldy+. Şol waka hemmelere sapak* boldy+.
11 Emma Karunyň ogullaryna+ hiç zat bolmady.
12 Şimgonyň ogullaryndan+ dörän tireler: Nemuýeliň nesilleri, Ýaminiň nesilleri, Ýahiniň nesilleri,
13 Zeranyň nesilleri, Şewulyň nesilleri.
14 Olar şimgon taýpasynyň tireleridi. Olar 22 200 adamdy+.
15 Gadyň ogullaryndan+ dörän tireler: Zeponyň nesilleri, Hagganyň nesilleri, Şuniniň nesilleri,
16 Oznanyň nesilleri, Eriýiň nesilleri,
17 Arotyň nesilleri, Äralynyň nesilleri.
18 Olar gad taýpasynyň tireleridi. Olardan 40 500 adam hasaba alyndy+.
19 Er bilen Onan+ Ýahudanyň+ ogullarydy. Ýöne Er bilen Onan Kenganda aradan çykdy+.
20 Ýahudanyň beýleki ogullaryndan dörän tireler: Şelanyň+ nesilleri, Pereziň+ nesilleri, Zeranyň+ nesilleri.
21 Pereziň ogullaryndan: Hesronyň+ nesilleri, Hamulyň+ nesilleri.
22 Olar ýahuda taýpasynyň tireleridi. Olardan 76 500 adam hasaba alyndy+.
23 Ysaharyň ogullaryndan+ dörän tireler: Tolanyň nesilleri+, Puwanyň nesilleri,
24 Ýaşubyň nesilleri, Şimronyň nesilleri.
25 Olar ysahar taýpasynyň tireleridi. Olardan 64 300 adam hasaba alyndy+.
26 Zebulunyň ogullaryndan+ dörän tireler: Seratyň nesilleri, Elonyň nesilleri, Ýahlyýeliň nesilleri.
27 Olar zebulun taýpasynyň tireleridi. Olardan 60 500 adam hasaba alyndy+.
28 Ýusubyň ogullaryndan+ dörän tireler: Manaşa bilen Efraýym+;
29 Manaşanyň+ ogullaryndan: Mahyryň+ nesilleri, Gileadyň+ nesilleri; Mahyr Gileadyň kakasydy.
30 Gileadyň ogullaryndan: Iýezeriň nesilleri, Helegiň nesilleri,
31 Asryýeliň nesilleri, Şekemiň nesilleri,
32 Şemidanyň nesilleri, Heperiň nesilleri.
33 Heper ogly Selophatyň ogly ýokdy, diňe gyzy bardy+. Gyzlarynyň ady Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady+.
34 Olar manaşa taýpasynyň tireleridi. Olardan 52 700 adam hasaba alyndy+.
35 Efraýymyň+ ogullaryndan dörän tireler: Şutelahyň+ nesilleri, Bekiriň nesilleri, Tahanyň nesilleri.
36 Şutelahyň ogullaryndan: Eranyň nesilleri.
37 Olar efraýym taýpasynyň tireleridi. Olardan 32 500 adam hasaba alyndy+. Olaryň hemmesi Ýusubyň ogullaryndan dörän tirelerdi.
38 Benýaminiň ogullaryndan+ dörän tireler: Beliniň+ nesilleri, Aşbeliň nesilleri, Ahyramyň nesilleri,
39 Şepuhamyň nesilleri şupimler, Hupamyň nesilleri.
40 Art bilen Nagyman+ Beliniň ogullarydy; Artyň nesilleri, Nagymanyň nesilleri.
41 Olar benýamin taýpasynyň tireleridi. Olardan 45 600 adam hasaba alyndy+.
42 Danyň+ ogullaryndan dörän tireler: Şuhamyň nesilleri. Olar dan taýpasynyň tireleridi.
43 Şuhamyň nesillerinden 64 400 adam hasaba alyndy+.
44 Aşeriň ogullaryndan+ dörän tireler: Imnanyň nesilleri, Ýişwiniň nesilleri, Beriýanyň nesilleri.
45 Beriýanyň ogullaryndan: Heberiň nesilleri, Mälikyllanyň nesilleri.
46 Aşeriň Sera diýen gyzy bardy.
47 Olar aşer taýpasynyň tireleridi. Olardan 53 400 adam hasaba alyndy+.
48 Naftalynyň ogullaryndan+ dörän tireler: Ýahzeýeliň nesilleri, Gunanyň nesilleri,
49 Ýezeriň nesilleri, Selimiň nesilleri.
50 Olar naftaly taýpasynyň tireleridi. Olardan 45 400 adam hasaba alyndy+.
51 Ysraýyllardan jemi 601 730 adam hasaba alyndy+.
52 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:
53 «Her taýpa adam sanyna görä mülk berilsin+.
54 Uly tirelere köpräk, kiçi tirelere azrak ber+. Her tirede näçe adam hasaba alnan bolsa, şoňa görä-de mülk paýlaň.
55 Ýer paýlanyňyzda, bije atyň+. Her kime öz taýpasynyň mülkünden ýer beriň.
56 Ýeri bije atyp paýlaň we tiräniň uly-kiçiligine görä bölüň».
57 Lewi taýpasyndan+ hasaba alnanlar şulardyr: Gerşonyň nesilleri, Kohatyň+ nesilleri, Meraryň nesilleri.
58 Lewi tirelerinden: libniler+, hebronlar+, mahlylar+, muşeler+, karunlar+.
Kohatyň Imram+ atly ogly bardy.
59 Imramyň aýalynyň ady Ýokebetdi+. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet Imrama Haruny, Musany we Merýemi+ dogrup berdi.
60 Harunyň Nadap, Abyhuw, Algazar we Ytamar diýen ogullary boldy+.
61 Emma Nadap bilen Abyhuw Ýehowanyň öňünde kanuna garşy gelýän ot ýakandygy üçin heläk bolupdy+.
62 Lewileriň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli erkekleri hasaba alyndy+. Olar jemi 23 000 adamdy. Lewiler beýleki ysraýyllar bilen hasaba alynmady+, sebäbi olara ysraýyllaryň arasyndan mülk berilmedi+.
63 Olar Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde hasaba alyndy. Olary Musa bilen Algazar ruhany hasaba aldy.
64 Emma Musa bilen Harun ruhanynyň Sinaý çölünde hasaba alan ysraýyllaryndan biri-de diri galmandy+.
65 Ýehowa: «Olaryň bary çölde heläk bolar»+ diýipdi. Şol sebäpli olardan diňe Ýepunnanyň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýuşa diri galypdy+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: duýduryş.