Dördünji Musa 21:1—35

  • Arat hany ýeňilýär (1—3)

  • Mis ýylan (4—9)

  • Ysraýyllar Mowapdan aýlanyp geçýär (10—20)

  • Amor hany Sihon ýeňilýär (21—30)

  • Amor hany Og ýeňilýär (31—35)

21  Kenganlardan Negepde ýaşaýan Arat hany+ ysraýyllaryň Atarym ýolundan geçip barýandyklaryny eşitdi. Ol ysraýyllara hüjüm edip, birnäçesini ýesir aldy.  Şonda ysraýyllar Ýehowa: «Şu halky elimize berseň, şäherlerini ýer bilen ýegsan ederis» diýip söz berdiler.  Ýehowa halkyň dilegini eşidip, kenganlary olaryň eline berdi. Şeýlelikde, ysraýyllar kenganlary we olaryň şäherlerini derbi-dagyn etdiler. Şol ýere Horma*+ diýip at goýdular.  Ysraýyllar Hor dagyndan+ ýola düşdüler. Olar Edom ýurdundan+ aýlanyp geçjek bolup, Gyzyl deňziň ýoly bilen gaýtdylar. Adamlar halys ýadapdy.  Olar Hudaýa we Musa hüňürdäp+: «Bizi Müsürden näme üçin çykardyňyz? Çölde barymyzy gyrjak bolýaňyzmy? Bärde ne çörek bar, ne-de suw+. Ýüregedüşgünç mannadan hem bizar bolduk!»+ diýdiler.  Şonda Ýehowa halkyň arasyna zäherli ýylanlary iberdi. Ýylanlar adamlary çakyp, köpüsini öldürdi+.  Adamlar Musanyň ýanyna gelip: «Biz Ýehowa-da, saňa-da hüňürdäp, günä etdik+. Biz üçin Ýehowa dileg edäý. Goý, ol ýylanlary aýyrsyn» diýdiler. Musa halk üçin Hudaýa ýalbardy+.  Ýehowa Musa: «Zäherli ýylanyň şekilini ýasa-da, taýaga berkit. Ýylan çakan adamlar şoňa seretse, diri galar» diýdi.  Musa haýal etmän misden bir ýylanyň şekilini ýasady-da+, taýaga berkitdi+. Ýylan çakan adam misden ýasalan ýylana seretse, diri galýardy+. 10  Biraz wagtdan ysraýyllar Obota+ gitdiler. 11  Soňra Obotdan gaýdyp, gündogardaky Iwaýabarymda+, Mowabyň garşysyndaky çölde düşlediler. 12  Olar ýene-de ýoluny dowam edip, Zeret jülgesinde+ düşlediler. 13  Ol ýerden hem gaýdyp, amorlaryň serhedinden başlanýan çölde, ýagny Arnonda+ düşlediler. Arnon Mowabyň serhedinde, mowaplar bilen amorlaryň araçäginde ýerleşýärdi. 14  Şol sebäpli «Ýehowanyň söweşleri» atly kitapda şeýle diýilýär: «Sufadaky Wahep we Arnon jülgeleri. 15  Jülgeleriň başy Ar şäherine çenli uzalyp, Mowabyň serhedine baryp ýetýär». 16  Soňra ysraýyllar Beýere gitdiler. Şol ýerdäki guýynyň başynda Ýehowa Musa: «Halky ýygna, suw bereýin» diýdi. 17  Şonda ysraýyllar şeýle aýdym aýtdylar: «Eý guýy, suwlaryň dolup daşsyn! Ulus-il aýdyma goşulsyn! 18  Han-begleriň eli bilen,Hökümdarlyk hasasy bilen gazylan guýy!» Soňra halk çölden Matana ýola düşdi. 19  Matandan Nahalaýyla, Nahalaýyldan Bamota+ gitdiler. 20  Bamotdan Mowapdaky jülgä+, ýagny Pisga baýyrlygyna+ gitdiler. Şol ýerden Ýeşimon* görünýärdi+. 21  Ysraýyllar amor halkynyň hany Sihona habar ýollap+: 22  «Ýurduňdan geçmäge rugsat ber. Ekinleriňe, üzümleriňe degmeris, guýularyňdan suw hem içmeris. Ýurtdan çykýançak, göni Şa ýolundan ýöräris»+ diýdiler. 23  Emma Sihon ysraýyllara ýurdunyň içinden geçmäge rugsat bermedi. Gaýtam goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin çöle çykdy. Ol Ýahaza baryp, ysraýyllara hüjüm etdi+. 24  Ysraýyllar bolsa Sihony gylyçdan geçirip+, ýurduny+ Arnondan+ tä ammonlaryň golaýyndaky Ýaboga+ çenli basyp aldylar. Ýöne Ýazerden+ aňryk geçmediler, sebäbi Ýazer ammonlaryň serhedinde+ ýerleşýärdi. 25  Ysraýyllar amorlaryň+ ähli şäherlerini, hatda Heşbony we daş-töweregindäki galalary-da basyp alyp, şol ýerde ýaşap başladylar. 26  Heşbon amorlaryň hany Sihonyň şäheridi. Sihon Mowap patyşasy bilen söweşip, onuň ýurduny Arnona çenli basyp alypdy. 27  Şol sebäpli il arasynda ýaňsylap şeýle diýýärler: «Heşbona geliň! Sihonyň şäheri gurulsyn, düýbi berk tutulsyn! 28  Heşbondan ot, Sihonyň galasyndan alaw çykdy, Mowabyň Ar şäheri, Arnon depeleriniň begleriÝanyp kül boldy. 29  Waý günüňe, eý Mowap! Heläk bolarsyň, Kemoş+ halky! Ol ogullaryny gaçgak edip,Gyzlaryny amor hany Sihona ýesirlige berýär. 30  Geliň, olary oka tutalyň!Heşbon Dibona+ çenli weýran ediler.Geliň, Nopa çenli ýegsan edeliň!Tutaşan ot Medeba+ ýeter». 31  Şeýlelikde, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ýaşap başladylar. 32  Musa birnäçe adamy Ýazeri+ gözden geçirmäge iberdi. Ysraýyllar Ýazeri we daş-töweregindäki galalary basyp alyp, amorlary kowup çykardylar. 33  Soňra öwrülip, Başan ýolundan gitdiler. Emma Başan hany Og+ goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin Edreýe+ geldi. 34  Şonda Ýehowa Musa: «Gorkma+, Ogy, tutuş goşunyny we ýurduny eliňe bererin+. Ogy hem Heşbonda ýaşan amor hany Sihonyň gününe salarsyň»+ diýdi. 35  Ysraýyllar Başan hany Ogy, ogullaryny we goşunyny derbi-dagyn edip, ýekejesini hem diri galdyrmadylar+. Şeýdip, Başan hanynyň ýurduny eýelediler+.

Çykgytlar

Manysy: Derbi-dagyn.
Başga manysy: çöl.